Didarmuhammet
03.04.2020 22:19
Matematik gyzy (degişme).

Matematik gyzy hiç haçan söýmäň
Kök astyna salyp, har eder seni.
Seni söýýän diýip örtenmäň, köýmäň
Ýalynsyz ot bilen zar eder seni.

Seniň päk söýgiňi köpelder, böler
Söýgüden söýgini aýyryp nul eder
Öz söýgüsini sorasaň kwadrata götär
Sagdan çepe aýyryp kör eder seni.

Gidere ýer ýok skopka salsa
Senden derek galmaz bir önüm alsa
Birdenem depäňden aýyrmak gelse
Derejä göterip kül eder seni.

Integrala ýetmän sözi goýaly
Alaç ýok seniňki dogry diýeli
Ol diýse dessine jany bereli
Ine şondan soňra ýar eder seni.

Beýle diýsem gyzlar öýkelemäň siz
Gyzlaryň seresi matematik gyzlar
Pullary tygşytly sogýandyr olar
Gyzlaryň seresi matematik gyzlar
11
331
Myhman Myhman
12 Aprel 2020
Br matematik joram ba ola puly tygşytly sowmak eken öňünden çykan zady alýa?
Paradise
3 Aprel 2020
Gowy gosgy?????
•Fatima•
3 Aprel 2020
Gowy goşguda şu??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.