Dayhan
31.03.2023 00:12
Bir türkmen ýaşuly öz köneje "Volgasynda" Moskwa gezelenje gidipdir. Moskwadaky uly jaýlary synlap barşyna ýalňyşlyk bilen öňden barýan gara maşynlaň birine yzdan urupdyr. Öňdäki maşyndan bolsa ohranalary bilen mafiýalaň başlygy düşüpdir. Aňyrdaki maşynlardanam oglanlar gelipdir.
- Nâme ýaşuly kän ýaşasyň gelenokmy?
- Ýo oglanlar köşeşiň, geliň size gyzgynjak çaý bereýin.
- Nämäň çaýow?! Sen ýalňyş adamlara sataşdyň. Maşynyň çykdajylaryny kim tölemeli? Diňe şojagaz bilenem syparyn öýtme.
- Ýo bolýa maşynyň bir zady bolar, geliň çaý bereýin size - diyip ýaşuly maşynyň bagažyny açjak bolýa ýöne mafiýalar ony gürletmän ýene pul soraýarlar.
- Sen düşüneňok öýtýân. Nireden sen?
- Türkmenistan.
- Seret Türkmenistan bolsaň öýüňdäkilere jaň et. Garyndaşlaňa jaň et halylaryny, düýelerini satsynlar, jaýlaryny, gyzyllaryny satsynlar, maňa 1 hepdäň içinde ýüz müň dollar getirmeseň saňa gowulyk ýokdur.
Ýaşulam edil şol wagt bagažy açyp bir çyra çykarypdyr. Çyraň gyrasyny süpürende içinden jyn çykyp " Diňleýän hojaýyn" diýipdir.
- Seret jyn, oglanlara çaý çörek ber diýendenem öňlerinde çaý, dürli gury iýmişler, çörejik, mesge, her dürli zat peýda bolupdyr.
Ony görüp mafiýalaň başlygy agzyny açypdyr.
- Ýaşuly, seret şu gara maşyny, maşynyň içindäki bir çemodan puly bereýin, ýöne sen maňa şo jyny ber diýipdir. Ýaşulam aý bolýa diýip gara Mercedese münüp gidiberipdir.
Soňra ýaňky mafiýalaň başlygy jyny çagyryp: " İne şu meň dostum Valera, şoňa Valensiýadan 3 gatly kottej.
- Hojaýyn men...
- Dur jyn meň sözümi kesme. İne bu meň oglum Dima, oňa las-vegasdan iň uly kazinony, iň gymmat maşynlary ber.
- Ýöne hojaýyn...
- Sözümi kesme diýýän. Meň özümi dünýädäki hemme mafiýalaň başlygy et. Hemme ýerde sözüm ýöresin.
- Hojaýyn bagyşlaň men olar ýaly zatlary edip bilmeýän, men obyçny jyn däl. Men çaýhanaçy jyn. Men diňe çaý oňarýan...
2
90
Dayhan
30.03.2023 00:53
Aýallar dünýäniň many, gyzygy
Günüň hem dogmagnyň sebäbi olar
Olar tebigatyň uly kanuny
Aýallar gynansa Aý öçük dogar

Aýallar süýji dil, mähirli gözler
Aýlyk gelen güni ýylgyrýan ýüzler
Aýallar müň goşgy şonça-da roman
Şahyrlar siz üçin çyrşaşyp yörler

Aýallar kömekçiň seniň omurlik
İrden tursaň taýýar duran saçagyň
İşe gitseň dogalary kömek biýr
İşden gelseň bugy bilen naharyň

Aýallar çyzygy maňlaýymyzyň
Ömrümize goýan yzymyz olar
Başlaryň, dikligi, ruh belentligi
İli içinde at hem abraýmyz olar

Aýallar enemiz hem-de mamamyz
Aýallar ýoldaşy biz erkekleriň
Aýallar gyzymyz, jigi, uýamyz
Dowamaty olar nesillermiziň

