Didarmuhammet
05.12.2022 17:28
Biznes motiwasiýa: öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.
*****
You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…
*****
Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.
*****
Uborka etmegiň yzgiderligi:
Tekjeleri süpürmek.
Köne suratlary tapmak we 3 sagatlap görmek.
Ýadap, goýbolsun etmek.
*****
Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňküleri ýuwmaly.
*****
Gyzlar bilen üýşenimizde “Buýruk ýa-da hakykat” oýnadyk. Gyzykly bolsun diýip “buýruk” saýladym. Öýüňe git diýdiler. Gaty agyr degdi…
*****
Şu durmuşyň maňa beren yekeje plýus zady bar, olam gan toparym.
13
214
4
Didarmuhammet
09.04.2022 10:28
Seyle dami oglanlar we gyzlar😆😆😆
13
51
3
Didarmuhammet
17.03.2022 21:19
IBERILMEDIK HAT
Näçe ýyllap men aýgyda gelmedim,
Wagt bejerer öýdüp ýürek awusyn.
Ahyry şu haty ýazman bilmedim,
Täleýimden uçup giden tawusym.
Barybir, adybir görküň unutman,
Şol günem ýadymda galdy düýş ýaly.
Hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň,
Geçmesi kyn, pursat deýin süýşýäni.
Buýsanjaňdyň, üstesine gedemdiň,
Menem heniz aw görmedik ýeke-nil.
Şol pursat aýgytly pikir edemde,
Bagtymy bagryma basjak ekenim.
Başymdan geçensoň boýun alýaryn,
Ýagşy-ýaman wakakalaryň ençesi.
Açdy söýgiň ýeke sapar bolýanyn,
Soň sataşan gözelleriň sençesi.
Şonda tapan bolsam eziz leglegim,
Has mylaýym ýoluň, gowne degmegiň.
Saçlaryň üstüme saýa bolardy,
Ökünjem ömürlik zaýa bolardy.
Bolmaz eken geçen günleň gaýdymy,
Senem indi äre çykdyň toý berip.
Şanyna ilkinji, soňky aýdymy,
Ýazdym, ýöne bilmen sana goýberip
11
37
1
Didarmuhammet
09.03.2022 23:12
Ol meniň student — ýaşlyk ýoldaşym,
Men oň durmuşuna aşyk owaldan.
Oň birje ýylgyrşy beýgeldýär başyň,
Ol şeýle owadan,
Şeýle owadan!
Ýeri, ol owadan bolanda näme?!
Onda kän şatlyk bar,
Onda kän gam bar,
Onuň bilen söhbet etmek ýakymly,
Her bir aýdan sözi kalbyňa damýar,
Ol şeýle akylly,
Şeýle akylly.
Ýeri ol akylly bolanda näme?!
Her bir meselede aýdyň hem takyk,
Diýdigi gutardy — örän bir gepli.
Tüýs terbie gören diýleni hakyt,
Ol diýseň edepli,
Diýseň edepli.
Ýeri ol edepli bolanda näme?!
Ýagyş damjasyny,
Hol ýatan çöpi
Eý görýän, düýga baý köňül şähri bar.
Ol duýgy özüne bendi edýär köpi,
Ol şeýle mähriban,
Şeýle mähriban.
Ýeri ol mähriban bolanda näme?!
Ony meňzedemok men ýöne ýere,
Gözeller içinde ýeke-täk gyza.
Oňa hiç ýokmaýar sürtseň-de gara,
Ol şeýle päkize,
Şeýle päkize.
Ýeri, ol päkize bolanda näme?!
Owadandan-owadan kän dünýäde,
Ýöne, oň taýyna duşamok heniz.
Ol juda çalymdaş bagt diýen zada,
Ol şeýle gowy gyz,
Şeýle gowy gyz.
Ýeri, gowy gyz bolanda näme?!
Ol özüňki bolmasa!
13
75
5
Didarmuhammet
14.09.2021 19:28
Asgabatdaky mir 7daki 133-nji mekdepde okayan barmy bolsa aydayynda sorajak zadym bardy biri hakynda 🙏🙏🙏🙏🙏
7
581
37
Didarmuhammet
20.05.2020 23:00
Owrenmelinin agzalary hakynda kim nahili pikirde????
6
179
5
Didarmuhammet
18.05.2020 22:15
Haysy gyzy söymeli
Kömek ediñ söygi yoldan geçenler!
Ullakan bir mesele bar çözmeli.
İlem söyyär, menem söyjek birini,
Yöne bilmen haysy gyzy söymeli
Uzynynmy ya söymeli keltesin
Işlisinmi ya bolmasa yaltasyn
Ayt dost, yöne soñy ahmyr bolmasyn,
Şol gyzlardan haysy birin söymeli?
Garasy bar, sarysy bar, agy bar,
Akyllysy ya-da añy yogy bar,
Käsi arryk, käbirinde yagy bar.:
Maslahat ber! Haysy gyzy söymeli
Daşy jäjek, içi möjek pikirli,
Ya tersine bar gününe şükürli.
Söygi diyseñ, öwser käsi müñ dùrli
Saylap, olañ haysy birin söymeli
Gözeller kän, saylamaly birini,
Ikisi kän, yogsa söyjek baryny
Kül etmez dek gül ömürin yaryny
Aydyñ dostlar haysy birin söymeli
Beti- betdir, tabyn eder gorkagy
Bardyr kä erkekden beter erkegi.:
Käsi güymär bir özi on telpegi.
Aydyñ, bulañ haysy birin söymeli?
Yelek yaly, emma şekili gözel,
Yada sypatyndan akyly gözel.
Däp-dessurly, köynek yakaly gözel.
Başym çaşdy, haysy birin söymeli
9
186
9
Didarmuhammet
14.05.2020 23:39
Sizin pikirinizce owrenmelinin in owadan gyzy kimka???
2
307
66
Didarmuhammet
06.05.2020 21:53
Owadanlyk diyilende name yada kim goz onunize gelyar??
5
110
5
Didarmuhammet
22.04.2020 23:32
Yany agzalaryn biri ic gysgync bolup baslady. Gelin onda oyun oynalyn ine turkmen alfabitlerini yazdym indi bir san aydyn sol sanda haysy harp bolsa sol harpadan baslayan agza sorag beryaniz islan soragynyzi ady agzalan agzada jogap bermeli.. Ady agzalan agzada jogap berenden son yenede san aydan ay gar seyle..
OYNALYNMY YA OYNASYNYZ GELENOKMY...
MESELEM MEN 8 SANY SAYLAYAN
5
499
15
Yene yükle