Didarmuhammet
15.03.2020 01:29
Döwlet Annamyradow
“Ýene söýgi bolar…”

.. Ýene söýgi bolar goja barlykda,
Şatlyk-gussa, gaýgy-hasrat çekiler.
Belentdir ol şazadalyk-şalykdan-
Göz öňünde ýene dyza çöküler.

Ýazlar ýene güle dolar beslene,
Söýen güýzleň reňki saralar, öçer.
Yşkyň zaryn aýdymy deý seslene,
Ak durnalar gökde pel-pelläp uçar.

Söýgi bolar dagda, düzde, derýada,
Leýlisaçlar gamgyn yrar başlaryn
Hem öz ýaryn baky munda öpmedik
Aşyklaň gujagna döker saçlaryn…

Ýene söýgi bolar,
Ýene gam bolar,
Köňüllerde galar süýji ýatlama.
…Kimdir biri ýene men bolup söýer-
Gadym yşgyň üstün açyp şatlanar…
7
306
Didarmuhammet
15.03.2020 01:27
Bashim Atayew

“Ulygyz”
Sena ulugyzdyn zulplerin towly,
Menem bir mashgalan korpeje ogly.

Mena “Soyyan” diyip sayran bolardym,
Senem moncha bolup aynan bolardyn.

Hemishe gizlenip goz bilen dilden,
Bileje yorardik gumaksy yoldan.

Ir saherden baryp atyzly pele,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.

Kop sorag bererdim, sebap uludyn,
Gul ulkamde gozellerin guludin.

Degiship diyerdin: “Basym yigit bolarsyn,
Oylenmekchi bolsan meni alarsyn?!”

Kyndy bu sowalyn jogap tapardan,
Oylanyanym gorup, gozun gypardyn.

Kop pikir ederdim bolup haly ten,
Diyrdin: “Jogap ber-da sowalyma men!”.

“Jady gozlen ashygy men, ashygy,
Yone neyley chapraz gelen yashymy?

Tayyn baky owrulmage guluna,
Arman, lalam, yashyn menden ulu-da!

Men yigit chykyancham, ynanay, gulum,
Sen bolarsyn enche chagaly gelin!”

Bu sozlerme goz astynda gulerdin,
Shonda has owadan, ajap bolardyn.

Son diyerdin: “Omrum ahyryna chen
Garasharyn meni aljagyn bilsem.

Emma bu durmush-da etsenem gowun,
Hasyl bolayanok ahli arzuwyn.

Ate soyen soymedige chatylyar,
Ykbal aty bizden bidin chapylyar.

Ayra dushsek, hergiz gownun galmasyn,
Bir dilegim - guler yuzun solmasyn.

Omur salyn shat durmushda kurekle,
Hem soygimiz baky sakla yurekde”…

Sheydip, bezedin sen ozgan toruni,
Son asla gormedik birek-biregi.

Bir wagt owrulenson gowun shadyma,
Ynha, bu gun dushdun yene yadyma.

Mena bir mashgalan korpeje ogly,
Senem ulygyzdyn zulpleri towly
9
453
Didarmuhammet
14.03.2020 23:26
GAŞY SÜRMELI

Güller gözelligi senden öwrener‚
Göz degmesin‚ gülüm‚ gül çagyň seniň.
Agşamyň şapagy solak görüner‚
Säheriň şapagy ýaňagyň seniň.

Gözleriňe baka bilmen bakaňda‚
Baksam ýürek aýdym aýdýar hakyňda‚
Gül göwsüňe gülýakaňy dakaňda‚
Baglar gözlerimi bentnagyň seniň.

Dogaňda dogupsuň gaşy sürmeli‚
Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli‚
Bagty görmek islän seni görmeli‚
Düşümlidir‚gülüm‚ aýagyň seniň.

Görsem ýüregimde bir tupan turar‚
Görmesem ýüregim mydam ah urar‚
Alkymyňdan atyr ysy bark urar‚
Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň.

Ölmez‚ güljahanym‚ saňa ýer bolan‚
Gülmez‚ güljahanym‚ saňa zar bolan‚
Körpejekä saňa hyrydar bolan‚
Şahyr ýüregimde soragyň seniň.
(Gara Seyliyew)
7
198
Didarmuhammet
09.03.2020 19:16
Mähriň ber

Ýüregim ýenede seni soraýar,
Näme diýip aldajagymy bilemok,
Dillerim titredýän mylaýym keşbiň,
Näme üçindir göz öňümden gidenok.

