Gülhan
29.03.2022 22:23
Görýän welin, adamzadyň içinde,
Ar-namysyn pula satanlaram bar.
Ak-süýt berip bakan ýeke käbesin,
Adam görmän köçä atanlaram bar..

Ejiziň elinden gaňyryp alyp,
Haramdan köpelip, haramdan ölüp,
Ýene özün ilden artyk deý bilip,
Nebsinden ençe öň ötenlerem bar..

Ýüzleri mylaýym, sözünde wepa,
Maşgalam bar diýip çekýäkä jepa,
Ýoldaşy yzynda bulaşyp hapa,
Özgäň gujagynda ýatanlaram bar..

Dokuz ay göterip ene göwresinde,
Taslap barýar iliň derwezesinde,
Onda biri bütin ömür özeneninde,
Dyrnaga zar bolup ýetenlerem bar..

Göz-gaşyn oýnadyp, kesip saçyny,
Onuň hasabyna iýip-içeni,
Ýalan ýaşryk bilen ýoldan geçeni,
Batan palçygyna itenlerem bar..

Nesibäm az diýip Özge illere,
Gidip, gybat bolup süňksiz dillere,
Sowrugan çäge deý Tozan ýellere,
Habarsyz dereksiz ýitenlerem bar....

Üns berip görsene eý ynsanýet,
Gurup barýaň öz-özüňe ahyrýet,
Wagtyň barka günälerňe toba et,
Çünki o dünýäniň sütemleräm bar!..

Nurana Arslanowa
11
91
Gülhan
29 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, duydyňmy çözüwi? kalbyňy rahatlat😔
zolushka
29 Mart 2022
Гульхан,Namazda sejdä gidende
Gülhan
29 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, adamyn burny haçan yere degyä?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.