Gülhan
30.03.2022 13:31
🍁..
3
46
Gülhan
30.03.2022 00:17
Kämahal durmuş, henizem samsykdygyňyzy ýa-da däldigňizi bilmeklik üçin sizi şol bir ýagdaýa täzeden salyp görýär...🖤
15
107
Gülhan
30.03.2022 00:13
Kämahal durmuş henizem samsykdygyňyzy ýa-da däldigňizi bilmeklik üçin, sizi şol bir ýagdaýa täzeden salyp görýär...
12
143
Gülhan
29.03.2022 22:23
Görýän welin, adamzadyň içinde,
Ar-namysyn pula satanlaram bar.
Ak-süýt berip bakan ýeke käbesin,
Adam görmän köçä atanlaram bar..

Ejiziň elinden gaňyryp alyp,
Haramdan köpelip, haramdan ölüp,
Ýene özün ilden artyk deý bilip,
Nebsinden ençe öň ötenlerem bar..

Ýüzleri mylaýym, sözünde wepa,
Maşgalam bar diýip çekýäkä jepa,
Ýoldaşy yzynda bulaşyp hapa,
Özgäň gujagynda ýatanlaram bar..

Dokuz ay göterip ene göwresinde,
Taslap barýar iliň derwezesinde,
Onda biri bütin ömür özeneninde,
Dyrnaga zar bolup ýetenlerem bar..

Göz-gaşyn oýnadyp, kesip saçyny,
Onuň hasabyna iýip-içeni,
Ýalan ýaşryk bilen ýoldan geçeni,
Batan palçygyna itenlerem bar..

Nesibäm az diýip Özge illere,
Gidip, gybat bolup süňksiz dillere,
Sowrugan çäge deý Tozan ýellere,
Habarsyz dereksiz ýitenlerem bar....

Üns berip görsene eý ynsanýet,
Gurup barýaň öz-özüňe ahyrýet,
Wagtyň barka günälerňe toba et,
Çünki o dünýäniň sütemleräm bar!..

Nurana Arslanowa
11
91
Gülhan
29.03.2022 07:42
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan käte başardygymdan,
Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini
Ölemden soň maňa derek gepläre.
8
26
Gülhan
28.03.2022 21:48
♡...
7
44
Gülhan
Gülhan
28.03.2022 21:45
GAÇYP GİDEN GYZA! Ýylgyrdyň öz böwrüň özüň gyjyklap Gyssandyň gunçalan göwnüň açmaga. Sebäp ýokdy bukjalaryň gujaklap, Önüp-ösen ojagyňdan gaçmaga. Gaçdyň gitdiň sorup ýuwdunaryňdan, Az ýaly öýňüziň
Gülhan
28.03.2022 19:21
Kemçilikleri bilen kemsizi gözlärler..

#.Durmuş hakykady.
18
135
Gülhan
28.03.2022 17:22
....dowamy

Soňra YLYM we OKAMAK HÖWESİ berdi. Bu bilen akmaklykdan uzak durardy. Sebäp bilýärdi Ylym- bilim ynsany has düşünjeli edýändigni... Olar Ynsany hakykata ýakynlaşdyrar, peýdasyz zatlardan, ruhuna garaňkylyk etjek ähli zatlardan uzaklaşdyrar.
Soňra beýleki ynsanlaň duýgularna DÜŞÜNÜP BİLMEK duýgusyny berdi. Şeýlelik bilen beýleki ynsanlaryň asla göwnüne değip bilmezdi. Sebäbi olaryň duýgularna düşünip bilmek başarnygna eýedi..
Soňra ARZUW-HYÝALLARY berdi, bu bilen geljege has ynamly serederdi. Ýaşaýşyň manysyna has gowy düşünerdi. Ve durmuşa tutunmak üçn sebäpleri boljakdy.
Soňra GÜÝÇ berdi. Bu bilen arzuwlary üçn göreşip bilerdi....

