4-nji bölüm
Soň agama düşündirdim. Sms ýazyşman başladyk sebäbi nomerimi aýryp goýpdy. Şeýdip birdenkä aýrylyşdyk. Soň men begendimem indi ikisi ýaraşar hemme zat gowy bolar diýip. Gynandym hem ony özüňiz hem bilýensiňiz. Aýdyşym ýaly olar ýaraşyp ýene söýüşip başladylar. Men gynalyp kän gezdim kellede diňe şeýle soraglardan dolydy. Näme üçin söýşüp başladyka ýene Jeren bilen ýa men artykmaçlyk etdimikäm öňräk näme üçin söýşüp başlamadyka diýip oýlaýadym. Gijesi bilen aglap gezdim bir sebäp üçin olam Aralaryna düşdüm şol sebäpli aýrylmalaryna getirdim men diýip oýlaýadym. Gaty erbet bolup ýörýedim. Mekdebe baranymda hem Maksat lak atyp gepläp galýady, telefonymy açanymdan soň sms ýazyp jaň etýädi ýöne düşünemok näme üçin beýtýä söýgülisi bolsada?? Men ýene Jerene aýtmak isledim maňa ýazýa, gepleýe diýip ýöne bu gezek aýtmadym. Eger aýtsam ýene urşarlar gowsy aýtmaýyn,ýazmaýyn smsine jogap diýip geziberdim. Joram hem meni günüme goýanokdy ýüzüme basýady sms ýazyşanymy aýdyp ,gepleýedem seretme Maksada ol meňki diňe ony mençe söýüp bilmeýäň diýip. Aýdyň indi men näme etmeli?! Käşgä men agam bilendensoň Maksada sereden bolsam ýa sms ýazyşan bolsam geplände bolardy ýöne etmedik zadymy aýdanyna gynalýadym.Arada epesli wagt geçdi men 10-njy klas boldym. Ol şondada goýanokdy sms ýazyp gepläp üns hem beremokdym. Näme üçin bilýeňizmi Joramyň bagty üçin! Ýöne jorama aýdasym gelýädi söýüşme Maksat bilen maňa sms ýazyp günüme goýonok ýene seni söýýän diýen bolýa diýip. Aýdyp bilmeýen ejiz gelýän sebäbi onuň ýanynda meniň ýüzüm aşakda bolýa Maksat bilen sms ýazyşanym sebäpli. Güýz aýlarydy Maksat maňa sms ýazan wagty men onuň bilen ýazyşdym halys ýadapdym soňuna nokat goýmak üçin. Hemme zady düşündirdi bir çetden...(Maksadyň aýdanlary)Dogry men söýüşdim Jeren bilen başda sebäbi saňa duşamokdym. Soň seni gördüm söýüp galdym dine sen hakda oýlap, saňa gepläp, nomerini tapyp ýazyp basladym. Agaň bilenden soň saňa kän sms ýazdym teliň öçik berdi gynaldym üns bermediň maňa. Şondan soň Jeren bilen söýşüp başlanymyň sebäbi ol maňa sms ýazdy ýaraşaly diýip. Men soň oýladym Sen meni söýmeýäň mejburlap bilmeýän söýmedige süýkenme diýipdirler şonuň üçin söýüşip başladym. Ýöne gözüm ýetdi Jeren bilen bagtly bolup bilmejegime. Sebäbi her kim öz söýeni bilen bagtly bolup bilýä eken suňa welin giç düşündim. Sen meni söýmeseňde ynanmasaňda men söýýän ynanýanam saňa diýdi...(dowamy bar)