Dusia
Dusia
12.06.2022 11:30
Dusia
Dusia
11.06.2022 17:48
Garaşmak gowy, ýöne, dogry duralgada...
Dusia
09.06.2022 21:17

Abdyllanyň içi-içine syganokdy. Mekdep awtobusyndan uçup diýen ýaly düşdi. Elindäki kagyzy silkip, penjirede garaşýan ejesine bar güýji bilen gygyrdy:

- Ýene-de men birinji, eje, ähli soraglary dogry jogapladym...

Bir demde basgançaklara çykdy. Ejesi gapyda durdy. Ylgap baryp boýnuna asylyşdy.

-Eje, netijeler sahypasyna seret, men mekdepde birinji.

- Gutlaýan ezizim!... Munuň Allanyň kömegi bilen bolandygyny ýatdan çykarma! Soň Abdylla multfilm tomaşa etmek üçin otyrdy.

 Ejesi:

"Abdullah, Hamza seni top oýnamaga çagyrýar" -diýdi.

-Okeý eje, men topum bilen gelýän häzir! Elindäki topy bilen gapynyň agzyna barýarka,

-Eje, bilýäňmi, Hamza ekzamende erbet bal gazandy, matematika soraglaryndan diňe bäşisini jogaplady diýip gülki bilen aýtdy. Gapydan girip, Hamzanyň özüne garaşýandygyny gördi. Ýüzi gyzardy, aýdanlaryny eşiden bolmaly. Hiç zat bolmadyk ýaly, “Ylga!”diýdi Hamza...Abdylla basgançakdan aşak düşüp başlady.Onuň güni gowy başlapdy, ýöne indi gowy däl. "Indi oýnamak islämok" -diýip, oýnuň ortasynda Hamza gaýtdy.

Tekepbirlik görünmez kesekdir, büdräýmäň!

 Dosty bolmasa, oýundan lezzet alyp bolmazdy. Umytsyzlyga uçrap, Abdyllada öýüne gaýdyp geldi. Ejesi oglunyň ir gaýdyp gelendigine geň galdy.

-Hamza gitdi diýip gynanç bilen aýtdy.

Ejesi: "Hamzany gowy görýäňmi?" "Hawa" diýip, Abdylla tüýs ýürekden aýtdy.

-Näme üçin gowy görýäň ?

-Sebäbi ol şeýle gowy adam.

-Haýsy taraplary gowy?

-Salyhatly, elinden gelen kömegi edýär, sahy…

-Matematikadan ökde däldigi, onuň gowy bolmagyna päsgel bermeýärmi?

-Ýoo, 

- Hamzanyň hem gowy bilýän bir sapagy barmy?

- Surat çekmek sapagynda ol gaty ökde. Ol gaty gowy surat çekýär.

-Matematika surat çekmekden ýokarydyr öýdýärsiňmi?

-Ýok eje, ýöne ekzamende surat hakda soramaýarlar-da! ..

Ejesi: Bilýäňmi näme oglum, diýdi. Ýaradan her bir adama zehin berendir. Käbirleri matematika, ylym, käbirleri sport bilen meşgullanýar. Käbirleri gaty gowy ýazýarlar, käbirleri gaty gowy çyzýarlar. Adam başarnygy bilen däl-de, gowy ahlagy bilen ýokarydyr. Sen edil ýaňjada öz iň gowy dostuňy kemsideniňi bilýäňmi?! Hamzanyň çeken suratlaryny-da gördüm. Olar hakykatdanam ajaýyp, seniňkiden has owadan. Bilýäňmi, kimdir biri gowy surat çekip bermese multfilm görüp bilmezdiň.

 Abdylla geň galdy.

"Dogry" -diýdi.

- Kitaplar we žurnallar suratsyz bolan bolsa, belki okaýarka ýadardyň, şeýle dälmi? Abdylla halaýan multfilmleri we degişmeleri, okaýan kitaplary hakynda oýlandy.

 - Hawa, - diýip, utanç bilen aýtdy.

-Eje, men Hamzanyň ýanyna baryp bilerinmi?

-Bu hakda indi pikirlendiňmi, sen eýýäm gijä-de galdyň, ylga bar!...

Ynha, Abdylla basgançakdan aşak ylgap düşdi ...

