Taňrymyň şu günmi berenne,şükür!
Ýagşyny-yamany görenme şükür!
Ne öňde,ne yzda,mydam ortada,
Il bilen goşulyp yörenme, şükür!
Bilbil sesin alga almaýanlar bar,
Äsgermän,ýanyna gelmeýänler.
Heňňamlar öwrülip bir bilbili
Deňlemelidigni bilmeyanler bar
Şükür geçip elli ýyllyk ýoly men
Öňe-yza göz aylaýan häli men
"Dostlarym köp!"diyip sanajak boldym
Duryberdim san bilmeyan ýaly men
"Kynlyk"diýilýän zar zorka berilsin
"Giňlik"diýilýän zat darka berilsin
Owal-ahyr iş edene sylagy
Her kişiniň özi barka berilsin