13.08.2022
Söýgi bilen ýüregiň baglanşygy näme?!
Ýürek uzak wagtdyr söýginiň nyşanydy. Sebäbi ýakynlarymyzy, söýenimizi görenimizde ýüregimiziň çalt we güýçli urmagy şahyrlar, sungat işgärleri, bagşylar tarapyndan söýginiň ýüregimizde döreýändigine bolan ynamy güýçlendirdi. Bu bolsa ýüregi bedende söýginiň merkezine öwürdi. Ylmy hakykatlara görä, bu ynançlar gynansakda dogry däl! Gadyrdanlar! Ýüregiň söýgi bilen hiç hili baglanyşygy ýok.
Söýgi–bu "Içki duýgy, söýgi duýgusy, adama birine ýa-da bir zada ýakyn ünsi we wepalylygy görkezmäge sebäp bolýar." hökmünde kesgitlenilýär...
❗Bu makalany hiç hili çekeleşme bolmaz ýaly söýgi beýnide başlaýar we ähli organlara şol sanda ýürege hem täsir edýär diýip düşündirip bilerin. Ol fiziki alamatlar ýürek urşunyň ýokarlanmagy, derlemek, gyzarmak mysal bolup biler...
Söýgi duýgusy beýnimiziň korteksinde we limbiki merkezinde ýüze çykýar. Söýgimizi ýüregimizdedir öýdýäris, sebäbi beýnimiziň buýrugy bilen bölünip çykýan himiki maddalar ýüregimizde duýulýar. Bu ýagdaýda beýni ýürege has çalt urmagyny buýruk berýär....🫀🩺(diňläp gören bolsaňyz ;)
🧠 Beýnimiz iň çylşyrymly organymyzdyr. Beýniniň her bir sebiti dürli funksiýalary gurnaýar. Orta beýni duýgular we söýgi üçin jogapkärdir. Ýagny, söýgi orta beýni tarapyndan duýulýar. Adam öz söýgülisini görende, orta beýni ýüregiň has çalt we güýçlenmegine sebäp bolýan himiki maddalary öndürýär...
Onda kör adamlar näme diýersiňiz... Bilşiňiz ýaly biziň ýeke täk duýuş synamyz göz däl! Ys alyş, ten, eşdiş, we tagam bilişem goşsak bäş sany duýuş agzalarymyzy unutmalyň!
Aşyk bolanyňyzda, rasional duýgularyň öňe çykmagy gaty kyn. Sebäbi aşyk bolanyňyzda akylly, mantykly pikirlenmek we karar bermek maňlaý lobundaky (bölegindäki) işi azaltmakda we hatda funksiýalary gowşatmakda-da täsirli bolýar. Bu lob akyl, ahlak, jemgyýetçilik düzgünlerine hormat goýmagyň we boýun bolmagyň merkezidir.
Sylaglanmak, isleg, bagt we endik ýaly ýagdaýlary kadalaşdyrýan dofamin gormony beýnimizdäki gipotalamus tarapyndan bölünip çykýar. Bedenimizde dofaminiň bölünip çykmagy söýgini ýakymly tejribe hasaplamaga mümkinçilik berýär.Käbir gözlegçileriň beýnidäki depressiýa bilen uly gatnaşygy bolan serotonin gormonynyň, agyrynyň we söýginiň duýgusyna täsir edýändigini öňe sürýän lukmanlar:
“Olaryň pikiriçe, serotonin gormonynyň pes bölünip çykmagy söýginiň agyrysyny güýçlendirýär we hatda çydap bolmaýan derejä getirýär ".
Söýginiň hem ömri bar... Söýginiň ömri 12-18 aý!
Dofamin neýrotransmitter himiki maddadyr. Dopamin aşyk bolanymyzda özümizi bagtly duýmagymyzyň sebäbi. Oksitosin, beýleki tarapdan, uzak möhletli gatnaşyklary üpjün edýän we söýgi gutarsa-da ygrarlylygy döredýän himiki maddadyr.
Söýginiň biohimiýasy we beýnimizdäki himiki täsirleriň kadalaşma prosesi gözden geçirilende, dünýäde söýginiň baky dowam etjekdigi baradaky düşünje bar bolsa-da, söýginiň ömrüniň 12-18 aý aralygyndadygy aýan edildi. Başgaça aýdylanda, söýgi 2 ýylda gutarýar, ýöne söýgi bilen baglanyşykly duýgylar soň soňlar hem dowam edip bir ömür sürdürilip biliner, elbetde söýgi öleninden soňra yzynda sylag hormaty miras goýan bolsa! Bu tipli söýgi bolsa beýik adamlara mahsus meň pikirimçe...