Otludaky waka
Bir ulyrak ýaşan adam öz 25-ýaşly ogly bilen otla münüp, öz orunlaryna geçip oturýarlar. Ýigit penjiräniň öňünde oturyp daş-töweregi synlap barýardy. Otly gymyldap ýöräp ugranda ol elini aýnadan daşyna çykaryp howanyň elini sypalap barşyny synlaýardy. Birdenem:
- Kaka, seret, ähli baglar bizden yza gidýärä, görýäňmi? – diýip begençli seslenipdir.
Ol adam jogabyň ýerine ýylgyryp oňýar. Bularyň ýanynda bir är-aýal hem oturan ekeni. Olar 25-ýaşly oglanyň özüni çaga ýaly alyp barýandygyna bir hili bolupdyrlar. Birden ýaňky ýigit ýene gygyrypdyr:
- Kaka, görýäňmi, ana ol ýerde köl, haýwanlar bar... Asmandaky bulutlaram biz bilen ýöräp barýara.
Oturan är-aýal bu oglanyň hereketlerini örän geň görüpdirler, kakasyna seretseler welin onuň ýüzünde hiç hili geň galma alamatlaryny görmändirler. Birden ýagyş ýagyp ugrapdyr. Onuň damjalary oglanyň ellerini ýuwýardy. Ýigit ýene-de bu “gudrata” begenip kakasyna şeýle diýýär:
- Kaka, seret ýagyş ýagýar, meniň ellerimi ýuwýar. Görýäňmi, kaka?
Bir zada bir kömek etmek niýeti bilen zordan çydap oturan är-aýal ahyry oglanyň kakasyna ýüzlenýärler:
- Näme üçin ogluňyzy görkezmek üçin hassahana äkideňzok?
Oglanyň kakasy ulydan demini alyp:
- Biz edil ýaňja hassahanadan geldik. Şu gün meniň oglum ikinji sapar dünýä indi. Çünki onuň gözleri ýaňyja bütin dünýäni görüp başlady – diýýär.
Çeşmesi VK.com