Bereket07
19.05.2023 18:05
MESELE DÄL
(Söz düzümi)iň köşeşdiriji we ynandyryjy sözleriň biridir
12
164
Bereket07
16.05.2023 08:56
Taňrymyň şu günmi berenne,şükür!
Ýagşyny-yamany görenme şükür!
Ne öňde,ne yzda,mydam ortada,
Il bilen goşulyp yörenme, şükür!

Bilbil sesin alga almaýanlar bar,
Äsgermän,ýanyna gelmeýänler.
Heňňamlar öwrülip bir bilbili
Deňlemelidigni bilmeyanler bar

Şükür geçip elli ýyllyk ýoly men
Öňe-yza göz aylaýan häli men
"Dostlarym köp!"diyip sanajak boldym
Duryberdim san bilmeyan ýaly men

"Kynlyk"diýilýän zar zorka berilsin
"Giňlik"diýilýän zat darka berilsin
Owal-ahyr iş edene sylagy
Her kişiniň özi barka berilsin


12
47
Bereket07
12.05.2023 16:59
KYNÇYLYK-ÇAGALARYŇ GELJEKDE GAZANJAK ÜSTÜNLIKLERINIŇ BAŞLANGYJYDYR.
17
97
Bereket07
11.05.2023 19:27
Kösenmek üçin däl-de
Güýçlenmek üçin bardyr!
13
59
Bereket07
01.05.2023 20:12

Salam hemma size şeýle bir soragym bar hökman hemme jogap yazsyn .

Iki sany iş bar biri siziñ halayan işiñiz emma puly az beýleki bolsa puly kän emma siz ol işi alamayarsyñyz haysy işde işlärdiñiz puly köpdemi yada halayan işiñizdemi pikirñizi yazyñ

15
374
Bereket07
28.04.2023 23:46

Wagtynda bir damja suw bolup bilmediniz indi umman bolsanyz parhy yok

10
37
Bereket07
17.04.2023 11:29
GOPBAMSYLYK – HELÄK
EDÝÄN HÄSIÝET
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi doktor Ahmet Züweýlden
hakyky alymyň aýratynlyklary we çyn alym bilen alymsumagy nähili
tanamalydygyny sorapdyrlar.
«Eger-de özüniň beýikdigi, başarnyklydygy, ylymlydygy, asyl-
lydygy hakda söz açýan bolsa, ony diňläbem oturmaň. Çünki hakyky
alymlar ylymda bir basgançak ýokary galdygysaýy öňlerinde özleriniň
bilmeýän, özlerine düşnüksiz giden bir giňişligiň peýda bolýandygyny
görýärler. Melekut äleminiň ýanynda öz bilýänleriniň peşe ganatyça
hem ýokdugyna göz ýetirýärler. Ylym we magryfet deňzinde sadaja
bir nokatdyklaryna düşünýärler» diýip, ol jogap beripdir.
Beýikligiň möhüm esbaplarynyň biri – durmuş mekdebinde
hemişe okuwçydygyňy unutmazlyk. Beýiklere mahsus bir häsiýet –
olar öz bilýän zatlarynyň çäginde hereket edýärler we aň-düşünjeleriniň
gurşaýan zatlaryny okap bilmäge ukyply bolýarlar.
Jemgyýetiň iň haýyrly adamlarynyň biri – bilýän zadyna asyl-
ly amal edýän alymlar. Beýiklige eltýän esasy derwezeleriň biri
hem ylym-bilim öwrenmeklik. Öwrenmeli, bilmeli, özleşdirmeli,
ýöne hernäçe sowatly bolsaňam, ulumsylyk edip, gaýşaryp ýörmek
71
gelşiksiz. «Ökde
den ökde bar» diýlen sözi hem ýatdan çykarmaly
däldir.
Öz ýeten derejesi bilen buýsanyp, temegini göge dikýänler, wag-
tal-wagtal özgeleriň ýanynda gazanan zatlaryny ýatlap oturýanlar,
aň ýetiren, öwrenen zatlaryny nygtaýanlar we özi bilen magtanýan-
lar – olar, aslynda, köňüllerindäki boşlukdan we öz başarnyklaryna
ynamsyz
lyklaryndan ejir çekýän adamlardyr. Üstesine, olar barlyk-
daky esasy hakykatdan bihabar adamlar, çünki ylma, hakykata, mag-
ryfete doly göz ýetirip bilmek adamzada berlen zat däldir. Diňe Al-
latagala ylym zerrelerini öwrenmegi öz halan bendesine bagyş eder.
Bir gün geler, aslynda hiç hili üns-ähmiýet berilmeýän ýönekeý
adamlaryň biri olaryň hiç zat bilmeýändigini paş eder goýbär. Bu,
köp
lenç şeýle bolýar.
Şu ýerde şoňa laýyk bir wakany ýatlasym gelýär. Olaryň biri
köp zat bilýändigine hondan bärsi bolýan adam, beýlekisi akylly
we üşüklidigine garamazdan, düşbüligi her göze ilmeýän ýönekeý
adam.
Günleriň birinde bir çagajyk dellekhanalaryň birine giripdir. Ony
göreninden, dellek kinaýa-ýaňsy bilen ýylgyrypdyr.
10
73
Bereket07
16.04.2023 18:51
Sorag
0
123
Bereket07
15.04.2023 07:29
Dostm bolsun
1
20
Bereket07
14.04.2023 18:46
Süýji-süýji göwün ýüwürtmeler, arzuwlar şeýle bir kän, emma
olaryň aglaba bölegi ýazylmadyk we hiç wagt ýazylmaýan taryhyň
arhiwine siňip galýar. Heý-de siz «Arzuwlaryň senenamasy» ýa-da
«Arzuwlaryň taryhy», «Arzuwlaryň ömri» atly eseri okap gördüňizmi?
Beýle eseri tapmarsyňyz, çünki iş ýüzünde amal edilmedik, hasyl
edilmedik zatlar hakda agyz dolduryp söhbet edilmeýär. Maksadyň
beýikligine, arzuwyň süýjüligine, berjaý edilişiniň kämilligine görä, ol
işleriň, eserleriň gadyr-gymmaty artyp gidýär. Süýji arzuwlaryň joşguny
bütin süňňümizi gurşap, oňa ylham berip duran wagty, uzak-uzak men-
zilleri, ajaýyp geljegi göz öňüne getirýän maha
lymyz, keýpimiziň çag
çagynda hemme zat aňsat ýaly görünýär. Arzuwly ýollary külterlemek
hem arka agram salmaýan kysmy. Ýöne az salymdan yhlasymyza
sowuklyk aralaşyp, Arktikanyň ak hem bolsa, agyr buzlarynyň arasyn-
da gysylyp galan gämi deýin öňe ilerlemäge ne mejal, ne gaýrat, ne
höwes tapýarys. Sebäbi azrak emgensek, ahyr soňunda gönendirjek şol
arzuwlarymyza başlamakdan, girişmekden çekinýäris.
Haýsydyr bir täze işe girişmekçi bolanyňda onuň iň kyn nokady
– başyna barmak, başlamak, işe girişmek pursady. Şonuň üçinem
häzirki zaman arap ýazyjylarynyň biri bu hakda söz açanda, başlamak
müşgilliginiň syry hakda dil ýaryp: «Her gezek şeýle ýagdaý bilen
ýüzbe-ýüz bolanymda, täze bir işiň gyrasyndan girenimde ýa-da
11
täze bir kitap ýazmaga girişenimde has artykmaç güýç sarp edýärin.



2
59