Didarmuhammet
18.05.2020 22:15
Haysy gyzy söymeli

Kömek ediñ söygi yoldan geçenler!
Ullakan bir mesele bar çözmeli.
İlem söyyär, menem söyjek birini,
Yöne bilmen haysy gyzy söymeli

Uzynynmy ya söymeli keltesin
Işlisinmi ya bolmasa yaltasyn
Ayt dost, yöne soñy ahmyr bolmasyn,
Şol gyzlardan haysy birin söymeli?

Garasy bar, sarysy bar, agy bar,
Akyllysy ya-da añy yogy bar,
Käsi arryk, käbirinde yagy bar.:
Maslahat ber! Haysy gyzy söymeli

Daşy jäjek, içi möjek pikirli,
Ya tersine bar gününe şükürli.
Söygi diyseñ, öwser käsi müñ dùrli
Saylap, olañ haysy birin söymeli

Gözeller kän, saylamaly birini,
Ikisi kän, yogsa söyjek baryny
Kül etmez dek gül ömürin yaryny
Aydyñ dostlar haysy birin söymeli

Beti- betdir, tabyn eder gorkagy
Bardyr kä erkekden beter erkegi.:
Käsi güymär bir özi on telpegi.
Aydyñ, bulañ haysy birin söymeli?

Yelek yaly, emma şekili gözel,
Yada sypatyndan akyly gözel.
Däp-dessurly, köynek yakaly gözel.
Başym çaşdy, haysy birin söymeli
9
187
gulshatayewa97
19 May 2020
Edplisini söýmeli!
Bitter?
18 May 2020
Gosulyan
Myhman Myhmam
18 May 2020
Hem 2 hem bagtly bolsa bolonokmy??
Ýekeýönebagtly
18 May 2020
Yeke yone bagtly bolmaly 25 yasyna cenli in bolmanda
Fatima
18 May 2020
Haýsy size ýakyn bolsa?
Onik
18 May 2020
Oz soyyen yarynyz alarsynyz yakyn haryndaslaynyz razy bolsa
Myhman Myhman
18 May 2020
Ejen yok bolsa näme etmeli????
Smile
18 May 2020
Sol agzanlañ haysysyny goreñde gozuñ gyzaryp sacyñ hužerip basyñ aylanyan bolsa sony soymeli???
Nurgül
18 May 2020
Gyza zarmy ejeň alyp berenını soyme li
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.