Sataşamdan bäri şol ajap sene,
Çykanok ýadymdan gelmezmi ýene,
Garaşyp dur, bärde zaryň çekýäne,
Mylaýymdan şol ajaýyp mähriň ber

Göýä bir lukman dek degýär janyma,
Owazly näziňden berseň ýaryňa,
Öwürsem men seni din-imanyma,
Owadandan şol ajaýyp mähriň ber.

Asmanda guş bolsaň ýelegiň bolaryn,
Yşk doly gämiňde küregiň bolaryn,
Seni baky ýaşatjak ýüregiň bolaryn,
Mylaýymja,gel, ajaýyp mähriň ber.
7
486
Didarmuhammet
09.03.2020 00:28
Ylham guşuma oýlanma

Seret, yüregimiň ýarysy, ömrümiň barysy. Ýadyňa düşýärmi? Bir wagtlar sen maňa "ýyldyzlar nähili owadan” diýerdiň. Ýöne olar gaýýar welin, olardan nam-nyşan galmaýar. Emma seniň meniň ýüregime salyp goýan yzyň entegem seretseň gözüňi gamaşdyryp barýar. Solmakdan geçen ol gaýta ýitileşýär. Görýäňmi, ýyldyzlar owadan eken emma, olardanam sen owadan.seniň meniň ýüregime ornaşdyran yzyňy söýýän adamlaryň ählisi görüp biler. Çünki söýgi kere-de,köre-de,lala da düşnikli zat. Sen meniň ylham guşum.Çünki sen ýok wagtyň meniň kellämdäki bar pikir dargap, sözlerim azaşýar.Onsaň men ne goşgy ýazyp bilýän,ne-de başga zada ünsümi berip bilýän.Haçanda sen meniň ýanymda bolanyňda bolsa, meniň barmaklarym herekede gelip, ol diňe ýazmak bilen bolýar.Şol wagt ak kagyza geçýän sözler şeýle bir owadan, şeýle bir täsirli bolýar welin, ony okan adam özüni edil jennetiň söýgi meýdançasynda ýaly duýýar.????
7
553
Didarmuhammet
08.03.2020 15:30
Durmuşda iñ uly şans ýüregi gowy adama gabat gelmekdir.Durmuşyñ iñ owadan sowgadam, ýüregi gowy bir zenanyñ söwer ýary söýgili ýan ýoldaşy bolmakdyr.
Mähriban zenanlar siz bizin durmusymyzyn bezegi omrumizin manysy geljegimiz ojagymyzyn ocmez suglasy guneşi bayramynyz gutly bolsyn. Goý bu gun edyan ahlije arzuwlarynyz hasyl bolsyn

Oglanlar sizem bu gun yureginizde nahili aydyp bilmedik sozleriniz bolsa aydyn soyginizimi aydasynyz gelyarmi aydyn bile omur surmek un gija galmazlyk ucin aydyn baguller bn soyginizem sowgat ediñ menin size maslahatym???⚘⚘??❤❤❤⚘???⚘?⚘???HEMME OWRENMELININ GULER YUZLI OWADAN, MAHIRLI, MYLAYYM GYZLARY BAYRAMYNYZ BN gutlayan hemise gulip gezin
20
1 308
Didarmuhammet
06.03.2020 23:50
Saňa "söýýän" diýip bilmen bagyşla!
Ýygralygym muňa hiç ýol bermeýär.
Şu goşgymy gyz kalbyňa nagyşla
Jahyl kalbym diňe seni küýseýär!

Oturýarys gürleşipjik seň bilen
Degişýäris, gülüşýäris seň bilen
Kä wagtlar iç dökýarsin meň bilen
Şahyr kalbym dine seni küýseýär!

"Bu sözümi aýdýaryn men çyn bilen
Bir ömüri geçirermiň meň bilen?"
Diýsem saňa seredermiň geň bilen
Aşyk göwnüm diňe seni küýseýär.

Wagtal-wagtal kalendara seredýän.
Seniň bilen geçjek günlem gysgalýar.
Saňa duşarynmy diýip pikir edýän
Pikir etdigimçe göwnüm darygýar.

Seretsene laýyk bir aý galypdyr,
Ak mekdepden uçup gitmegimize.
Ýatlamalar ýüregmize siňipdir,
Hem-de gat-gat kitap, depderimize.

Belkide görmesem sowar ýüregim
Ýa-da sen gidäýseň boşar ýüregim
Gideňden soň näm boljagy belli däl
Ýöne ýanymdakaň hoşal ýüregim.

Alnymda bar bolsan alaryn hokman
Bu syry gizlarin hic kime aytman
Aýtmaryn hiç haçan ýakynlarma hem
Bagyşla!
Bagyşla!
Ýene bagyşla!
Bu syry hiç haçan saňada aýtman.


Bagyslan yone oglanlarynam ejiz wagty bardyr???
14
1 382