Ýüzüňizi ýigrenýän adamlaryňyzdan, peýda görmeýänleriňizden ýa-da öz derejäňizden pesde bolanlardan sowmaň we tekepbirlik bilen ýer ýüzünde çişip gezmäň. Çünki Allah tekepbir we ulumsy adamy söýmeýär. ” (Lokman süresi, 18-nji aýat)

24
961
Dusia
Dusia
08.06.2022 21:21
Ýene kim şeyle :)
Dusia
08.06.2022 21:16
14
104
Dusia
08.06.2022 20:33
Synag stresleri sebäpli bu aýky dynç alyşymdan lezzet alyp bilemok. Şonuň üçin makala ýazmaga wagtym ýokdy. Her gün çözmeli synaglarym bar we gaýtalamaly temalarym bar. Dynç alyş döwründe dynç günleri hem okuwa haýsydyr bir meseleler bilen gitmeli bolýar. Gaty ýadadym, käwagt bolsa ýüregim gysýar. Birnäçe gün bäri az ýatýaryn, sebäbi her niçigem bolsa egzamenlar golaýlaýar. Kä günler halaýan zatlarymy edesim gelýär we dynç güni diýip yglan edýärin we bu plany bozup ýene okamalydygyma düşünýärin... Ýöne mende kämahal ýüze çykýan umytsyzlyk duýgusyna garşy durmak kyn. “Üstünlik gazanarynmy? Gowy baha almasam, nähili geljegim bolar? Başarmasam näme etmeli? Hiç kimiň göwnüne-de degmek islämok, ýöne gönümellik tebigatymda bar...

Hiç kimiň sözleri meni içimdäki bu duýgudan uzak wagtlap halas edip bilmedi. Mundan başga-da, maşgalam bar bolsa başgaça bolarmyka diýip pikir edibem gördüm, ýöne kursdaşymy ýada saldym, ol hem meniň ýaly , hatda menden hem beter alada edýärdi, ol hem stresden dynyp bilmedi.

Öz agam ýaly görüp ýörenim günleriň birinde kynçylyklara döz gelip, Allaha iman edip kynçylyklarda sabyr edip boljakdygyny aýdypdy. Ýaradanyň bizi synamak üçin eden synaglarynyň manysy çäksiz köpdi. Sebäbi durmuşdaky synaglarymyz bizi güýçli etdi we sabyrly bolmagy bize öwretdi. Hakykatdanam, söýgi doly bu öýümizde ýaşamasam, köp zady özüm öwrenip bilmezdim ýa-da öwrenmäge elim hem degmezdi hatda okuw bilen işim hem bolmazdy... Özümi beýle ýalňyz duýsamda Biribara gaty ýakyn duýdum. Bu söýgi doly öýümizdäki adamlar maňa köp zat öwretdi: düzgün-tertip, borçlylyk, ahlak, päklik, edep, ylym-bilim, sungat we başga-da köp zatlar.

Geçen hepde şol agamdan soradym: " mekdep okuwçysy wagtlarymyz tabşyrýan synaglarymyzyň manysy, ýa-da berýän netijesi barmy, barybir synpdan galmaýarys ahyryn?!" Ol meniň soragyma güldi, her niçigem bolsa gülmegi gowy görýän adam. "Hawa, elbetde Netjesi bar." -diýdi. “Bu synaglar bize sabyr etmegi, göreşmegi, umyt etmegi, wagty tygşytly ulanmagy we işlemegi öwredýär. Asyl şujagaz kiçijik mekdep synaglaryna yhlas bilen ýapyşyp, çynlakaý çemeleşýänleriň gelejegi ulydyr!..."

—Häzir men öz-özüme-de kömek edip bilemok: "Ýöne birden ýeňmesem, şowly bolmasa näme ederin, agam?" diýdim. “ Ekzameniň netijesi däl-de, ekzamen üçin eden tagallalarymyz möhümdir. Şonuň üçin Allah: "Ynsan diňe eden işleri üçin sylaglanýar" diýipdirä, netije nähili bolsa-da, her niçigem bolsa sen eýýäm gazanan adam hökmünde bu erjel häsiýetiň bilen ýeňersiň". Başga bir söz bilen aýdylanda, umydymy ýitirmän işlemek we synanyşmak arkaly gazanaryn.

