Ol meniň student — ýaşlyk ýoldaşym,
Men oň durmuşuna aşyk owaldan.
Oň birje ýylgyrşy beýgeldýär başyň,
Ol şeýle owadan,
Şeýle owadan!
Ýeri, ol owadan bolanda näme?!
Onda kän şatlyk bar,
Onda kän gam bar,
Onuň bilen söhbet etmek ýakymly,
Her bir aýdan sözi kalbyňa damýar,
Ol şeýle akylly,
Şeýle akylly.
Ýeri ol akylly bolanda näme?!
Her bir meselede aýdyň hem takyk,
Diýdigi gutardy — örän bir gepli.
Tüýs terbie gören diýleni hakyt,
Ol diýseň edepli,
Diýseň edepli.
Ýeri ol edepli bolanda näme?!
Ýagyş damjasyny,
Hol ýatan çöpi
Eý görýän, düýga baý köňül şähri bar.
Ol duýgy özüne bendi edýär köpi,
Ol şeýle mähriban,
Şeýle mähriban.
Ýeri ol mähriban bolanda näme?!
Ony meňzedemok men ýöne ýere,
Gözeller içinde ýeke-täk gyza.
Oňa hiç ýokmaýar sürtseň-de gara,
Ol şeýle päkize,
Şeýle päkize.
Ýeri, ol päkize bolanda näme?!
Owadandan-owadan kän dünýäde,
Ýöne, oň taýyna duşamok heniz.
Ol juda çalymdaş bagt diýen zada,
Ol şeýle gowy gyz,
Şeýle gowy gyz.
Ýeri, gowy gyz bolanda näme?!
Ol özüňki bolmasa!