2-nji bölüm.
Men ýöne bir zada haýran galdym maňa lak atyp joramyň yzynda ýörenine. Köşeşdim näme üçin bilýäňizmi!? Sebäbi men kiçi kelläm aýlanandyr bolup durýan zatdyr nirde bolsada bagytly bolsun diýip ýaşaberdim. Ýöne ony günde ýatlaýadym her sagatda her minutda ýadymdan çykanokdy sebäbi birinji gezek söýüp görüpdim. Maksat synpdaşym bilen söýüşip başlady. Jeren maňa Maksat bilen baglanşykly gürrüňleri guwanyp aýtýady ol diýseň bagtlydy. Menem sessiz diňleýädim hiç zat hem diýip bilemokdym sebäbi joramyň ýanynda şeýle utanýadym söýenime. Soň wagt geçdi bir gezek joram Maksat bilen öýkeleşdi gelip näme bolanyny nädip urşandygyny aýtdy men näme diýeýin Maksada ýaman diýsem göripligim bolar, gowy diýsem tarapyny alanym bolýa. Geplemedim gowy bolar häli diýip goýdym. Soň joram aglap aglap Maksat meniň telefon nomerimi soranyny ony hem berendigini aýtdy. Men gepläp bilmedim şokda galdym. Soň jaň etmänndigini sms ýazmandygyny gaharyna sorandyr diýip köşeşdirdim. Ertesi gün begenip ýanyma gelip ýaraşandygyny gabanmak üçin aýdangyny aýtdy. Men begendim ýaraşanlaryna, gynandym ýöne meni aralaryna salyp oýnandygyna. Her gezek mekdebe baranymda maňa ýene lak atyp başlady menem olary jorama aýdyberdim. Olar ýene uruşýadylar. Aýtýansyňyz näme üçin aýtýaň joraňa geplänini diýip!? Aýmasam bolmaz sebäbi hiçkim hem halamaz söýgülisi başga gyza lak atanyny. Bilsin, geplesin, seretmesin maňa diýen manyda aýtdym.Wagt geçip ahyry tomus dynç alyşyna çykdyk. Men unudaryn Maksady görmesem diýen umyt bilen dynç alyşa çykdym.Gadyr gije ýakynlaşýady menem oňa taýýarlyk görýädim joralarym bilen otyryşmana. Inede gadyr gijesi ýetip geldi joralarym bilen gülüşip otyrkak telefonyma nätanyş bir nomerdan 'Salam gowmy?' diýen sms geldi. Menem kimkä diýip 'Kim sen' diýip ýazdym gysgaça aýdanda köp çekeleşip otyrdyk kimligini biljek bolup görüp otyrsam sol Maksat(dowamy bar)