Muňa düşünmek maňa birneme kynyrak düşýär, sebäbi, aňymda iň gowsy bolmaly diýen düşünje orun tapypdyr eýýäm ...Ýöne men muňa düşünýän, hiç kimiň hem güýç sarp etmezden menzile ýetmejegine...


12
97
Dusia
05.06.2022 21:40

Beýik ökjeli aýakgap biziň ýagny gelin-gyzlarymyzyň iň uly höweslerinden biridir. Bu hyjuw käwagt agyryly bolup, bu agyry käbir kynçylyklara sebäp bolýar. 

Iş ýa-da gündelik durmuşyňyzda beýik ökjeli geýmegi halaýan bolsaňyz, bu makaladan soň beýik ökjeli garaýşyňyz üýtgäp biler, ýa-da üýtgemánem biler, eger-de baş baýlygyňyz saglyk däl-de gözellik bolsa ;)

Sizem ökjeli halaýarmysyňyz :)

 Beýik ökjeli aýakgaplar bedeniňiziň dürli ýerlerinde agyrylara we duruş bozulmalaryna çenli kynçylyk döredip biler. Şol sebäpli hem ony ulanmaly däl ýa-da ulanylyşyny azaltmaly. Hakykatdanam häzirki döwürde aýaklaryň owadan görnüşi we nepisligi üçin aýak saglygyna üns berilenok.

Ine, beýik ökjeli geýmegiň zyýany…

 Deformasiýa: latynça ady, "hallux valgus" uly barmagyň daşyna öwrülip, daraklyk süňküniň içeri öwrülmeginde ýüze çykýan başam barmagyň agyryly şekil bozulmasydyr... 
 “Hallux valgus" keseliniň 90% -i aýallarda bolýar. Birleşdiriji dokumanyň aýallarda has ýumşakdygy we elbetde beýik ökjeli aýakgap geýilmegi aýallarda köp duş gelmeginiň esasy sebäplerinden biridir.
 Beýik ökjeli aýakgap- bedeniň agyrlyk merkeziniň üýtgemegine, bedeniň agramynyň aýagyň öňki bölümine jemlenmegine, aýagyň ýük göterijilik mehanikasynyň üýtgemegine, wagtyň geçmegi bilen aýagyň dabanyndaky tapawudyň azalmagyna, aýagyň dabanynyň tekiz bolmaklygyna , şeýlelik bilen hallux valgus-a sebäp bolýar.

Munuň bilen hem çäklenenok:

Damarlaryň gysylmagyna sebäp bolýar.

•Süňk agyrylary ýüze çykarýar.

•Oňurganyň duruşyny bozýar. İngileri döredip biler. Oňurganyň saglygy tutuş bedeniň deňagramlylygy üçin möhümdir. 

Işde we gündelik durmuşda beýik ökjeli ulanmak, aýak anatomiýasyny bozup, bedende çynlakaý kynçylyklara sebäp bolup biler. Beýik ökjeli köwüşler ýygy-ýygydan geýilse, bedeniň güýç merkezinde öňe süýşmek bolup, oňurganyň deňleşmegini bozýar.

•Aýaklaryňyzdaky süýümleriň ýyrtylmagyny aňsatlaşdyrýar.

•Aýagyňyzdaky gan damarlarynyň petiklenmegine sebäp bolýar. Bu bolsa Warikoza getirýär...


Adatça wena damarlar, aýaklardan (ahyrlardan) ýürege deoksigirlenen (CO²) gan getirýän damarlardyr. Duran wagtyňyz we aýak wenoz damarlary arkaly aýaklardan ýürege, ýagny aşakdan ýokary gan akýar. Ýaş ulaldygyça ýa-da dürli keselleriň täsiri bilen damarlar gowşaýar. Şol täsirleriň kapitany hem beýik ökjeli köwüşlerdir...
Wena damarlary gowşap, dynç alýarka, ýürege gan ibermek meselesi ýaramazlaşyp başlaýar we aýaklarda gan ýygnanmaga başlaýar. Esasy mesele, aýagyň damarlarynda basyşyň ýokarlanmagydyr we wagtyň geçmegi bilen warikoz damarlary, çişme we deriniň üýtgemegi we aýaklarda ýaralar (wena ýaralary) ýüze çykyp başlaýar. Birnäçe ýyllap dowam edýän bu hadysa, dowamly (üznüksiz) wena/damar ýetmezçiligi ýa-da warikoz diýilýär.
Gorkunç ýeri bolsa bejergisi aňsat däl!

