Dusia
Dusia
15.08.2022 16:18
Fon -ses+ endos -içki+ skope -gural= içki sesi diňlenýän gural!
Dusia
15.08.2022 15:36
21
142
Dusia
13.08.2022 12:23
Ýürek uzak wagtdyr söýginiň nyşanydy. Sebäbi ýakynlarymyzy, söýenimizi görenimizde ýüregimiziň çalt we güýçli urmagy şahyrlar, sungat işgärleri, bagşylar tarapyndan söýginiň ýüregimizde döreýändigine bolan ynamy güýçlendirdi. Bu bolsa ýüregi bedende söýginiň merkezine öwürdi. Ylmy hakykatlara görä, bu ynançlar gynansakda dogry däl! Gadyrdanlar! Ýüregiň söýgi bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Söýgi–bu "Içki duýgy, söýgi duýgusy, adama birine ýa-da bir zada ýakyn ünsi we wepalylygy görkezmäge sebäp bolýar." hökmünde kesgitlenilýär...Bu makalany hiç hili çekeleşme bolmaz ýaly söýgi beýnide başlaýar we ähli organlara şol sanda ýürege hem täsir edýär diýip düşündirip bilerin. Ol fiziki alamatlar ýürek urşunyň ýokarlanmagy, derlemek, gyzarmak mysal bolup biler... Söýgi duýgusy beýnimiziň korteksinde we limbiki merkezinde ýüze çykýar. Söýgimizi ýüregimizdedir öýdýäris, sebäbi beýnimiziň buýrugy bilen bölünip çykýan himiki maddalar ýüregimizde duýulýar. Bu ýagdaýda beýni ýürege has çalt urmagyny buýruk berýär....🫀🩺(diňläp gören bolsaňyz ;) 🧠 Beýnimiz iň çylşyrymly organymyzdyr. Beýniniň her bir sebiti dürli funksiýalary gurnaýar. Orta beýni duýgular we söýgi üçin jogapkärdir. Ýagny, söýgi orta beýni tarapyndan duýulýar. Adam öz söýgülisini görende, orta beýni ýüregiň has çalt we güýçlenmegine sebäp bolýan himiki maddalary öndürýär... Onda kör adamlar näme diýersiňiz... Bilşiňiz ýaly biziň ýeke täk duýuş synamyz göz däl! Ys alyş, ten, eşdiş, we tagam bilişem goşsak bäş sany duýuş agzalarymyzy unutmalyň!
Söýgi bilen ýüregiň baglanşygy näme?!
Aşyk bolanyňyzda, rasional duýgularyň öňe çykmagy gaty kyn. Sebäbi aşyk bolanyňyzda akylly, mantykly pikirlenmek we karar bermek maňlaý lobundaky (bölegindäki) işi azaltmakda we hatda funksiýalary gowşatmakda-da täsirli bolýar. Bu lob akyl, ahlak, jemgyýetçilik düzgünlerine hormat goýmagyň we boýun bolmagyň merkezidir. Sylaglanmak, isleg, bagt we endik ýaly ýagdaýlary kadalaşdyrýan dofamin gormony beýnimizdäki gipotalamus tarapyndan bölünip çykýar. Bedenimizde dofaminiň bölünip çykmagy söýgini ýakymly tejribe hasaplamaga mümkinçilik berýär.Käbir gözlegçileriň beýnidäki depressiýa bilen uly gatnaşygy bolan serotonin gormonynyň, agyrynyň we söýginiň duýgusyna täsir edýändigini öňe sürýän lukmanlar: “Olaryň pikiriçe, serotonin gormonynyň pes bölünip çykmagy söýginiň agyrysyny güýçlendirýär we hatda çydap bolmaýan derejä getirýär ". Söýginiň hem ömri bar... Söýginiň ömri 12-18 aý! Dofamin neýrotransmitter himiki maddadyr. Dopamin aşyk bolanymyzda özümizi bagtly duýmagymyzyň sebäbi. Oksitosin, beýleki tarapdan, uzak möhletli gatnaşyklary üpjün edýän we söýgi gutarsa-da ygrarlylygy döredýän himiki maddadyr.
Söýginiň biohimiýasy we beýnimizdäki himiki täsirleriň kadalaşma prosesi gözden geçirilende, dünýäde söýginiň baky dowam etjekdigi baradaky düşünje bar bolsa-da, söýginiň ömrüniň 12-18 aý aralygyndadygy aýan edildi. Başgaça aýdylanda, söýgi 2 ýylda gutarýar, ýöne söýgi bilen baglanyşykly duýgylar soň soňlar hem dowam edip bir ömür sürdürilip biliner, elbetde söýgi öleninden soňra yzynda sylag hormaty miras goýan bolsa! Bu tipli söýgi bolsa beýik adamlara mahsus meň pikirimçe...
28
3 202
Dusia
Dusia
08.08.2022 21:13
Gysgaça men Zoluşga bolasym gelýä, emma durmuş Maşa bolmaga mejbur edýä 😁
Dusia
Dusia
08.08.2022 09:18
Erkek diýeniň söýen gyzyny maşgalasyna gürrüň berer çem gelene däl!
Dusia
06.08.2022 17:30
Meňzemedi 🥴
28
224
Dusia
30.07.2022 17:20
31
179
Dusia
30.07.2022 17:01

Ýanmak, iki molekulanyň atomynyň birleşmegi bilen energiýanyň ýylylyk we ýagtylyk hökmünde bölünip çykmagyna getirýän himiki reaksiýa. 

Bu himiki reaksiýanyň başlamagy üçin iki esasy komponent gerek

Birinjisi, ýangyç (Mysal üçin, kagyz, agaç we ş.m.) 

