Fatima
Fatima
23.05.2020 09:20
....☝
Fatima
Fatima
22.05.2020 15:00
Dogry gerek?
Fatima
Fatima
22.05.2020 12:21
....❤
Fatima
Fatima
22.05.2020 12:18
....☝
Fatima
Fatima
22.05.2020 12:17
.......?
Fatima
Fatima
22.05.2020 11:25
???
Fatima
21.05.2020 20:14
Jemleýji bölüm
Men joramdan garasmandym meni ýaman gorkezmek üçin basga oglany gowy gorya diýip hem aýdypdyr. Ýone men joramdan narazy dal sebabi ol söýeni üçin etdi hemmezady, meni ozüne dusman goydy zyýanyýok indi hemme zada düşündi. Jeren hem düşündirdi özüniň maňa eden ýamanlyklaryny bagyşla sorady Maksat hem maňa söýýänligini subut etdi we ynandyrdy. Menem Maksada söýýändigmi aýdyp Maksadam aglatdym. Şeýlelikde hemme zat gowlyga boldy diýip umyt edýän. Jeren hem öz bagtynada duşdy. Durmuşumdan şu wagta çenli öwrenen zadym Söýgi ýaş saýlanok eken şoňa düşündim. Häli ýene köp zada düşünerin ýol uzak häli.
(Öz durmuşymdan)
10
267
Fatima
21.05.2020 17:45
4-nji bölüm
Soň agama düşündirdim. Sms ýazyşman başladyk sebäbi nomerimi aýryp goýpdy. Şeýdip birdenkä aýrylyşdyk. Soň men begendimem indi ikisi ýaraşar hemme zat gowy bolar diýip. Gynandym hem ony özüňiz hem bilýensiňiz. Aýdyşym ýaly olar ýaraşyp ýene söýüşip başladylar. Men gynalyp kän gezdim kellede diňe şeýle soraglardan dolydy. Näme üçin söýşüp başladyka ýene Jeren bilen ýa men artykmaçlyk etdimikäm öňräk näme üçin söýşüp başlamadyka diýip oýlaýadym. Gijesi bilen aglap gezdim bir sebäp üçin olam Aralaryna düşdüm şol sebäpli aýrylmalaryna getirdim men diýip oýlaýadym. Gaty erbet bolup ýörýedim. Mekdebe baranymda hem Maksat lak atyp gepläp galýady, telefonymy açanymdan soň sms ýazyp jaň etýädi ýöne düşünemok näme üçin beýtýä söýgülisi bolsada?? Men ýene Jerene aýtmak isledim maňa ýazýa, gepleýe diýip ýöne bu gezek aýtmadym. Eger aýtsam ýene urşarlar gowsy aýtmaýyn,ýazmaýyn smsine jogap diýip geziberdim. Joram hem meni günüme goýanokdy ýüzüme basýady sms ýazyşanymy aýdyp ,gepleýedem seretme Maksada ol meňki diňe ony mençe söýüp bilmeýäň diýip. Aýdyň indi men näme etmeli?! Käşgä men agam bilendensoň Maksada sereden bolsam ýa sms ýazyşan bolsam geplände bolardy ýöne etmedik zadymy aýdanyna gynalýadym.Arada epesli wagt geçdi men 10-njy klas boldym. Ol şondada goýanokdy sms ýazyp gepläp üns hem beremokdym. Näme üçin bilýeňizmi Joramyň bagty üçin! Ýöne jorama aýdasym gelýädi söýüşme Maksat bilen maňa sms ýazyp günüme goýonok ýene seni söýýän diýen bolýa diýip. Aýdyp bilmeýen ejiz gelýän sebäbi onuň ýanynda meniň ýüzüm aşakda bolýa Maksat bilen sms ýazyşanym sebäpli. Güýz aýlarydy Maksat maňa sms ýazan wagty men onuň bilen ýazyşdym halys ýadapdym soňuna nokat goýmak üçin. Hemme zady düşündirdi bir çetden...(Maksadyň aýdanlary)Dogry men söýüşdim Jeren bilen başda sebäbi saňa duşamokdym. Soň seni gördüm söýüp galdym dine sen hakda oýlap, saňa gepläp, nomerini tapyp ýazyp basladym. Agaň bilenden soň saňa kän sms ýazdym teliň öçik berdi gynaldym üns bermediň maňa. Şondan soň Jeren bilen söýşüp başlanymyň sebäbi ol maňa sms ýazdy ýaraşaly diýip. Men soň oýladym Sen meni söýmeýäň mejburlap bilmeýän söýmedige süýkenme diýipdirler şonuň üçin söýüşip başladym. Ýöne gözüm ýetdi Jeren bilen bagtly bolup bilmejegime. Sebäbi her kim öz söýeni bilen bagtly bolup bilýä eken suňa welin giç düşündim. Sen meni söýmeseňde ynanmasaňda men söýýän ynanýanam saňa diýdi...(dowamy bar)
10
105
Fatima
21.05.2020 16:25
3-nji bölüm.
