Bio_girl👩‍🔬💫
29.02.2024 16:28
"You never know what tomorrow will bring. Love your family, your friends, your life, and yourself with all of your heart🫀 Right now"


📌Translate:
"Никогда не знаешь, что для тебя готовит завтрашний день. Любите свою семью, своих друзей, свою жизнь и себя всем сердцем🫀Прямо сейчас."
39
79
Bio_girl👩‍🔬💫
29.02.2024 12:23
"Remember who was with you when you had nothing to offer but yourself.💯🕊"


📌Translate:
"Вспомни, кто был с тобой, когда тебе нечего было предложить, кроме себя.💯🕊"
35
28
Bio_girl👩‍🔬💫
28.02.2024 21:04
KAKA.
Cagasyna adim atlap owretdi,
Ogly yykylanda ata soyendi.
Emma name ucindir ,ol garry ata,
Ogluna soyenman ,hasa soyendi..........

Eje hakda kan yazyldy gosgular
Yazylyp yor, yene-de kan yazylar,
Yone kaka hakda yazylanok kan.
Nadip beyle pese gacdy kakalar?

Yok diyjekdal, hawa ene mukaddes,
Sylamaly ejeleri soymeli .
Yone dine ejeleri dal,
Eysem, kakalarymyzda sagbol diymeli.

Eje ak suyt berdi hem mahir berdi,
Emma kakamyzam sonca soyendir.
Eje gije yatman huwdulan bolsa,
Kaka gijelerine gala bolandyr.

Kaka bolmak yenil-yelpay dal ahyr,
Hem mahirli, hem gazaply bolmaly.
Caga terbiyesi nazik mesele,
Ka sogup, ka soyup owsup durmaly.

Kaka eklap saklap gosmaly sana,
Basga galan isam boynuna alyar.
Ogly haysy yolda , geljegi nicik,
Dost yary kim baryn bilmeli bolyar.

Eje hakda kan yazylyar gosgular,
Kaka hakda kop yazmaga hajat yok,
Dine kaka ucin gowy ogul-gyz bol,
Kaka sondan basga kan zat islanok!!!!!!!
40
78
Bio_girl👩‍🔬💫
28.02.2024 07:22
They say “Follow your heart”…🫀But I can’t follow you where you’re going….🕊

-Ranata Suzuki.

📌Translate:

Говорят: «Следуй своему сердцу»...🫀Но я не могу следовать за тобой туда, куда ты идешь…🕊

— Раната Сузуки.
37
50
Bio_girl👩‍🔬💫
27.02.2024 22:07
Eý söýgi, eý söýgi, eý beýik söýgi!

Eý söýgi, eý söýgi, eý beýik söýgi!
Muhammet ymmatyn ýaradan senmi?
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükden
Asmany, zemini döreden senmi?

Barha alawladyp yşkyň körügin,
Penjesine düşdiň gepçi görübiň.
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Didaryn görmäge zar eden senmi?

Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şol diňli çöllerde çekdi armany.
Meňliden aýyryp Magtymgulyny
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?

Bir zady bilemok barmyka söýgi?!
Munda şatlyk köpmi ýa-da köp gaýgy.
Dyz epip ýalbarýan aýtsana söýgi!
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?

#Avtory bilemok.
40
118
Bio_girl👩‍🔬💫
24.02.2024 11:34
"Fall in love when you're ready, not when you're lonely.❤️"


📌Translate:
"Влюбляйтесь, когда будете готовы, а не тогда, когда вам одиноко.❤️"
40
79
Bio_girl👩‍🔬💫
23.02.2024 20:33
📌Terjime:

Durmuşyň maksady, ony ýaşamak, iň ýokary derejede tejribe dadyp görmek, täze we baý tejribe üçin höwes bilen we gorkman ýetmek.

-Eleanor Ruzwelt
35
40
Bio_girl👩‍🔬💫
21.02.2024 21:26
Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy💸💸💸

Garward uniwersiteti ABŞ-nyň Kollejleriň we uniwersitetleriň işewürligi barada direktorlar assosiasiýasy (National Association of College and University Business Officers) we Commonfund Institute guramasy tarapyndan düzülen iň baý ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

«Report» neşiriniň «Forbes» žurnalyna salgylanyp ýazmagyna görä, Garwardyň haýyr-sahawat gatançlarynyň gaznasy 49,5 milliard dollara golaý boldy.

Ikinji orunda 45 mlrd dollarlyk gaznasy bilen Tehas uniwersiteti ýerleşdi. Garwardda Tehasyň uniwersiteti bilen deňeşdirilende, 10 esse az talybyň okaýandygy habarda bellenýär.