Ikinjisi, oksidleýji (Mysal üçin, atmosferadaky esasy oksidleýji kislorod.)

 Emma bir zadyň ýanmagynyň başlamagy üçin bilşiňiz ýaly has köp zat gerek. 

Suw iki wodorod atomyndan we bir kislorod atomyndan durýar. Onuň himiki formulasy H²O. Bu atomlaryň ikisi-de ýanýar.

Wodorod atomynda diňe bir elektron bar. Şonuň üçin başga bir element bilen birleşip, täze komponent döretmek gaty aňsat. Wodorod, adatça, iki wodorod atomynyň kowalent baglanyşyk (iki atomyň arasynda bir ýa-da birnäçe elektronyň paýlanmagy bilen häsiýetlendirilýän himiki baglanyşyk) bilen birleşmegi netijesinde emele gelýär we gaz ýagdaýynda. Bu baglanyşyk diýseň reaktiw (gowşak) baglanyşykdyr. Şonuň üçin oksidleýjä duşan badyna ot alyp biler. Wodorodyň ýanmagy bilen alnan energiýa gaty uly. Şonuň üçin suwuklandyrylan wodorod kosmosa iberiljek ulaglarda ulanylýar. 

Kislorod–ýanmagy goldaýjydyr. 

Öň hem belläp geçişimiz ýaly, ýanmak üçin oksidleýji gerek. Aslynda, oksidleýji himiki maddalar köp: kislorod, wodorod peroksid, ftor we ş.m. Emma olaryň arasynda Ýeriň atmosferasyndaky iň köp oksidleýji serişde kisloroddyr. Şonuň üçin ot kislorodsyz gurşawda ýanmagy dowam etdirip bilmez.

Suw ajaýyp söndüriji. 

      Suwy emele getirýän iki element hem ýanyjy bolsa-da, suw gaty gowy söndüriji. Sebäbi suw eýýäm ýandy. Geliň, biraz jikme-jik seredeliň. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, wodorod ýanýan gazdyr. Atmosferamyzda köp bolan kislorod ýakmak üçin oksidleýji serişde gerek. Wodorod atomlary kislorod atomlary bilen duşuşanda “ýanýar” we bu reaksiýanyň önümi bolsa suw. Başgaça aýdylanda, suw oduň önümidir.

2 wodorod we 1 kislorod atomyndan emele gelen himiki baglanyşygyň güýji alawyň güýjünden has uludyr.

 Wodorod we kislorod ýanmagy başaryp bilýän elementler bolsa-da, ikisiniň arasyndaky bu himiki reaksiýa atmosfera şertlerinde, ýagny howada erkin bolanda ýüze çykýar. Wodorod aşa ýanyjy gaz, ýöne suwda birleşdirilen kislorod we wodorod özlerinde bar bolan häsiýetleri görkezmeýär.

 Nebit ýaly suwuk ýangyçlaryň aňsatlyk bilen ýanmagynyň sebäbi bolsa, howadaky kislorod bilen täsir edip bilýän düzüminiň bolmagydyr. Benzin diňe bir wodorody däl, eýsem uglerody hem öz içine alýar. Bular uglewodorod zynjyrlaryny emele getirýär. Kislorod bilen birleşende, suwdaky ýaly termodinamiki taýdan durnukly gurluşy ýok, ody aňsatlyk bilen alyp bilýän mazmuna öwrülýärler. 
Aslynda suw molekulalary ahyrky netijede wodorodyň howadaky kislorod bilen himiki baglanyşygy netijesinde emele gelýär (bu diýmek bolýar: howa bolmasa suw hem bolmazdy ýa-da suw bolan ýerde howada bardyr) we iki wodorod atomy bilen kislorod atomynyň arasyndaky baglanyşyk şeýle bir güýçlidir welin, olary biri-birinden aýyrmak üçin köp energiýa gerek. Ot bilen bölünip çykýan energiýa hem bu baglanyşygy dargatmak üçin ýeterlik däl. Şeýlelik bilen, ýanýan bir zada suw guýanymyzda, ony öçürýäs we ýanmagyna sebäp bolýan zadyň, ýagny kislorodyň howa bilen aragatnaşygyny kesýäris.

Makalany okap "Näme üçin biz suwy emeli öndürip bilemzok, Ýer ýüziniň köp halklary suwsyzlykdan ejir çekýär" diýersiňiz! 


Wodorod bilen kislorodyň birleşmeginden ýylylyk we ýagtylyk görnüşindäki ummasyz energiýa çykýar. Bu goýberilen energiýa diýseň howply. 1937-nji ýylda Nýu Jerside wodorodyň we kislorodyň täsiri netijesinde uly partlama bolup, onlarça adam öldi we bu waka Hdenburg betbagtçylygy diýlip atlandyryldy. Laboratoriýa gurşawynda suw öndürmezligimiziň esasy sebäbi ine şu hadysa.

 Netijede kagyz ýakanymyzda kül alýarys, wodorod ýakanymyzda bolsa suw alýarys. Külüň täzeden ýakylyp bilinmeýşi ýaly, suwy hem gaýtadan ýakyp bilemzok!


44
4 349
Dusia
Dusia
28.07.2022 18:12
Bir hakykat bar, yşk durmuşyňyza bir aýzberg çaknyşmasy ýaly girer, şonda kalbyňyz Titanik ýaly berk hem bolsa batarsyňyz!... Jeanette Winterson
Dusia
Dusia
27.07.2022 20:04
Durmuş gysga hemme zady sygdyryp bolanok. Özüňe wagt aýyr! İsleýän zatlaryňy et... ☕