Didarmuhammet
15.04.2020 23:48
Soňky döwür ýolda-yzda, awtobusda-beýlekide kitap okap barýana duşduňyzmy? Asyl, ýolda kitap okamaga nähili garaýarsyňyz????
5
513
Didarmuhammet
12.04.2020 22:38
Ýüregiň böküp dur, dünýä syganok,
Sähel zada gülen on sekiz ýaşym.
Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah, özgesi ýalan, on sekiz ýaşym.

Duýman galdym neneň niçik geçenin,
Toýlarda tans oýnap, serden geçenim.
Şol gözeliň gözlerine gaçanym,
Girdaba gark bolan on sekiz ýaşym.

Çolaşasyň geldi dilber näzine,
Sataşasyň geldi söýen gyzyňa.
Biygtyýar düşdüň-gitdiň yzyna,
Ýatlamadan gelen on sekiz ýaşym.

Göz astynda ogryn-ogryn bakmaýar,
Wada berýär, wagty bilen çykmaýar.
Agşam Aý yşygna şöwür çekmeler,
Bar wagtyňy alan on sekiz ýaşym.

Asmana baksaňam şol gyzyň keşbi,
Zemine baksaňam şol gyzyň keşbi.
Beýle jebir nädip paýyňa düşdi,
Soňsuz dedi salan on sekiz ýaşym?

Ähli ahmyr-armanlarym alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim.
Diläniňe bitse, ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan, on sekiz ýaşym.

Diýdi: ”Şahyr gury hyýal haýyşyň” –
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn.
Şindiki ýaşlardan ýalňyz haýyşym:
Gadyryny biliň on sekiz ýaşyň.
7
253
Didarmuhammet
08.04.2020 22:12
Içgysgynç bolup başlady geliñ biri birimize sorag bereliñ kim haýsy agza hakynda bilesi gelyan bilsa sonun adyny yazyp sona sorag bermeli. Soraga jogabam bermelidir...Has ýakyndan tanar ýaly....


Meselem men birinji soragym Gulşat Ataýewa sizin halayan aýdymçyñyz, nahili aydym dinlemani halayan
Ikinji soragym Jennede gowun beren oglanyn barmy, gosgy okamany halayanmy....
8
936
Didarmuhammet
04.04.2020 00:22
KLASDAŞ

On bäşimde oýun etdim ot bilen—
SÖÝGI atly ýalyn bilen, klasdaş,
Geçen günler bu gün bize ýat bolan,
Ýatlamalar ýalan bolan, klasdaş.

Garaňy görmesem, teý durup bilmän,
Ýüregiň ahyny goýduryp bilmän,
Bu ahwaly, saňa duýduryp bilmän,
Diýip bilmän dilim bilen, klasdaş
Bagrym dilim-dilim bolan, klasdaş,

Göýä seni gijelerden gysganyp,
Gezdim şamdan daň ataryna gyssanyp,
Bir gijäniň uksyny ýassanyp,
Goşgy ýazdym galam bilen, klasdaş.

Goşgy ýazylan kagyz ýekeje tagta,
Şo tagta kagyzy bije edip bagta,
Bukja salyp, agzyn bagladym pugta,
Elim bilen, ýelim bilen, klasdaş.

Hat gitdi— gündize çekildi nikap,
Garaşdym ynamy sabyra çykap,
(Aýtdylar) iberen goşgymy okap,
(Äsgermänmi!) gülen bolan, klasdaş.

Gülzardan aýrylsa-bilbile çol kyn,
Bürgüt lebzin deňäp alyna tilkiň,
Sowuk ýylgyryşyň, biperwaý gülkiň,
Barabardy ölüm bilen, klasdaş.

Ykballar aýralyk sazyn çalanda—
Gezdim bir delalat görüp çilimde.
… Bu gün ýürek sanjyp gitdi elimde,
Seni görüp, gelin bolan klasdaş
11
248
Didarmuhammet
03.04.2020 22:19
Matematik gyzy (degişme).

Matematik gyzy hiç haçan söýmäň
Kök astyna salyp, har eder seni.
Seni söýýän diýip örtenmäň, köýmäň
Ýalynsyz ot bilen zar eder seni.

Seniň päk söýgiňi köpelder, böler
Söýgüden söýgini aýyryp nul eder
Öz söýgüsini sorasaň kwadrata götär
Sagdan çepe aýyryp kör eder seni.

Gidere ýer ýok skopka salsa
Senden derek galmaz bir önüm alsa
Birdenem depäňden aýyrmak gelse
Derejä göterip kül eder seni.

