Dowran Carygulyyew...
04.03.2020 05:44
Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Gel otur,geçeli ojak başyna
Isleseñ ikimiz söhbet açaly
Ýalyn ýalkym salsyn degre- daşyna.

Her kimiñ öz derdi öz hyýaly bar
Kim meýlise barýar kimseler işe
Emma ot başynda ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe

Aýby ýok käte sen böwriñi diñläp,
Oýa gidip otursañda sedasyz.
Göreş tutup hüjüm edip,hiç haçan
Ýeñen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.

Aýby ýokdur arzuw baryn eksegem
Käte gaty güläýsegem aýby ýok
Gözden gizlän hatamyzy aç-açan
Ot başynda biläýsegem aýby ýok.

Arzuw hyýal ot ýalyna öwrülip
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.

Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Sowul çoýunmaga çavyrýan seni
Ýylyn-da ,ýoluña gidiber ýene,
Kaýyl men üşäñde ýatlasañ meni.
7
821
Paradise
4 Mart 2020
????
Dowran Carygulyyew...
4 Mart 2020
Myhman onki ulanyan emailini ulanman taze yazyp gor menem iki ay girip bilmedim

Intirnedin pes bolandan yada pragramman ozi gowy islanok son un bir email yazanson ikinji gezek su ulanyjy on bar diyip dur son un her gezek taze yaz
Myhman Myhman
4 Mart 2020
Ata Atajanowyñ iñ howy goshgylaryndan biri shu goshgy.

shu ssyda nadip girip bolarka. girjek bolup synanyshdym,

bolmady.
Dowran Carygulyyew...
4 Mart 2020
Howa gaty gowy setirler
gulshatayewa97
4 Mart 2020
Kaýyl men üşäňde ýatlasaň meni?
Aycicek
4 Mart 2020
Ajap?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.