Ýanmak, iki molekulanyň atomynyň birleşmegi bilen energiýanyň ýylylyk we ýagtylyk hökmünde bölünip çykmagyna getirýän himiki reaksiýa.
Bu himiki reaksiýanyň başlamagy üçin iki esasy komponent gerek:
Birinjisi, ýangyç (Mysal üçin, kagyz, agaç we ş.m.)
Ikinjisi, oksidleýji (Mysal üçin, atmosferadaky esasy oksidleýji kislorod.)
Emma bir zadyň ýanmagynyň başlamagy üçin bilşiňiz ýaly has köp zat gerek.
Suw iki wodorod atomyndan we bir kislorod atomyndan durýar. Onuň himiki formulasy H²O. Bu atomlaryň ikisi-de ýanýar.
Wodorod atomynda diňe bir elektron bar. Şonuň üçin başga bir element bilen birleşip, täze komponent döretmek gaty aňsat. Wodorod, adatça, iki wodorod atomynyň kowalent baglanyşyk (iki atomyň arasynda bir ýa-da birnäçe elektronyň paýlanmagy bilen häsiýetlendirilýän himiki baglanyşyk) bilen birleşmegi netijesinde emele gelýär we gaz ýagdaýynda. Bu baglanyşyk diýseň reaktiw (gowşak) baglanyşykdyr. Şonuň üçin oksidleýjä duşan badyna ot alyp biler. Wodorodyň ýanmagy bilen alnan energiýa gaty uly. Şonuň üçin suwuklandyrylan wodorod kosmosa iberiljek ulaglarda ulanylýar.
Kislorod–ýanmagy goldaýjydyr.
Öň hem belläp geçişimiz ýaly, ýanmak üçin oksidleýji gerek. Aslynda, oksidleýji himiki maddalar köp: kislorod, wodorod peroksid, ftor we ş.m. Emma olaryň arasynda Ýeriň atmosferasyndaky iň köp oksidleýji serişde kisloroddyr. Şonuň üçin ot kislorodsyz gurşawda ýanmagy dowam etdirip bilmez.
Suw ajaýyp söndüriji.
Suwy emele getirýän iki element hem ýanyjy bolsa-da, suw gaty gowy söndüriji. Sebäbi suw eýýäm ýandy. Geliň, biraz jikme-jik seredeliň. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, wodorod ýanýan gazdyr. Atmosferamyzda köp bolan kislorod ýakmak üçin oksidleýji serişde gerek. Wodorod atomlary kislorod atomlary bilen duşuşanda “ýanýar” we bu reaksiýanyň önümi bolsa suw. Başgaça aýdylanda, suw oduň önümidir.
2 wodorod we 1 kislorod atomyndan emele gelen himiki baglanyşygyň güýji alawyň güýjünden has uludyr.
Wodorod we kislorod ýanmagy başaryp bilýän elementler bolsa-da, ikisiniň arasyndaky bu himiki reaksiýa atmosfera şertlerinde, ýagny howada erkin bolanda ýüze çykýar. Wodorod aşa ýanyjy gaz, ýöne suwda birleşdirilen kislorod we wodorod özlerinde bar bolan häsiýetleri görkezmeýär.
Nebit ýaly suwuk ýangyçlaryň aňsatlyk bilen ýanmagynyň sebäbi bolsa, howadaky kislorod bilen täsir edip bilýän düzüminiň bolmagydyr. Benzin diňe bir wodorody däl, eýsem uglerody hem öz içine alýar. Bular uglewodorod zynjyrlaryny emele getirýär. Kislorod bilen birleşende, suwdaky ýaly termodinamiki taýdan durnukly gurluşy ýok, ody aňsatlyk bilen alyp bilýän mazmuna öwrülýärler.
Aslynda suw molekulalary ahyrky netijede wodorodyň howadaky kislorod bilen himiki baglanyşygy netijesinde emele gelýär (bu diýmek bolýar: howa bolmasa suw hem bolmazdy ýa-da suw bolan ýerde howada bardyr) we iki wodorod atomy bilen kislorod atomynyň arasyndaky baglanyşyk şeýle bir güýçlidir welin, olary biri-birinden aýyrmak üçin köp energiýa gerek. Ot bilen bölünip çykýan energiýa hem bu baglanyşygy dargatmak üçin ýeterlik däl. Şeýlelik bilen, ýanýan bir zada suw guýanymyzda, ony öçürýäs we ýanmagyna sebäp bolýan zadyň, ýagny kislorodyň howa bilen aragatnaşygyny kesýäris.
Makalany okap "Näme üçin biz suwy emeli öndürip bilemzok, Ýer ýüziniň köp halklary suwsyzlykdan ejir çekýär" diýersiňiz!
Wodorod bilen kislorodyň birleşmeginden ýylylyk we ýagtylyk görnüşindäki ummasyz energiýa çykýar. Bu goýberilen energiýa diýseň howply. 1937-nji ýylda Nýu Jerside wodorodyň we kislorodyň täsiri netijesinde uly partlama bolup, onlarça adam öldi we bu waka Hdenburg betbagtçylygy diýlip atlandyryldy. Laboratoriýa gurşawynda suw öndürmezligimiziň esasy sebäbi ine şu hadysa.
Netijede kagyz ýakanymyzda kül alýarys, wodorod ýakanymyzda bolsa suw alýarys. Külüň täzeden ýakylyp bilinmeýşi ýaly, suwy hem gaýtadan ýakyp bilemzok!