Dowran Carygulyyew...
07.03.2020 22:48
Göwnüm seni küýseýär

Kãte ýalñyzlykda otursam õzim ,
Kàte gaharlanyp çytylsa ýüzüm,
Kãte ukym gelip ýumulsa gõzüm
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar
Gara gõzlim , gõwnüm seni küýseýär.

Gõreşlerde gujur bn baglansam,
Üýşmeleñde alkyş bilen ýatlansam
Arzuwlarym gõge galyp şatlansam
Ýada hasrat ýürek bagrym gyýsa ýar,
Gara gõzlüm, gõwnüm seni küýseýär.

Bahar geler güller bilen şaýlanyp
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp
Akja bulut ,, ýagsam,, diýip oýlanyp
Çagba gelip suw sil edip guýsa ýar
Gara gõzlim gõwnüm seni küýseýär.

Meýdana ýazylypdyr bahar halysy
Gel bile keşt etsek ýakyn alysy
Maña at goýfular ,, Yşgyñ dälisi ,,
Men nädeýin ýürek şeýle sõýse ýar
Gara gõzlüm gõwnim seni küýseýär.

Halyl Kulyýew.

6
1 818
Dowran Carygulyyew...
07.03.2020 20:56
Aýallara degišme

Dünýäniñ ýüzinde tãsin bir millet
Aýallar milleti üýtgeşik dünýä
Bular bilen oýun edäýmäñ millet
Bular kõp zatlary õñinden bilýä.

Dynç alyş günleri ertir ir bilen
Gezelenje çyksañ ýuwaşja güler
Şol gün arpa suwyn datjakdygyñy
Zaluwatlar hõkman õñinden biler.

Işden soñ birneme gijiräk galsañ
Adamçylykdyrda bu bolup biler
Ýüziñi gyzardyp õýiñe gelsen
Geldiñmi dìýerde ýuwaşja güler

Işden õz wagtynda gelen çagyñda
Çaý çõregi bilen başyny eger
Ondan soñ kakasy bu nä ir geldiñ
Tüweleme dìýip çetiñe deger.

Bular şerraýam dal gaharjañam däl
Ownuk ýalñyşlaram gõwnine almaz
Bularsyz dünýäde ýaşamak kyndyr
Bularyñ dilinden sypybam bolmaz.

Halyl Kulyýew

Başymyzyñ täji ýüzimiziñ tuwagy gõzimiziñ gõreji õmrimiziñ bezegi namysymyz hem buýsanjymyz mähriban gelin gyzlar eneler uýalar doganlar jigiler mahriban zenanlar yer yuzinnde in bir ajayyp pasyl bahar paslynyn gelmegi bn yetip gelen bahar bayramy aýal gyzlaryñ güni bilen siziñ ähliñizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.!!! Goý sizin janyñyz sag başyñyz dik õmriniz uzak bolsun bizin aramyzda buysanjymyz bolup elmydama bahar bägülleri ýaly owadan bolup dünýämizi bezäp ýõrmeginizi arzuw edýärin..
8
949
Dowran Carygulyyew...
06.03.2020 09:04
Bahar buşlukçysy.
Gaýalaryñ gary eräp bir eýýam
Pyntyklady pisse bilen badamlar
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör
Bahar gelýär,bahar gelýär adamlar.

Gol ýaýratdy bagymyzyñ üzümi
Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar
Bahar ýeli sypap geşdi başymy
Bahar gelýär bahar gelýär adamlar.

Bahar gelýär bahar gelýär adamlar
Lälezarda öwşin atýar gunçalar
Ýodalary suwlap ýuwdy topragy
Bahar buşlukçysy hoştap damjalar.

Gaýalaryñ gary eräp bireýýam
Pyntyklady pisse bilen badamlar
Pikir beriñ ahmal galmañ tijeniñ
Bahar gelýär bahar gelýär adamlar.

Halyl Kulyýew
11
1 527
Dowran Carygulyyew...
05.03.2020 08:11
Hoş gal
Hoş gal, ters täleýim, durma duwlanyp,
Hoş gal, ýeriñ dört çüñkini sermanim.
Hoş gal dünýäñ gap bilinde , towlanyp
Ýere-göge ýerleşmedik armanym.

Bu başy sämedip gaýyşyp arkan,
Hoş gal, ýaşyl düzüm porhan bolanym.
Çaga wagtym sallançakda ýatyrkam,
Ýassygmyñ teýinde gurhan bolanym.

Hoş gal biweç söýgim,giç gelen güýzim
Men giderin galar sende yhlasym
Nazaryñdan awunaryn ezizim
Damagyny çalan günüm yhlasyñ.

Hoş gal garyp şemal hünübirýanym
Ediber saparyñ zeminde dowam
Özümem bilemok nirä barýanym
Hoş gal gözi ýollaryma bendiwan.
4
477
Dowran Carygulyyew...
04.03.2020 05:44
Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Gel otur,geçeli ojak başyna
Isleseñ ikimiz söhbet açaly
Ýalyn ýalkym salsyn degre- daşyna.

Her kimiñ öz derdi öz hyýaly bar
Kim meýlise barýar kimseler işe
Emma ot başynda ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe

Aýby ýok käte sen böwriñi diñläp,
Oýa gidip otursañda sedasyz.
Göreş tutup hüjüm edip,hiç haçan
Ýeñen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.

Aýby ýokdur arzuw baryn eksegem
Käte gaty güläýsegem aýby ýok
Gözden gizlän hatamyzy aç-açan
Ot başynda biläýsegem aýby ýok.

Arzuw hyýal ot ýalyna öwrülip
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.

Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Sowul çoýunmaga çavyrýan seni
Ýylyn-da ,ýoluña gidiber ýene,
Kaýyl men üşäñde ýatlasañ meni.
7
821
Dowran Carygulyyew...
03.03.2020 00:34
...öz özimden ýadasam seni göresim gelýär...
9
570
Dowran Carygulyyew...
02.03.2020 00:45
Näçe dartylsada kebzäñde damar
Gözüñ ejizligi bermesin habar...

KERIM GURBANNEPESOW
11
899