Integrala ýetmän sözi goýaly
Alaç ýok seniňki dogry diýeli
Ol diýse dessine jany bereli
Ine şondan soňra ýar eder seni.

Beýle diýsem gyzlar öýkelemäň siz
Gyzlaryň seresi matematik gyzlar
Pullary tygşytly sogýandyr olar
Gyzlaryň seresi matematik gyzlar
11
330
Didarmuhammet
03.04.2020 00:02
Toýuňa gutlagym!
Sen diysem öwrülse garagym tüme..
Tutardym adyňy gaýgyrman gözüm.
Garylsa, Sen diýsem kükregim ýere.
Goýsada urmasyn Mejnun ýüregim.
Şondada adyňy tutaryn mydam.
Söýgimi gowşurman näzik güllere.
Diňe Sen bolardyň ömrüň gunçasy.
Diňe sen bolardyň yşkyň nowçasy.
Şonun üçin bu dünýäde geregim.
Sen diýip ýaşaryn. Ýaşatsa Takdyr.
Ýumaýsam gözlerim bijeli bir gün.
Oň üçin ahmyr däl, Seň üçin ahmyr.

Baglanmasa keç ykbal gursa duzagyn,
ýüregim boş ursa, yşkym tütese.
Meň barlygym bu äleme ne derkar.
Artyklygym bu äleme sygmasa.
Ýöne seň bagtyňa guwansa didäm,
artyk galman. Kem galmasam jahana.
Duýmasa duýmasyn kemligim älem.
Şärik bolsam islemersiň, şonda-da.
Pursat ber, syn kylaýyn azajyk,
bir çetde, orun alan kalbyňda,
bagyn hazan uran, Söygi mülkime.

Pursat ber, Rugsat ber!
Sen azajyk.
Ökünmersiň ökünseňde geçmişe,
Sen diýip elenen daglanan ýürek,
ýazygyndan tapmasada karary.
Aýňalsyn gözýaşlaryň akmasyn.
Şatlyk bilen açylsyn goý çyragy.
Sabyryn bermedik ykbal duzagy,
indi hiç ýykmasyn söýginiň öýün.
Saňa duşjak Bilbil, bilbilleň beýgi.
Has belentden çalsyn Söyginiň sazyn.
Bagt bersin, Tagt bersin Ylaýym,
Zar bolma hiç söýgi bilen şatlyga,
Bagt Sizi gujagyna atarsyn.
Gurşasyn daşyňyz soň gelmez Söygi.
Şatlykdan gözlerde durmasyn ýaşyň.
Hesretden däl, bagtdan aýlansyn başyň.
Iň soňky umydyn sözledi göwün,
Arzuwlar çemenin baglady Saňa!
Dostuň däl, dogan däl, näbelli tanşyň
9
383
Didarmuhammet
02.04.2020 23:54
《Gitme ýanymdan》

Bu dünýäde ýeke geze bilmerin,
Gitme gülüm, gitme meniñ ýanymdan
Ykbalymda sensiz ýaýnap-gülmerin,
Ýalbarýan ezizim gitme ýanymdan.


Mydam söýüp gezjegiñe söz berdiñ,
Şondan soñ kalbymyñ közüni dördüñ,
Näme boldy meni müñ derde goýdyñ,
Gitmesene, gitme meniñ ýanymdan.


Ýa meñ beren söýgümi az gördüñmi?
Ýa-da göwne degjek sözüm diýdimmi?
Ýa menden başgada birin söýdüñmi?
Ýeketägim gitme meniñ ýanymdan.

Arzuwlarym bardy bile toý-tutmak,
Seniñ bilen bagtyñ soñuna ýetmek,
Saña ýaraşmaýar aýrylyp gitmek,
Mähribanym gitme meniñ ýanymdan
10
323
Didarmuhammet
01.04.2020 23:56
Sonky wagt iç gysma bolup baslady.Gelin has gyzykly bolar yaly ozumiz gosgy duzeliñ. oglanlar bir gyza soz aytmak ucin bir gosgyjyk duzmeli, gyzlar sizem sol soze jogap bermek ucin gosgy duzmeli.
9
945
Didarmuhammet
25.03.2020 22:50

《Söýgi oýlanmasy》
《Arman bolup galan söýgúm》

Ýaz günidi ýapraklar saralyp ýere gaçýadylar. Men bolsa ýete bilmedik arman bolup galan söýgüm ýadyma düşýär. Ýaz howasy şeýle gowydy, ýöne bir tarapdanam geçen ajaýyp günlerimi ýada salýardy. Her şemäl öwsüp ýüzüme uranda maňa ol ajaýyp günleri ýatladýady. Ah meniň arman bolup ýetip nesip etmedik söýgüm. Käşkä wagty yzyna dolap bolsady, ýöne ondada ýazylmadyk bolsa näme etjek

