Abdyllanyň içi-içine syganokdy. Mekdep awtobusyndan uçup diýen ýaly düşdi. Elindäki kagyzy silkip, penjirede garaşýan ejesine bar güýji bilen gygyrdy:
- Ýene-de men birinji, eje, ähli soraglary dogry jogapladym...
Bir demde basgançaklara çykdy. Ejesi gapyda durdy. Ylgap baryp boýnuna asylyşdy.
-Eje, netijeler sahypasyna seret, men mekdepde birinji.
- Gutlaýan ezizim!... Munuň Allanyň kömegi bilen bolandygyny ýatdan çykarma! Soň Abdylla multfilm tomaşa etmek üçin otyrdy.
Ejesi:
"Abdullah, Hamza seni top oýnamaga çagyrýar" -diýdi.
-Okeý eje, men topum bilen gelýän häzir! Elindäki topy bilen gapynyň agzyna barýarka,
-Eje, bilýäňmi, Hamza ekzamende erbet bal gazandy, matematika soraglaryndan diňe bäşisini jogaplady diýip gülki bilen aýtdy. Gapydan girip, Hamzanyň özüne garaşýandygyny gördi. Ýüzi gyzardy, aýdanlaryny eşiden bolmaly. Hiç zat bolmadyk ýaly, “Ylga!”diýdi Hamza...Abdylla basgançakdan aşak düşüp başlady.Onuň güni gowy başlapdy, ýöne indi gowy däl. "Indi oýnamak islämok" -diýip, oýnuň ortasynda Hamza gaýtdy.
Dosty bolmasa, oýundan lezzet alyp bolmazdy. Umytsyzlyga uçrap, Abdyllada öýüne gaýdyp geldi. Ejesi oglunyň ir gaýdyp gelendigine geň galdy.
-Hamza gitdi diýip gynanç bilen aýtdy.
Ejesi: "Hamzany gowy görýäňmi?" "Hawa" diýip, Abdylla tüýs ýürekden aýtdy.
-Näme üçin gowy görýäň ?
-Sebäbi ol şeýle gowy adam.
-Haýsy taraplary gowy?
-Salyhatly, elinden gelen kömegi edýär, sahy…
-Matematikadan ökde däldigi, onuň gowy bolmagyna päsgel bermeýärmi?
-Ýoo,
- Hamzanyň hem gowy bilýän bir sapagy barmy?
- Surat çekmek sapagynda ol gaty ökde. Ol gaty gowy surat çekýär.
-Matematika surat çekmekden ýokarydyr öýdýärsiňmi?
-Ýok eje, ýöne ekzamende surat hakda soramaýarlar-da! ..
Ejesi: Bilýäňmi näme oglum, diýdi. Ýaradan her bir adama zehin berendir. Käbirleri matematika, ylym, käbirleri sport bilen meşgullanýar. Käbirleri gaty gowy ýazýarlar, käbirleri gaty gowy çyzýarlar. Adam başarnygy bilen däl-de, gowy ahlagy bilen ýokarydyr. Sen edil ýaňjada öz iň gowy dostuňy kemsideniňi bilýäňmi?! Hamzanyň çeken suratlaryny-da gördüm. Olar hakykatdanam ajaýyp, seniňkiden has owadan. Bilýäňmi, kimdir biri gowy surat çekip bermese multfilm görüp bilmezdiň.
Abdylla geň galdy.
"Dogry" -diýdi.
- Kitaplar we žurnallar suratsyz bolan bolsa, belki okaýarka ýadardyň, şeýle dälmi? Abdylla halaýan multfilmleri we degişmeleri, okaýan kitaplary hakynda oýlandy.
- Hawa, - diýip, utanç bilen aýtdy.
-Eje, men Hamzanyň ýanyna baryp bilerinmi?
-Bu hakda indi pikirlendiňmi, sen eýýäm gijä-de galdyň, ylga bar!...
Ynha, Abdylla basgançakdan aşak ylgap düşdi ...
Ýüzüňizi ýigrenýän adamlaryňyzdan, peýda görmeýänleriňizden ýa-da öz derejäňizden pesde bolanlardan sowmaň we tekepbirlik bilen ýer ýüzünde çişip gezmäň. Çünki Allah tekepbir we ulumsy adamy söýmeýär. ” (Lokman süresi, 18-nji aýat)