Bio_girl👩‍🔬💫
27.02.2024 22:07
Eý söýgi, eý söýgi, eý beýik söýgi!

Eý söýgi, eý söýgi, eý beýik söýgi!
Muhammet ymmatyn ýaradan senmi?
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükden
Asmany, zemini döreden senmi?

Barha alawladyp yşkyň körügin,
Penjesine düşdiň gepçi görübiň.
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Didaryn görmäge zar eden senmi?

Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şol diňli çöllerde çekdi armany.
Meňliden aýyryp Magtymgulyny
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?

Bir zady bilemok barmyka söýgi?!
Munda şatlyk köpmi ýa-da köp gaýgy.
Dyz epip ýalbarýan aýtsana söýgi!
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?

#Avtory bilemok.
40
118
senorita
27 Fewral 2024
@gulia_maksatmyradowna, barlap gõrũñ )
gulia_maksatmyradowna
27 Fewral 2024
@senorita, haa köp minnetdar ) menem edip göresim geldi 😄 şolar ýaly
senorita
27 Fewral 2024
@gulia_maksatmyradowna, ilki ýazyp soñ dũzetseñiz, şonda aşakly-aşagyna ýazsañyz bolar
senorita
27 Fewral 2024
Bõlek-bõlek ýazmaly boldum, uzyn bolsa gidenok
gulia_maksatmyradowna
27 Fewral 2024
Şular ýaly teswirde goşgyny aşakly aşagyna nädip ýazýaňyz manada öwredäýiň please 🙃
senorita
27 Fewral 2024
SÖÝGÄ SORAGLARYM

Söýgi, sen gudratmy, şatlykmy, hasrat, Perişdemiň ýa-da ýaradan senmi?!
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde,
Asmany, Zemini döreden senmi?!

Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürip, käte odun ölçerip,
"Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp,
Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!
senorita
27 Fewral 2024
Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şo-ol düňle çöllerde çekdi armany,
Selbini agladyp, aşyk Hemrany,
Saýadyň ýoluna ugradan senmi?!

Barha alawladyp yşgyň körügin,
Penjesine düşüp gepçi, görübin,
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Garasyn görmäge zar eden senmi?!

Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni,
Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny,
Meňliden aýyryp Magtymgulyny,
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?!
senorita
27 Fewral 2024
Ak ýol arzuw edip, gökde pel-pelläp,
Bürgüt aşyklary ýürekden goldap.
Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap,
Gaňňalyň, oýunda eňreden senmi?!

Bir zady bilemok, barmyka aýby,
Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy,
Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi,
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!

✍🏻 Şãhribossan Geldimãmmedowa
senorita
27 Fewral 2024
@mademoiselle👑🕊✨️, Ũýtgedilen we kãbir bõlekleri taşlanan. Haýsy saýtdan?
senorita
27 Fewral 2024
Nirden aldyñyz bu goşguny?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.