Gülhan
28.03.2022 21:45
GAÇYP GİDEN GYZA!

Ýylgyrdyň öz böwrüň özüň gyjyklap
Gyssandyň gunçalan göwnüň açmaga.
Sebäp ýokdy bukjalaryň gujaklap,
Önüp-ösen ojagyňdan gaçmaga.

Gaçdyň gitdiň sorup ýuwdunaryňdan,
Az ýaly öýňüziň tämiz howasy.
Çagalykda diňlän hüwdüleriňden
Ýakymlydyr öýtdüň yşkyň owazy.

Aýdym-saza hem zenzelä çolaşyp,
Ýetdiň edýäň arzuwyňa - geregňe.
Şatlan, aldyň bu şatlygy çalşyp
Ataň-eneň söýgüsiniň deregne.

Diýýäň bu gün «Razy bol» bir diýsemdim,
Ýalaňaç ökünçler örtänok seni.
Gözüň ýaşlap ataň öýün küýsediň,
A olar öýüne eltenok seni.

Örtenerler aglasaň sen, solsaň sen,
Gulagňa däl, ýeter a:gryň ýüregňe.
Bagtly dälsiň bagty alan bolsaň sen
Ataň-eneň söýgüsiniň deregne.

Atajan Annaberdiýew
10
49
Gussam
28 Mart 2022
Pederleňden alyp gerim,
Asmana ýetende seriň,
Ak süýt beren öwlüýädir,
Şoňa daş zynmasaň bolýar.
Lälijek
28 Mart 2022
🖒🖒🖒🖒👏👏👏

Kimi nahili derejede soyseñizem ene-ata çalyşmañ. Sõýgi gutaryp biler. Emma ene atanyñ sõýgùsi hic hacan gutarmaz.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.