Gülhan
01.03.2022 00:55
ÇIGILDEM

“Alyň,
alyň, bar ine,
Dagda biten çigildem!”
Bulduraşyp dur
tämiz
Çyglar içinde gülleň.

Gelýär gülleň közüne
Bakdygyňça bakasyň.
Ýöne utanýaň olaň
Soramaga bahasyn.

Dur satyjy gülleri
Her geçene hödürläp.
Çykarýan ýok bazardan
Entek ony südürläp.

Dur bazaryň burçunda
Ýadyrgaşyp, ter güller.
Gözýaşlaryn seçeläp,
Aglaşyp dur görgüller.

Garry aýal diňlemän,
Gamgyn gülleň ahyny,
Diýýär: “Geliň,
alyň-a,
Alyň,
arzan ahyry”.

Atajan ANNABERDIÝEW.
14
28
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
1 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Älem
1 Mart 2022
❤👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.