Ýazdym son menem gaharym gelip ' Näme isin bar men bilen' diýip ýazysdyk gorup otyrsam meni soýup galpdyr. Indi sona ynanar oytdunizmi!? Ýok ynanmadym ony hem oýundyr gabandyrmak üçin edendir diýip jogabyny göni ýok diýip jogap berdim. Kän ýalbardy durup bilmedim dost bolýan komegim deger manyda aýtdypdym. Aýtýansynyz näme üçin ýazýaka Maksada jorasy bilen söýşüp ýören bolsa diýip. Men hem şoňa düşünip bilemok belki gaty söýenim üçindir gaty ýalňyşdym ökünýän. Soň wagt geçdi sms ýazan wagty ýazyşýadym gaharly dine. Son soňlar ýazyşman başladyk sebäbi Maksat Jeren bilen söýşüp ýördi. Men çydap bilmedim bar zady Jerene aýtdym sebäbi aldasym gelmedi. Ýene oýlamaň görüplikden aýtdy diýip ýok onuň üçin däl Jereniň bagtly bolmagy üçin dogry ýola girmegi üçin aýtdym diňe. Jeren soň aglady, haýran galdy men oňa hiç kim bilmesin diýip haýyşt etdim. Maksadada aýtdym Jerene hemme zady gürrüň berdim diýip. Arkamdan agyr ýük aýrylan ýaly boldum. Jeren ýöne ol aýdan zatlarymy hemme kişä aýdypdyr birje sms meniň adymyň garalamagyna getirdi ýagny Maksat bilen meni gürleşýäler diýip gep edip başladylar. Nähili bolanymy gözöňize getiriň!? Agladym, ökündim ýöne köşeşdim dogry zady aýdanyma. Soň Maksady ýatlamajak smsine jogap ýazmajak boldum. Ýöne Maksat şondada galanokdy. Jeren bilen polny aýrylyşdylar men sebäpli, Maksada sms ýazanym sebäpli. Diňe özümi günäkärleýedim kelläm aýlanypdyr diýip. Soň agamyň gulagna hem ýalan gep degipdir Maksat bilen men gürleşýe diýip (dowamy bar).
9
87
Fatima
21.05.2020 15:33
2-nji bölüm.
Men ýöne bir zada haýran galdym maňa lak atyp joramyň yzynda ýörenine. Köşeşdim näme üçin bilýäňizmi!? Sebäbi men kiçi kelläm aýlanandyr bolup durýan zatdyr nirde bolsada bagytly bolsun diýip ýaşaberdim. Ýöne ony günde ýatlaýadym her sagatda her minutda ýadymdan çykanokdy sebäbi birinji gezek söýüp görüpdim. Maksat synpdaşym bilen söýüşip başlady. Jeren maňa Maksat bilen baglanşykly gürrüňleri guwanyp aýtýady ol diýseň bagtlydy. Menem sessiz diňleýädim hiç zat hem diýip bilemokdym sebäbi joramyň ýanynda şeýle utanýadym söýenime. Soň wagt geçdi bir gezek joram Maksat bilen öýkeleşdi gelip näme bolanyny nädip urşandygyny aýtdy men näme diýeýin Maksada ýaman diýsem göripligim bolar, gowy diýsem tarapyny alanym bolýa. Geplemedim gowy bolar häli diýip goýdym. Soň joram aglap aglap Maksat meniň telefon nomerimi soranyny ony hem berendigini aýtdy. Men gepläp bilmedim şokda galdym. Soň jaň etmänndigini sms ýazmandygyny gaharyna sorandyr diýip köşeşdirdim. Ertesi gün begenip ýanyma gelip ýaraşandygyny gabanmak üçin aýdangyny aýtdy. Men begendim ýaraşanlaryna, gynandym ýöne meni aralaryna salyp oýnandygyna. Her gezek mekdebe baranymda maňa ýene lak atyp başlady menem olary jorama aýdyberdim. Olar ýene uruşýadylar. Aýtýansyňyz näme üçin aýtýaň joraňa geplänini diýip!? Aýmasam bolmaz sebäbi hiçkim hem halamaz söýgülisi başga gyza lak atanyny. Bilsin, geplesin, seretmesin maňa diýen manyda aýtdym.Wagt geçip ahyry tomus dynç alyşyna çykdyk. Men unudaryn Maksady görmesem diýen umyt bilen dynç alyşa çykdym.Gadyr gije ýakynlaşýady menem oňa taýýarlyk görýädim joralarym bilen otyryşmana. Inede gadyr gijesi ýetip geldi joralarym bilen gülüşip otyrkak telefonyma nätanyş bir nomerdan 'Salam gowmy?' diýen sms geldi. Menem kimkä diýip 'Kim sen' diýip ýazdym gysgaça aýdanda köp çekeleşip otyrdyk kimligini biljek bolup görüp otyrsam sol Maksat(dowamy bar)
12
141