Dyza çöküp Allahymdan dilänim
Ýete bilmän galdym ýürek islänim
Çüýräp galdy gursagymda beslänim
Mydam ýalňyzlykda goýan Durmuş sen

Her gün ýatlasamam men ony biziň ýolymyz indi birleşip bilmezdi. Onnada ilki söýeniň ýatdan çykmaýarda. Geçen günlere ser salsam süýji günleri geçiripdik. Men Läle bilen ýokary synpda okan dowrum tanşypdyk her gün diýen ýaly men ony öýlerine çenli ugratýadym. Ol bolsa
---Indi gaýdaý yzyňa oglan doganlam göräýmesin. Men bolsa bolýa diýip sagbollaşyp gaýtýadym.

Arzuw etýän durmuş gursak biz bile
Gürrüň bolup çolanmaly biz dile
Gelnim bolup gelseň biziň öýmize
Şol bagtly güne ýetsek söýgülüm

Içimden goşgymy aýtsamam. Men entäk Lälä öz söýgümi aýdyp bilemokdym. Her gezek indi aýdaryn diýýänemde ýene utanyp aýdyp bilemokdym. Näçe badalsamam ony görüp eräýädim diýjek sözlerim zym zyýat bolýady. Bir günem ol okuwa gelmedi. Men ony görjek bolup köçelerinden kän gatnadym. Läle bile aramyz daş däldi. Olaryň ýaşaýan obasynyň aňyrky obasyndada biz ýaşaýadyk. Ertesi Läle bilen gaýdyp barýadyk.
---salam Läle
---Salam Kakajan
---Dün näme okuwa gelmediňle mugallymdan soramanam birhili gördüm
---Howwa galmaly boldum
---Näme boldy saglykmy
---Howwa saglykla
----Läle men saňa birzat aýtjakdym
---Wii Kakajan menem saňa hoş habarym bar
----Onda ilki sen aýt Läle seniň begenjiň meň begenjim.
---Aýtsam Kakajan maňa düýn Ýalyk daňdylar. Nesip bolsa awgusta toý sen gowy görüşýän synpdaşym bolansoň hem syrymy aýdamsoň saňa da aýdaýyn diýdim. Meniň üssümden gaýnan suw dökülen ýaly bolly näme diýjegimi bilmän. Bagtly bol Läle begendim maňlaýyň bolsun diýdim. Meniň indi gürlänimiň haýry ýokdy.
Ah meniň arman bolup galan söýgüm.Seýdip orta mekdebi tamamlan badymyza senin toýuñ boldy.Men şahere okuwa gaytdym arada oba baranymda seni oymeli gordum.Senin bagtlydygyny gorup men gaty begendim lalam.Bagtly bol menin armanda galan ilkinji soygim❤❤❤❤


Howlyñyzda ulydan toy bolup dur
yat yerlere gelin bolup gidyarsin
gozumdaki yaslam yere akyp dur
yat yerlere gelin bolup gidyarsin


Gūnorta çagynda atbaşşyñ geldi
seni alyp yola rowana boldy
Aşygyñ yzyñda seredip galdy
ýat ýerlere gelin bolup gidýarsin
8
364
Didarmuhammet
16.03.2020 00:08
Öwseña ýalan diýer, Öwmeseñem taşlap gider.

Hemme islàn zadyna bor diyseñ yaman öwrenśer, Ýok diýseñem düśünjesiz diýer.

Ýanyna köp gitseñ ýüregine düśersiñ, Az gitseñem gaty görer.

Gowja geýinseñ jalaý diýer, Üns bermàn geyinseñem wkusam ýokla diýer.

Gabansaña hereketleriñ gowy dàl diýer, Gabanmasañam meni söýenok diýer.

Bir iki minut gijà galsañ kyýamaty goparar, Özi bir sagat gija galsa welin nàme boldy diýer.

Egerde dostlarymyz bilen görüşmek islesek näme isiñ bar diýer, Özi joralary bilen duşuşasy gelse welin, Men gyzlañ ýanyna gitjek diýer.

Başga gyzlara seredäýseñ gözüñi oýar, Başgalary olara seretse welin, Waý meni halapdyr bolar.

Gürlap durka diñlenilmegini islar, Diñlap dursañam näme üçin gürläñok diýer

Bu bir degisme gyzlar gaty gorman yone azajygam bolsa kawagt sizem seyle pikir edyarsiniz dogry gerek???????
8
421