Ýüregiň böküp dur, dünýä syganok,
Sähel zada gülen on sekiz ýaşym.
Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah, özgesi ýalan, on sekiz ýaşym.
Duýman galdym neneň niçik geçenin,
Toýlarda tans oýnap, serden geçenim.
Şol gözeliň gözlerine gaçanym,
Girdaba gark bolan on sekiz ýaşym.
Çolaşasyň geldi dilber näzine,
Sataşasyň geldi söýen gyzyňa.
Biygtyýar düşdüň-gitdiň yzyna,
Ýatlamadan gelen on sekiz ýaşym.
Göz astynda ogryn-ogryn bakmaýar,
Wada berýär, wagty bilen çykmaýar.
Agşam Aý yşygna şöwür çekmeler,
Bar wagtyňy alan on sekiz ýaşym.
Asmana baksaňam şol gyzyň keşbi,
Zemine baksaňam şol gyzyň keşbi.
Beýle jebir nädip paýyňa düşdi,
Soňsuz dedi salan on sekiz ýaşym?
Ähli ahmyr-armanlarym alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim.
Diläniňe bitse, ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan, on sekiz ýaşym.
Diýdi: ”Şahyr gury hyýal haýyşyň” –
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn.
Şindiki ýaşlardan ýalňyz haýyşym:
Gadyryny biliň on sekiz ýaşyň.