Şol sebäpli 4 sm uzynlykdan beýik aýakgaplary saýlamaň diýsem sözümiň ýerde galjagyny bilýän... 

Ýöne, gündelik durmuş, iş aýakgaplaryňyzy oýlanşykly pikiri nazarda tutmagy maslahat berip bilerin :)




16
1 069
Dusia
Dusia
05.06.2022 00:48
Kämahal şeýlebir gepläsim gelýär, Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen, Geçmiş elipbiýin hetjikläp ,A"-dan, ,Ýa" harpyna çenli çözläsim gelýär. Isle zenan adam,
Dusia
04.06.2022 11:56

Bagtly adamlara seretseň, daş-töwereginde položitel energiýa ýaýradýan oňyn keýpdedigini görersiňiz...

 Iň köp wagt geçiren ilkinji 4-5 adamyňyz hakda pikir ediň. Olaryň energiýasy nähili? Bagtly, şadyýan adamlarmy ýa çynlakaý holerikmi ýa-da içgysgynçmy? Bulara jogap tapanyňyzdan soň meselä has gowy düşünersiňiz. Olar şadyýan bagtly bolmasa siz uzak wagt geçirmek islemezdiňiz...

Mysal üçin, "Crazy girl " ejekäm... Töweregindäkilere elmydama položitel emosiýa paýlaýar,

 Nädip ýylgyranyňy bilmän galýan pursatlaryň bolýar käte :)

İkitaraplaýyn göwne degmän jogap bermegiň ugruny taparlar, olar gowy dostdyr, hiçkimiň göwnüni ýykmak islemezler...Hatda gaharlananlarynda-da garşydaşyny ýylgyrdarlar :)


Durmuşda millionlarça adam bar we her haýsynyň kimligi başga. Her kimiň öz kemçilikleri we ýalňyşlyklary bar. Bagtly adamlar muny hemişe bilýärler we ähli plýuslary we minuslary bilen özlerini kabul edýärler. Ýaramaz taraplaryny düzetmäge synanyşýarlar.

Terslik bilen iýmitlenmeýärler, wakalaryň görünmeýän tarapyny görmäge synanyşýarlar. Aýnanyň doly bölegi bilen iş salyşýarlar we boş bölegini bolşy ýaly kabul edýärler. Ellerinden gelip biljek zatlaryny düzedýärler, edip bilmejek zatlaryny kabul edýärler we durmuşlaryny dowam etdirýärler.

Durmuşda has üstünlikli we bagtly bolmak üçin özüňizi kämilleşdirmek möhümdir. Bagtly adamlar hem şahsy ösüşini äsgermezlik etmeýärler we bu ugurda özlerini nädip ösdürip boljakdygyny öwrenýärler. Sebäbi olar muny bilýärler...

 Bagt üstünlik gazanmagyň biletidir.

► Aslynda bagt, bolşuňyz däl-de, bolmak isleýän zadyňyzdyr. Bolýan ýeriňizden has köp bolmak isleýän ýeriňizdir. Durmuşyňyzda bagty özüne çekmek we goldamak size bagly. Bu ýerde ýazylanlar diňe düşünjäňizi artdyrmak üçin gural.Elmydama durmuşda we iň esasysy özüňiz bilen dogruçyl boluň. Sizi biynjalyk edýän, size zyýan berýän geçmişiňiz we has gowy bolmagny isleýän geljegiňiz üçin ökünmek ýa-da aladalanmak zerurlygy ýok. Ähli zat, şu setirleri okaýan pursatyňyzdyr. Ömrüňe ökünip ýaşamak gaty gysga. Her pursat, bar bolan gözellikleriňiz üçin minnetdar boluň we durmuşy özüňiz manyly etmäge synanyşyň...

Bagtly bolmak üçin položitel emosiýaly, şadyyan, adamlara durmuşyňyzda ýer açyň. 

Makaladan uğur alyp, ýakynlaryňyza položitel emosiýa paýlap, olaryň hem şadyýan, göwniaçyk bolmagyna goşant goşup bilersiňiz :) 




19
1 515
Dusia
Dusia
03.06.2022 14:08
Has gowsy diyip, gowsyndanam galýaňyz käte :)