Sizem ökjeli halaýarmysyňyz :)
Beýik ökjeli aýakgap biziň ýagny gelin-gyzlarymyzyň iň uly höweslerinden biridir. Bu hyjuw käwagt agyryly bolup, bu agyry käbir kynçylyklara sebäp bolýar.
Iş ýa-da gündelik durmuşyňyzda beýik ökjeli geýmegi halaýan bolsaňyz, bu makaladan soň beýik ökjeli garaýşyňyz üýtgäp biler, ýa-da üýtgemánem biler, eger-de baş baýlygyňyz saglyk däl-de gözellik bolsa ;)
Beýik ökjeli aýakgaplar bedeniňiziň dürli ýerlerinde agyrylara we duruş bozulmalaryna çenli kynçylyk döredip biler. Şol sebäpli hem ony ulanmaly däl ýa-da ulanylyşyny azaltmaly. Hakykatdanam häzirki döwürde aýaklaryň owadan görnüşi we nepisligi üçin aýak saglygyna üns berilenok.
Ine, beýik ökjeli geýmegiň zyýany…
Deformasiýa: latynça ady, "hallux valgus" uly barmagyň daşyna öwrülip, daraklyk süňküniň içeri öwrülmeginde ýüze çykýan başam barmagyň agyryly şekil bozulmasydyr...
“Hallux valgus" keseliniň 90% -i aýallarda bolýar. Birleşdiriji dokumanyň aýallarda has ýumşakdygy we elbetde beýik ökjeli aýakgap geýilmegi aýallarda köp duş gelmeginiň esasy sebäplerinden biridir.
Beýik ökjeli aýakgap- bedeniň agyrlyk merkeziniň üýtgemegine, bedeniň agramynyň aýagyň öňki bölümine jemlenmegine, aýagyň ýük göterijilik mehanikasynyň üýtgemegine, wagtyň geçmegi bilen aýagyň dabanyndaky tapawudyň azalmagyna, aýagyň dabanynyň tekiz bolmaklygyna , şeýlelik bilen hallux valgus-a sebäp bolýar.
Munuň bilen hem çäklenenok:
•Damarlaryň gysylmagyna sebäp bolýar.
•Süňk agyrylary ýüze çykarýar.
•Oňurganyň duruşyny bozýar. İngileri döredip biler. Oňurganyň saglygy tutuş bedeniň deňagramlylygy üçin möhümdir.
Işde we gündelik durmuşda beýik ökjeli ulanmak, aýak anatomiýasyny bozup, bedende çynlakaý kynçylyklara sebäp bolup biler. Beýik ökjeli köwüşler ýygy-ýygydan geýilse, bedeniň güýç merkezinde öňe süýşmek bolup, oňurganyň deňleşmegini bozýar.
•Aýaklaryňyzdaky süýümleriň ýyrtylmagyny aňsatlaşdyrýar.
•Aýagyňyzdaky gan damarlarynyň petiklenmegine sebäp bolýar. Bu bolsa Warikoza getirýär...
Adatça wena damarlar, aýaklardan (ahyrlardan) ýürege deoksigirlenen (CO²) gan getirýän damarlardyr. Duran wagtyňyz we aýak wenoz damarlary arkaly aýaklardan ýürege, ýagny aşakdan ýokary gan akýar. Ýaş ulaldygyça ýa-da dürli keselleriň täsiri bilen damarlar gowşaýar. Şol täsirleriň kapitany hem beýik ökjeli köwüşlerdir...
Wena damarlary gowşap, dynç alýarka, ýürege gan ibermek meselesi ýaramazlaşyp başlaýar we aýaklarda gan ýygnanmaga başlaýar. Esasy mesele, aýagyň damarlarynda basyşyň ýokarlanmagydyr we wagtyň geçmegi bilen warikoz damarlary, çişme we deriniň üýtgemegi we aýaklarda ýaralar (wena ýaralary) ýüze çykyp başlaýar. Birnäçe ýyllap dowam edýän bu hadysa, dowamly (üznüksiz) wena/damar ýetmezçiligi ýa-da warikoz diýilýär.
Gorkunç ýeri bolsa bejergisi aňsat däl!
Şol sebäpli 4 sm uzynlykdan beýik aýakgaplary saýlamaň diýsem sözümiň ýerde galjagyny bilýän...
Ýöne, gündelik durmuş, iş aýakgaplaryňyzy oýlanşykly pikiri nazarda tutmagy maslahat berip bilerin :)