Gülhan
04.05.2023 00:17
Huzuryňda boýnum buruk, mähriban,
Eziz käbäm, ýeňletsene dertlerim!
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýtdi-le
Durmuş çekerimden agyr dert berip.
Bokurdagym dolup geldim ýanyňa,
Aýyplaşma didelemden ýaş aksa!
Men düşünýän, ýazygym kän sanardan,
Ýöne senem düşün, käbäm,
Ýaşlyk-da..!
Dünýäm apy-tupan bolup elenýär,
Ýol-ýodany saýgaramok, ümür kän.
Çynym, halys bezgek boldum,
Bu ömür şeýdip näçe wagt ýaşaljak ömürkä?
Höweslerim dagap gitdi birmahal,
Birçak tapdan düşdi süýji arzuwlar.
Giç bolsa-da, ahyr menem düşündim,
Bildim, ýok ekeni güýji arzuwlaň.
Bimany günlerden geçip dur göwnüm,
Günälermi ötewersin ýaşlygym!
Eje, ine, şu zatlardan ötri men,
Birwagt gülen gözlerimi ýaşladym.
Ýöne, şükür, umyt gülüm solanok,
Durmuş näçe örtese-de dert berip...
...Ak başyňa gurban, kalbyňa gurban,
Käbäm, biraz saýpallady dertlerim...

Sapa Hommadow
22
218
Melikee
12 May 2023
Gülhan, bolia ;)
Gülhan
12 May 2023
Melikee, belki... Ay howwa geñ gorme beynimi))
Melikee
12 May 2023
Gülhan,myhmn blbam glenkmy? didň...geçen ýyl ,,Gzagstna gitmegm ahml belli däl.....,, dpdi wn
gden bolýmsa.Bilmedimdä....nähiläýo sen,beýniňi obnowit etmeli bolupdyra ;))
Gülhan
12 May 2023
Melikee, bolya yone soragam yatdan cykdy)) jogap yazsan yada dusher belki
Melikee
11 May 2023
Gülhan,soňky beren soragyňa 2 gezek jog ýazdm..gidenok...online wagtyňa gabat gelsem ýazyp pozjak...
Gülhan
10 May 2023
Melikee, ýook ???
Balkan__gyzy🎀
4 May 2023
okyjy dz,salam🙋‍♀️
Melikee
4 May 2023
Barmadymy hatym ????
menesa___
4 May 2023
Ýöne senem düşün käbäm ýaşlykda...
okyjy dz
4 May 2023
goşga söz ýok,galamyň ýiti bolsun Sapa şahyr,Gülhanam paýlaşany üçin sagbolsun👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.