Dayhan
31.03.2023 00:12
Bir türkmen ýaşuly öz köneje "Volgasynda" Moskwa gezelenje gidipdir. Moskwadaky uly jaýlary synlap barşyna ýalňyşlyk bilen öňden barýan gara maşynlaň birine yzdan urupdyr. Öňdäki maşyndan bolsa ohranalary bilen mafiýalaň başlygy düşüpdir. Aňyrdaki maşynlardanam oglanlar gelipdir.
- Nâme ýaşuly kän ýaşasyň gelenokmy?
- Ýo oglanlar köşeşiň, geliň size gyzgynjak çaý bereýin.
- Nämäň çaýow?! Sen ýalňyş adamlara sataşdyň. Maşynyň çykdajylaryny kim tölemeli? Diňe şojagaz bilenem syparyn öýtme.
- Ýo bolýa maşynyň bir zady bolar, geliň çaý bereýin size - diyip ýaşuly maşynyň bagažyny açjak bolýa ýöne mafiýalar ony gürletmän ýene pul soraýarlar.
- Sen düşüneňok öýtýân. Nireden sen?
- Türkmenistan.
- Seret Türkmenistan bolsaň öýüňdäkilere jaň et. Garyndaşlaňa jaň et halylaryny, düýelerini satsynlar, jaýlaryny, gyzyllaryny satsynlar, maňa 1 hepdäň içinde ýüz müň dollar getirmeseň saňa gowulyk ýokdur.
Ýaşulam edil şol wagt bagažy açyp bir çyra çykarypdyr. Çyraň gyrasyny süpürende içinden jyn çykyp " Diňleýän hojaýyn" diýipdir.
- Seret jyn, oglanlara çaý çörek ber diýendenem öňlerinde çaý, dürli gury iýmişler, çörejik, mesge, her dürli zat peýda bolupdyr.
Ony görüp mafiýalaň başlygy agzyny açypdyr.
- Ýaşuly, seret şu gara maşyny, maşynyň içindäki bir çemodan puly bereýin, ýöne sen maňa şo jyny ber diýipdir. Ýaşulam aý bolýa diýip gara Mercedese münüp gidiberipdir.
Soňra ýaňky mafiýalaň başlygy jyny çagyryp: " İne şu meň dostum Valera, şoňa Valensiýadan 3 gatly kottej.
- Hojaýyn men...
- Dur jyn meň sözümi kesme. İne bu meň oglum Dima, oňa las-vegasdan iň uly kazinony, iň gymmat maşynlary ber.
- Ýöne hojaýyn...
- Sözümi kesme diýýän. Meň özümi dünýädäki hemme mafiýalaň başlygy et. Hemme ýerde sözüm ýöresin.
- Hojaýyn bagyşlaň men olar ýaly zatlary edip bilmeýän, men obyçny jyn däl. Men çaýhanaçy jyn. Men diňe çaý oňarýan...
2
90
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.