Bereket07
17.04.2023 11:29
GOPBAMSYLYK – HELÄK
EDÝÄN HÄSIÝET
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi doktor Ahmet Züweýlden
hakyky alymyň aýratynlyklary we çyn alym bilen alymsumagy nähili
tanamalydygyny sorapdyrlar.
«Eger-de özüniň beýikdigi, başarnyklydygy, ylymlydygy, asyl-
lydygy hakda söz açýan bolsa, ony diňläbem oturmaň. Çünki hakyky
alymlar ylymda bir basgançak ýokary galdygysaýy öňlerinde özleriniň
bilmeýän, özlerine düşnüksiz giden bir giňişligiň peýda bolýandygyny
görýärler. Melekut äleminiň ýanynda öz bilýänleriniň peşe ganatyça
hem ýokdugyna göz ýetirýärler. Ylym we magryfet deňzinde sadaja
bir nokatdyklaryna düşünýärler» diýip, ol jogap beripdir.
Beýikligiň möhüm esbaplarynyň biri – durmuş mekdebinde
hemişe okuwçydygyňy unutmazlyk. Beýiklere mahsus bir häsiýet –
olar öz bilýän zatlarynyň çäginde hereket edýärler we aň-düşünjeleriniň
gurşaýan zatlaryny okap bilmäge ukyply bolýarlar.
Jemgyýetiň iň haýyrly adamlarynyň biri – bilýän zadyna asyl-
ly amal edýän alymlar. Beýiklige eltýän esasy derwezeleriň biri
hem ylym-bilim öwrenmeklik. Öwrenmeli, bilmeli, özleşdirmeli,
ýöne hernäçe sowatly bolsaňam, ulumsylyk edip, gaýşaryp ýörmek
71
gelşiksiz. «Ökde
den ökde bar» diýlen sözi hem ýatdan çykarmaly
däldir.
Öz ýeten derejesi bilen buýsanyp, temegini göge dikýänler, wag-
tal-wagtal özgeleriň ýanynda gazanan zatlaryny ýatlap oturýanlar,
aň ýetiren, öwrenen zatlaryny nygtaýanlar we özi bilen magtanýan-
lar – olar, aslynda, köňüllerindäki boşlukdan we öz başarnyklaryna
ynamsyz
lyklaryndan ejir çekýän adamlardyr. Üstesine, olar barlyk-
daky esasy hakykatdan bihabar adamlar, çünki ylma, hakykata, mag-
ryfete doly göz ýetirip bilmek adamzada berlen zat däldir. Diňe Al-
latagala ylym zerrelerini öwrenmegi öz halan bendesine bagyş eder.
Bir gün geler, aslynda hiç hili üns-ähmiýet berilmeýän ýönekeý
adamlaryň biri olaryň hiç zat bilmeýändigini paş eder goýbär. Bu,
köp
lenç şeýle bolýar.
Şu ýerde şoňa laýyk bir wakany ýatlasym gelýär. Olaryň biri
köp zat bilýändigine hondan bärsi bolýan adam, beýlekisi akylly
we üşüklidigine garamazdan, düşbüligi her göze ilmeýän ýönekeý
adam.
Günleriň birinde bir çagajyk dellekhanalaryň birine giripdir. Ony
göreninden, dellek kinaýa-ýaňsy bilen ýylgyrypdyr.
10
73
Bereket07
29 Aprel 2023
jemal_seyitniyazowa, salam
Bereket07
17 Aprel 2023
gul_,yok hallalyk kyssalaryndan
Bereket07
17 Aprel 2023
jemal_seyitniyazowa,sagbuñ
jemal_seyitniyazowa
17 Aprel 2023
Haladymmm😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.