Dayhan
28.03.2023 04:09
Agaç kakylan aynalary yapyk otagda
Esgerler saklap dur, gapy-da yapyk
Ne bir oň içine girip bilýän bar
Ne de oň daşyna bolyardy çykyp

Gapynyň agzynda hakyky esger
Otagyň içinde geljekki esger
Birtopar yigidi saklap otyrlar
Bir ofiser gelip hazir akider

Emma sen hazirem garaşyp otyň
Ofiserem esgerem gelenok entek
Uzak gün açlykdan yaňagyň çokdi
Ey Allam bir zatlar garbanmak gerek

Herkimiň yzyndan bir zat gelyärkä
Kemsindirjek eken sen ýatdan çyksaň
Birden familyamy gygyrdy biri
Bir gazan corbady baryp seretsem

Biraz nahar ugradypdyr gelnejem
Nahar dal begendim senin barlygna
Herkimiň yzyndan bir zat gelyarka
Kemsinmedim, çäk ýok minnetdarlygma

Gazanlap iberen şol gunki corbaň
Butin çorbalardan tagamly çorba
Dort baş bolup iydik yeke çemçeden
Towir etdik: Gelnejemi sen gora

Şol yerde galdyrdym men şol gazany
İki ýyl ýatladym şony gullukda
Başagaýlyk bilen ýitdi gazanyň
Gazan alyp berjek ilki aylykda

Yyl gecdi ay gecdi uytgedi durmuş
Yatlamok gazany öňkusi yaly
Kate pikirlenyan namartmykam men
Ay yok gelnejemem unudan ýaly

Başgada köp zady etjek aylykda
Gullukda dostum bar pul oklap berjek
Jigimin boynuna zynjyrjyk dakjak
Ejemin eline dakjak ýüzüjek

Nesip bolsa diyip yada düşende
Sowup bar pulumy çykanda ýatdan
Yedinji aylygym gutaryp barya
Alty ay gecipdir ilki aýlykdan

Boldy, hökman berjek şol bergilemi
Bir yere bellärin çykarman ýatdan
Bu gün yene gaýtalandy şo ýagdaý
Dostumam gelipdir bu gün gullukdan

Bagtyýar Hajymämmedow
İcq: @dayhan
İcq kanal: @gosgular_dunyasi
10
91
Dayhan
29 Mart 2023
Myhman Myhman,sps
Myhman Myhman
28 Mart 2023
Gowy gosgy eken
Dayhan
28 Mart 2023
Halasanyz like gysganmaň 😉
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.