Döwlet Annamyradow
“Ýene söýgi bolar…”
.. Ýene söýgi bolar goja barlykda,
Şatlyk-gussa, gaýgy-hasrat çekiler.
Belentdir ol şazadalyk-şalykdan-
Göz öňünde ýene dyza çöküler.
Ýazlar ýene güle dolar beslene,
Söýen güýzleň reňki saralar, öçer.
Yşkyň zaryn aýdymy deý seslene,
Ak durnalar gökde pel-pelläp uçar.
Söýgi bolar dagda, düzde, derýada,
Leýlisaçlar gamgyn yrar başlaryn
Hem öz ýaryn baky munda öpmedik
Aşyklaň gujagna döker saçlaryn…
Ýene söýgi bolar,
Ýene gam bolar,
Köňüllerde galar süýji ýatlama.
…Kimdir biri ýene men bolup söýer-
Gadym yşgyň üstün açyp şatlanar…