İndi tamamladygyny pikir etdi we ýazan durmuşyna seretdi.. Derler içinde galypdy sebäbi bir zatlary ýalňyş etmekden we oňa Amanat edilen durmuşy zyýan etmekden gorkupdy. Ýöne gutarandan soň, oň gözüne hemme zat gowy göründi. Edil durmuşyny bagt bilen dolduran ýalydy. Çünki ýazan ähli zady diňe bagta iterýärdi. Soň ýazan zatlarna has içgin seretdide, uludan demini dürsedi we şeý diýdi. -MEN BAŞARDYM!. Howwa gaty kyn boldy. Ýöne BAŞARDYM!.
İndi ullakan bir durmuş meniň ýazan ýazgydym bilen zyýan bolmazdyr. O durmuş möhüm- diýdi...

Bilýämiň o durmuş kimiňkidi? O amanat berlen kişi kimdi? Bilýäňmi? O durmuş ÖZ durmuşyň, we o durmuşy amanat üçn alan ynsanam SENSİŇ. O durmuşy saňa amanat etdiler. Ullakan durmuşyň zyýan bolmaklygyda, gadyr-gymmatly bolmagyda SAŇA BAGLY! Sen özüňi bu duýgulaň barsy bilenem iýmitlendirip bilersiň. Özüňi SEN döredersiň. İsle özüňe GOWY duygular ber islede ERVET. Ýöne UNUTMA! Sen öz beren duýgulaň bilen öz durmuşyňy, ýazgydyňy belleýärsiň.
Al! İndi gezek sende. Özüňi saňa Amanat etdiler. Öz ullakan durmuşyňy öz elleriňe berdiler. İndi al! We öz ýazgydyňy ýazmana başla! Ýazgydyň saňa bagly!...
11
79
Gülhan
28.03.2022 17:22
Oýlanma

Oňa diýdiler - "ine al bu seňki!. Onuň durmuşyny seniň elleriňe berýäris. Sen oňa islän durmuşyňy ýaşadyp bilersiň. Ýazgydy saňa bagly. İndi al we onuň ýazgydyny ýazmana başla!"
Aa... ol agzy açyk halda haýran galdy durdy. İlkibaşda näme etjegini bilenokdy. Çünki ullakan bir durmuşy oň eline beripdiler. Uzyyn wagtlap oň elne berilen durmuşa(amanada) seredip durdy. Näme etsem? Nirden başlasam? - diýip pikirlenýärdi... Gorkýardyda... Amanady yzyna bermek isledi. Ullakan bir durmuşy boýnuna alyp, bu ýüküň aşagynda galmakdan gorkýardy çünki. Ýöne yzyna bermejeginide gaty gowy bilýärdi...

..... Biraz wagt geçdi. Bütin gorkularny ýeňip, herekede geçmek isledi. Sebäp bir zady anyk bilýärdi, BAŞLAMAK GEREK!

İlki bilenä amanada ALLA SÖÝGÜSİNİ bermek isledi. Çünki bu bar zatdan möhümdi. Yzy bolsa bu bilen aňsatdy.
Soňra ynsanlara bolan söýgini berdi. Bu bilen durmuşy gözelleşjekdi.
Soňra REHİMLİLİK duýgysyny berdi. Şeýlelikde rehimsiz bolup bilmezdi.
Soňra SABR berdi. We bu - has möhümi diýdi ! Emma bir zady aýry bellemek zerurdy. SABR bilen ÇYDAMAK ikisi meňzeş zat däldiler. Çünki ynsan söýen zatlary üçn, Umyt besleýäni üçn, hemme zadyň gowy boljagyna ynanýany üçn Sabr eder. Ýöne çydam etmek bu başga... Ynsan söýmedik zatlarna çydar. Gowy bolmajakdygny pikir eder we gutulmak üçin çydaýar. İne şuň üçinem aradaky tapawudy tapawutlandyrmak isledi. We elne berlen amanada Çydamlylyk duýgusyny bermek islemedi....
Soňra oňa ŞÜKRİ berdi. Bu bilen asla erwet zatlaryň bolýanyny eşdip bilmezdi. Sebäbi ýagdaý nähili erbet bolsada bolsun, durmuşyndan elbetde bir gözellik tapyp, şonuň üçn şükür ederdi. Soňra GOWLYK, gowy düşünjeler berdi. Şeýlelik bilen bütin ervetliklerden uzak durardy...
9
33