Berdi s ý
03.06.2020 00:01
Hoşlaşyk.
Duşuşyp günleriň täzesi bilen,
Hoşlaşyp günleriň könesi bilen,
Şujagaz ömrümde, gysga ömrümde
Ajy, süýji günleň känisi bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym baş Söýgi
bilen –
Ähli sonalaryň seresi bilen.
Sonamy elimden äkiden dünýäň
Kem-kem ýitip giden garasy bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym baş Hossar
bilen –
Atamyň jepakeş elleri bilen.
«Eje, çörek!» diýip, ajyndan ölen
Bir eşrepi çagaň dilleri bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym şum Uruş
bilen –
Ähli uruşlaryň eýmenji bilen,
Hoşlaşdym balasyn aldyran enäň
Eräp akyp giden göreji bilen...
Hoşlaşan-da bolsam ol ýyllar bilen,
Söýgüler, gözýaşlar, gaýgylar bilen,
Heniz henizlerem her ädimimde
Şol duşuşyp ýörün
Men olar bilen.
Bugdaýreňk, baýdak boý
bir sona görsem –
Gözlerinde görnüp özümiň sonam,
Özümden idinsiz sakga sagynyp
Hem ýuregim gysýar,
hemem buýsanýan.
Giň maňlaý, çal sakgal bir ata görsem –
Öz atam, öz kyblam düşüp ýadyma,
Her sapar goşup dur hasrat notasyn
Her täze setirme, täze aýdymma.
Ak gyňaç, ak saçly bir ene görsem –
Dört ýyl aglap, gözün ereden ene
Oglunyň suratyn bagryna basyp,
Ak saçlaryn ýaýyp, bozlap dur ýene.
Mele saçagmyzdan her säher, her şam
Mele-myssyk nany sogran badyma,
Ajyndan ölenje şol çagaň eli
Ösgünje dyrnagyn sünçýär buduma.
Ýuwdup bilmän çeýnäp duran nanymy,
Böwrüm diňşirgenip, seredýän aşak.
Duşuşyk köp bu dünýäniň ýüzünde,
Hoşlaşyk ýok...
8
121
Berdi s ý
28.05.2020 22:01
Men bu gün ýaplanyp ýatan ýerimde
Diňe öz-özümi diňläp oturdym.
Kelle diýdi:
— Kän zatlary gazandym,
Ýürek diýdi:
—Kän zatlary ýitirdim.
Kellä kakdym:
—Ýeri näme gazandyň?
Kelle diýdi:
—Dünýä akyl ýetirdim.
Ýürek diýdi:
—Ana, şonuň üçin-de,
Aýdýaryn-a men köp zady ýitirdim.
Kelle öňem hümläp duran halyna,
Ýokuş görüp özgäň azar berýänin,
Ýürege ýüzlendi: — Sen, goňşy, näme
Ýitiren zadyňy menden görýärmiň?
—Dagy näme? — diýip sojady ýürek —
Elbetde, baryna sen bolduň sebäp.
Men ýenjilýän bendä gol berjek bolsam,
Sen diýdiň:
—Köpeldi bipeýda sogap.
Bir günem bir kişiň gaçyran pulum
Eýesine berjek bolupdym men-ä,
Senem berdirmediň bilimlisiräp,
Diýdiň:
Güýçden gaçdy, köneldi günä.
Beýle gedem dälsiň ahyr birmahal,
Bilýänsiň, jedelden-gaýrydan daşdyň.
Men öňden ýörärdim, senem yzymdan,
Nä ýüz bilen meniň öňüme düşdüň?!
Kelle oýlanýardy, şonuň üçinem,
Meger, ol birbada bermedi jogap,
Soň diýdi:
—Gör, men-ä harsurup ýörün,
Onuňam bar işi günädir sogap.
...Men käte dikelip, käte ýaplanyp,
Öz-özümi diňläp oturdym biraz.
Ymyzganjak boldum, ýöne bolmady —
Çep gursak sorkuldap berýärdi azar.
Berdinazar Hudaýnazarow.