Iň baý okuw mekdepleriniň ilkinji bäşligine Ýel (40,7 mlrd dollar), Stenford (36,5 mlrd dollar) we Prinston (34,1 mlrd dollar) uniwersitetleri girdi.

ABŞ-nyň kollejleriniň we uniwersitetleriniň 688-si girýän bu sanaw 1974-nji ýyldan bäri her ýyl düzülýär.

#Turkmenportal
40
92
Bio_girl👩‍🔬💫
21.02.2024 10:44
“Eğer Allah iki insanı birbirine yazmadıysa iki cihan bir araya da gelse o iş olmaz.😌Ama Allah tarafından iki insan birbirine yazıldıysa buna hiçbir Allah’ın kulu engel olamaz💫❤️.”
38
75
Bio_girl👩‍🔬💫
19.02.2024 19:28
💫Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.
💫Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.
💫Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.
💫Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.
💫Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara «Telepoçta», «Gwardiýaçylar», «Bank», «Kitaphana», «Muzeýler ýygyndysy» ýaly komandalar gatnaşýarlar.
💫Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.
💫Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.
💫Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere görä göni iki esse köp gepleşýärler.
💫Maýk Taýsoň professional ringde
geçiren boks ýaryşlarynyň 51-sinden
21 -sinde garşydaşyny ilkinji sekuntda
nokaut bilen ýatyrdy.
💫Atly ýadygärliklerde eger atyň iki öň aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.
💫Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.
💫Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.
💫Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.
💫Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard tonna artdy.
💫Gyzgyn suwuň sowuk suwa garanyňda agramy agyrdyr.
💫Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,
soňra kiçelýär).
💫Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.
💫Kelpezäniň dili onuň özünden iki esse uzyndyr.
💫Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň her ikinjisi 40 ýaşyna
çenli millioner bolaryn diýip çaklaýar.
Kosmiki gämi 10 minudyň dowamynda Ýeriň üstüniň 1 million inedördül kilometrini surata düşürip bilýär. Uçardan şonça meýdany surata düşürmek üçin 4 ýyl gerek bolar,geologlara we geograflara bu kär 80 ýyl iş bolardy.
💫Ikinji müňýyllygyň başynda (1000-nji ýyl) Ýeriň ilaty 400 million adam
bolan bolsa, şol müňýyllygyň ahyrynda (1999-njy ýyl) bu san 6 milliarda ýetdi.
💫Iň gysga wagtlyk uruş 1896-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şonda Angliýa Zanzibara hüjüm edýär, onuň goşuny bary-ýogy 38 minut söweşipdir.
💫Günorta Afrika Respublikasy dünýäde öndürilýän altynyň 3-den 2 bölegini gazyp alýar.
💫Dünýäde iň köp ýaýran we iň meşhur at — Muhammet.
Moskwanyň 1 millionynjy ýaşaýjysy 1837-nji ýylda doglupdyr.
💫Şwesiýada 300 müň adam Karlson (ýa-da Karlsson) familiýasyny göterýär.
💫Aýakgaplaryň ölçegi 1792-nji ýylda aýakgap ussasy Jeýms Smit tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.
💫Garynjalar hiç wagt uklaýan däldirler.
💫Suworowyň aýdan belli sözi asyl nusgasynda şeýle bolupdyr:
«Türgenleşikde agyr bolsa, söweşde ýeňil bolar».
💫Dünýäde iň köp ýaýran familiýa— Çang.
💫Ford awtomobilleriniň «T» modeli önümçilige ornaşdyrylany bäri, onuň
15 700 003 sanysy öndürilipir, olaryň hemmesi-de gara reňkli bolupdyr.
💫Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çaga bar. Olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem çaga däl. Olar dürli ýyllarda şol bir günde doglupdyr.
💫Kompakt-disk ortadan gyra okalýar, ýöne ýazylanda — gyradan orta.
💫Doňuň dykyzlygy betonyň dykyzlygyna deňeçerdir.
💫Ortaça bir aýal ömrüniň dowamyn­da 2 kilogram dodak pomadasyny ulanýar.
Iň uly sana sentilon diýilýär. Bu sanyň 600 sany noly bar. Ol 1852-nji ýylda ýazylypdyr.
💫Dünýäde iň meşhur zenan ady — Annadyr. Häzir millionagolaý zenan şol ady göterýär.
💫Elektrik akymynyň islendik bir nokadyndan 1 sekundyň dowamynda 6 242 000 000 000 000 000 sany elektronlar geçýär.
💫Adamlaryň 97 göterimi eline täze ruçka alanda, ilki bilen, öz adyny ýa familýasyny ýazýar.
💫Beýik Hytaý diwaryny diwar kagyzlary bilen ýapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düýrmegi gerek bo­lar.
39
90