Gülhan
25.12.2022 20:45
«Men, men» diýmek üçin ýekeje gezek
Dodagy dodakdan göterip bilsek –
Dünýäni «men» bilen doldurmak mümkin.
«Men, men» diýmek aňsat.
«Sen, sen» diýmek kyn
«Sen, sen» diýmek üçin sen oňat gerek.

Alym bolmak üçin ýekeje gezek
Gowşak bir romanyň üstünden gülsek –
Şonuň hem ýeterlik bolmagy mümkin.
Alym bolmak aňsat. Adam bolmak kyn.
Adam bolmak üçin baş äpet gerek.

Kitap almak üçin ýekeje gezek
Aýda «wegetarian gününe» dözsek –
Eflatun fonduny edinmek mümkin.
Kitap almak aňsat. Okap almak kyn.
Okap almak üçin müň takat gerek.

Erbet bolmak üçin ýekeje gezek
Kişiň aýnasyna oklasak kesek –
Şonuň hem ýeterlik bolmagy mümkin. –
Erbet bolmak aňsat. Oňat bolmak kyn.
Oňat bolmak üçin aň sagat gerek.

Yşka düşmek üçin ýekeje gezek
Hol aýnadan baksa garagözelek –
Meň ýaly kökerlip galmagyň mümkin.
Yşka düşmek aňsat. Aman çykmak kyn.
Aman çykmak üçin müň hupbat gerek.

Kerim Gurbannepesow
15
147
Myhman Myhman
27 Dekabr 2022
.....
Myhman Myhman
26 Dekabr 2022
Nirden alýanyzay aydaýynda men okajak
Gülhan
25 Dekabr 2022
okayjy, mende işleýän saýt sende işlemän biler, vpn ýada brauzer arkaly girp lýuboý saýtdan arkaýn alp bolýa. Mende elektron warianty ýok, bolsa ugradardm. Heniz okamadm. Şeýlebir özüne çekýä şoň üçn kitabn özüni satyn aljak nesip bolsa.
okayjy
25 Dekabr 2022
Gülhan,Haysy saytda bar. Kopisi dine reklama etyade.
Gülhan
25 Dekabr 2022
okayjy, internetden
okayjy
25 Dekabr 2022
Kitaby nirde ýükläp bolýa 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.