13
156
Berdi s ý
26.05.2020 23:57
Alymlaryň biri öz ýazgylarynda şeýle hekaýat getiripdir: Anuşirwanyň eýwany we «Taky Kesra» atly ymaraty diýseň belent bolup, onuň at-owazasy jümle-jahana ýaýrapdyr. Emma meşhurlyk ne onuň küňreleriniň beýikliginde, ne-de onuň otaglarydyr penjireleriniň owadanlygyndadyr. Sebäbi birnäçe kerpiji örmek we birnäçe gapylary gurmak şeýle bir uly hünär däl. Akyl gözegçisini özüne çekýän zat şanyň eýwanynyň gapdalynda bir künçde ýerleşen garry aýalyň kiçi hem dar külbesidir. Onuň hekaýaty şeýledir:
Anuşirwanyň bu eýwany, ýagny Taky Kesra gurlup tamamlanandan we köşgüň ymaratlary doly bina edilendensoň, Anuşirwan nedimleriniň we akyldarlarynyň birtoparyna:
– Baryň, eýwana aýlanyp görüň, eger bu ymaratda kemlikdir nogsan bar bolsa, ony düzetmäge emr edeýin – diýýär.
Olar ymarata we onuň töweregine nazar salyp:
– Eý, patyşa! Bu ymaratyň belentlik goly Ekizler ýyldyzyna ýetýär, beýiklik binasy mertebelilik aýagyny Ülker ýyldyzynyň eýwanyna basýar:
Beýle binany pelek hiç wagt görmändir, Jahan ýada salmaýar bu ymarat işini. Gapysyny açanda ykbal ilkinji gezek, Älem-jahandakylara behişt açdy işigi.
– Bu eýwanyň sütünlerinde hiç kemlik we onuň töwereklerinde hiç aýyp ýok. Ýöne eýwanyň bir burçunda kiçijik we pessejik külbe bar. Ol külbeden tüsse çykýar we eýwanyň diwaryny garaldýar. Eger bu mesele hem çözülse oňat boljak. Beýle eýwandan bu kemçiligi aýyrmak hökmany iş – diýýärler. Anuşirwan:
– Bu külbe ömrüni ötüren we ýaşaýyş güni batyş serhedine ýeten bir garry aýalyň mülki. Men bu eýwanyň düýbüni tutanymda we mygmarlar onuň çyzgysyny çekenlerinde bu öý eýwanyň çäklerine düşüp, onuň öň tarapynyň düz bolmagyna päsgel berdi. Men ol garry aýalyň ýanyna adam iberip, «Bu külbäni islän bahaňa maňa sat, saňa altyn-zer bereýin ýa-da seniň üçin mundan has gowy bir öý häzirläp bereýin» diýdim. Ol maňa: «Eý, patyşa, men bu külbede doguldym we oňa öwrenişipdirin. Tutuş älem-jahanyň seniň mülküňdigine gözigidijilik etmän bilýän, indi sen bu pessejik höwürtgäni we bu kiçijik harabalygy şu binowa gedaýa dözüp bileňokmy?» diýip habar iberdi. Bu sözler maňa güýçli täsir etdi. Men şondan soň oňa hiç zat diýmedim. Şeýdip eýwan guruldy. Ol garry aýalyň öýüniň tüýnüginden tüsse çykanda eýwanyň diwarlaryny garaldýardy we burunlary doldurýardy. Men oňa: «Bu tüsseleri näme üçin edýärsiň?» diýip habar ýolladym. Ol bolsa: «özüm üçin bir zatlar bişirýärin» diýdi. Men oňa hiç zat diýmän, gowrulan towukly bezelen taýýar desserhany iberip: «Eý, ene! Men her agşam saňa dürli-dümen tagamlar ibererin. Sen bu dar külbede ot ýakma, çünki, tüssesinden ýaňa biziň eýwanymyz garalýar» diýdim. Ol bolsa: «Dünýäde gözleri ýaşly, ýürekleri dagly birtopar açlar we gedaýlar bar. Meniň [olar barada bilibem] gowrulan towuk iýmegim, neneňsi rowa bolar. Men ýetmiş ýaşyma çenli diňe halal arpa çörek iýip, gatyk içip gelip, indi mundan soň, zähmetim siňmedik we meniň üçin haram bolan towukdyr halwa iýmäge Alladan gorkýaryn. Seniň adalat eýwanyň bezegi bolan bu külbäme degme. Emirler seniň kämil adalatlylykdan ýaňa meniň bu garaňky külbämi öz ugruna goýup, oňa degmeýşiňi görüp, halkyň emlägine gol uzatmazlar. Mundan başga-da seniň eýwanyň uzak ýyllap saklanyp galmaz. Emma meniň öýümiň kyssasy ençeme wagtlap döwürleriň sahypalarynda ýazylar» diýip, jogap iberdi. Maňa onuň bu sözleri ýarady. Şeýdip, onuň bilen goňşuçylykda ýaşamaga razy boldum – diýipdir.