Bagtyýar Hajymämmedow
İcq: @gosgular_dunyasi
İcq: @dayhan licka
13
113
Dayhan
29.03.2023 14:36
Bir dilegçi bar eken.
Bir oglan her gün şoňa 5 manat oklap geçýän eken.
Birnäçe wagtdan soňra 1 manat oklamaga başlapdyr.
Dilegçem geň galyp başlapdyr ýöne hiç zat aýtmandyr.
Ýene wagt geçip oglan 50 teňňe oklamaga başlapdyr.
Ýene aradan wagt geçenden soňra şol oglan 20 teňňe oklamaga başlapdyr.
Ahyrynda dilegçi çydap bilmän: " Eý inim bäri gelsen 1 minut, sen öň maňa her gün 5 manat berýärdiň, soňra 1 manada düşürdiň, wagt geçdi 50 teňňä düşürdiň, indem halys 20 teňňä düşüräýdiňä. Näm boldy beýle?
- Aý agam sen sorama. 5 manat berýän wagtlam men ýeke özüm ýaşaýardym, soň öýlenemden soňra özüme-de ýetmän başlady 1 manada düşürdim. Soň gyzym boldy 50 teňňä gaçyrmaly boldum. Soňra oglumam bolandan soňra 20 teňňä gaçyrmaly boldumda.
- Nätdiňaý inim?! Näme seň eklenjiň maňa galdymaý?
19
438
Dayhan
28.03.2023 04:09
Agaç kakylan aynalary yapyk otagda
Esgerler saklap dur, gapy-da yapyk
Ne bir oň içine girip bilýän bar
Ne de oň daşyna bolyardy çykyp

Gapynyň agzynda hakyky esger
Otagyň içinde geljekki esger
Birtopar yigidi saklap otyrlar
Bir ofiser gelip hazir akider

Emma sen hazirem garaşyp otyň
Ofiserem esgerem gelenok entek
Uzak gün açlykdan yaňagyň çokdi
Ey Allam bir zatlar garbanmak gerek

Herkimiň yzyndan bir zat gelyärkä
Kemsindirjek eken sen ýatdan çyksaň
Birden familyamy gygyrdy biri
Bir gazan corbady baryp seretsem

Biraz nahar ugradypdyr gelnejem
Nahar dal begendim senin barlygna
Herkimiň yzyndan bir zat gelyarka
Kemsinmedim, çäk ýok minnetdarlygma

Gazanlap iberen şol gunki corbaň
Butin çorbalardan tagamly çorba
Dort baş bolup iydik yeke çemçeden
Towir etdik: Gelnejemi sen gora

Şol yerde galdyrdym men şol gazany
İki ýyl ýatladym şony gullukda
Başagaýlyk bilen ýitdi gazanyň
Gazan alyp berjek ilki aylykda

Yyl gecdi ay gecdi uytgedi durmuş
Yatlamok gazany öňkusi yaly
Kate pikirlenyan namartmykam men
Ay yok gelnejemem unudan ýaly

Başgada köp zady etjek aylykda
Gullukda dostum bar pul oklap berjek
Jigimin boynuna zynjyrjyk dakjak
Ejemin eline dakjak ýüzüjek

Nesip bolsa diyip yada düşende
Sowup bar pulumy çykanda ýatdan
Yedinji aylygym gutaryp barya
Alty ay gecipdir ilki aýlykdan

Boldy, hökman berjek şol bergilemi
Bir yere bellärin çykarman ýatdan
Bu gün yene gaýtalandy şo ýagdaý
Dostumam gelipdir bu gün gullukdan

Bagtyýar Hajymämmedow
İcq: @dayhan
İcq kanal: @gosgular_dunyasi
10
91
Dayhan
27.03.2023 12:25
Gezelenç edýärkäň dostlaryň bilen
Gürrün açylýarka durmus hakynda
Geljek hakynda,
Geçmiş hakynda
Aýdym eşdilendir saňa ýakynda

Gadymy aýdymdyr dostlaryň üçin
Senin uçin bolsa gadymy duýgy.
Eşitmankaň gülüp durdy yüzleriň
Yene gülyär welin, yürekde gaýgy

Çagalyk ýyllaryň, ilkinji söýgiň...
Çagalyk gutardy şol söygüden soň
Bagtyňa gaygyňa yoldaşdy aydym
Adam bolupdyn sen şol gaygydan soň

Soň soňlaram yada duşse yaşlygyň
Şol gunleriň gussa beren pursady
Şojagaz aýdymdy ýeke ýoldaşyň
Şoň bilen sowatdyň ýanýan gursagy

Köçede eşdeniň diňe aýdym däl
Aýdymda eşdildi birgiden duýgy
Bagşyňam aýtýany diňe aýdym däl
Köp kişä geçmiş ol, köplere gaýgy

Gezelenç edyärkaň dostlaryň bilen,
Gürrüň edilyärkä geçmiş hakynda
Geçmişi iň oňat şol ýatladýandyr
Eşdilýärkä şol aýdymlar yakynda

İcq kanal @gosgular_dunyasi
İcq lickam @dayhan
4
54