Bio_girl👩‍🔬💫
21.02.2024 21:26
Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy💸💸💸

Garward uniwersiteti ABŞ-nyň Kollejleriň we uniwersitetleriň işewürligi barada direktorlar assosiasiýasy (National Association of College and University Business Officers) we Commonfund Institute guramasy tarapyndan düzülen iň baý ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

«Report» neşiriniň «Forbes» žurnalyna salgylanyp ýazmagyna görä, Garwardyň haýyr-sahawat gatançlarynyň gaznasy 49,5 milliard dollara golaý boldy.

Ikinji orunda 45 mlrd dollarlyk gaznasy bilen Tehas uniwersiteti ýerleşdi. Garwardda Tehasyň uniwersiteti bilen deňeşdirilende, 10 esse az talybyň okaýandygy habarda bellenýär.

Iň baý okuw mekdepleriniň ilkinji bäşligine Ýel (40,7 mlrd dollar), Stenford (36,5 mlrd dollar) we Prinston (34,1 mlrd dollar) uniwersitetleri girdi.

ABŞ-nyň kollejleriniň we uniwersitetleriniň 688-si girýän bu sanaw 1974-nji ýyldan bäri her ýyl düzülýär.

#Turkmenportal
40
92
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.