Şatlygy, gamy bilen aýlanyp dur goja şar, Onuň özüne ýetik aladasy-derdi bar... Bir maksadym ýeňletmek agyr derdini onuň, Güýç bersin şu işimde gara gözleriň seniň...🖤
Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär… Sen ýok — günler goňras reňke boýandy. Jübütlere hemdem bolan Aý solup, Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy. Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok, Sen ýok —
Iller ýaly göwün ýüwürtdim menem, Arzuw etdim, islemedim artyk zat. Hemdemim — gijigen söýgi boldy-da, Ýaşaberdim umytlarmy goltuklap. Gyşlarda gar bolup ýagasym geldi, (Kemje-kerdem däl islenmek hiç
Meni bar filmler görüp gutardy, Aýdymlarym diňläp ýadady meni. Kitaplarmy görseň agyň tutardy, Mahluk çykdy olaň adam diýeni... Meni saga-sola zabun seçeläp, Hä diýmänkäm sowup dyndy gapjygym. Şol
Aýlar, ýyllar şeýdip geçişip barýar. Ynha ýene bir ýyl gerdene mündi. Gutardy ýene bir kalendarymyz – Hiç mahal, hiç mahal dolanmaz indi. Dünýäde şatlyk-da, hasrat-da ýetik. Bir adam dogulýar, bir
«Men, men» diýmek üçin ýekeje gezek Dodagy dodakdan göterip bilsek – Dünýäni «men» bilen doldurmak mümkin. «Men, men» diýmek aňsat. «Sen, sen» diýmek kyn «Sen, sen» diýmek üçin sen oňat gerek. Alym