Aýtmaklaryna görä, ol garry aýalyň bir hor sygry bolup, ol sygryny her gün irden çöle äkidip, agşam getirer eken. Sygyr her günde iki gezek eýwanyň öňünde ýazylan owadan we reňkli düşekleriň üstünden geçermiş. Bir gün patyşanyň nedimleriniň biri:
– Eý, garry! Sen bu işi etme, patyşalyk namysyny döwüp, soltanlyk haýbatynyň binýadyny weýran edýärsiň – diýipdir. Garry aýal oňa:
– Patyşalyk namysy adalatlylyk bilen däl-de, zulum bilen döwler. Soltanlyk haýbatynyň binýady hem akyl bilen däl-de, nadanlyk bilen weýran bolar. Men
näme edýän bolsam patyşanyň ýagşy adynyň baky galmagy üçin edýärin we onuň akybetiniň gowy bolmagynyň gamyny iýýärin – diýipdir.
Ol hakykatdan hem rast aýdypdyr. Sebäbi bu wakadan müň ýyl geçse-de, garry aýalyň külbesiniň we Anuşirwanyň eýwanynyň hekaýaty depderlerde ýazylýar we dillerde ýaňlanýar.
Ýagşy amal täsirin gör ki sen,
ol dur heniz –
Döwür Kesra eýwanyny
weýran etmändir hergiz.
Muhsynyň ahlagy atly eserden bölek
6
86
Berdi s ý
26.05.2020 06:33
Dünýe-hä owadan.
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.
Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.
Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.
Bir gün geň galarsyň... Iki gün...
Üç gün...
Dördünji gün öwrenişer gidersiň.
Bäşinji gün biri alnyňdan çykar
Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.
Märekä baş egip, salam berýändir,
On adam barýandyr daşyny gallap.
Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,
Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.
Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —
Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...
Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,
Yzynda märeke,
Daşynda sakçy.
Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,
Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.
Bir gün geçer,
Iki... üç... dört gün geçer,
Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.
Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa
Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.
Soňkusy gün at diýseler eşege,
Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.
Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,
Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.
Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,
Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.
Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,
Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.
Berdinazar Hudaýnazarow.
7
55
Berdi s ý
24.05.2020 23:50
17 -18 yaşlarında mânevi yolda büyük dereceler kat'eden Beyazıd-ı Bestamî Hazretlerine, bu mertebeye nasıl ulaştığı soruldu.
«Annemin duası beni yüceltti» buyuran Beyazıd-ı Bestamî, başından geçen hadiseyi şöyle anlattı:
— Annem, yaşlı ve hasta idi. Bir gece benden su istedi. Ben hemen uykudan uyanıp anneme su almak için dışarı çıktım. O anda kaplarda su bulamamıştım. Bakır tasla dışarıdan suyu alıp da içeri girdiğimde, annemi uyumuş buldum. Uykusundan uyandırmadım, bir müddet başucunda uyanmasını bekledim. Bir müddet sonra annem uyanıp da benden su isteyince, Ben de hemen diğer elimde soğuktan donmuş buz gibi tası verdiğimde, tasla beraber elimin derisinin kavladığını gören Annem, çok üzülmüştü ve ağlayarak, Allah'a dua ediyordu. Ya Rab, Sen bu fedakâr oğlumu görüyorsun, ne söyleyeyim Ya Rabbi, Ne söyleyeyim, ne söyleyeyim, diye üç defa seslendikten sonra, Allah'ım onu aziz eyle, deyip elini yüzüne sürdü. O geceden itibaren bende bazı değişiklikler olduğunu farketmeye başladım. Cenab-ı Allah annemin duası hürmetine bu mertebeye beni lâyık gördü.
7
84