Men bu gün ýaplanyp ýatan ýerimde
Diňe öz-özümi diňläp oturdym.
Kelle diýdi:
— Kän zatlary gazandym,
Ýürek diýdi:
—Kän zatlary ýitirdim.
Kellä kakdym:
—Ýeri näme gazandyň?
Kelle diýdi:
—Dünýä akyl ýetirdim.
Ýürek diýdi:
—Ana, şonuň üçin-de,
Aýdýaryn-a men köp zady ýitirdim.
Kelle öňem hümläp duran halyna,
Ýokuş görüp özgäň azar berýänin,
Ýürege ýüzlendi: — Sen, goňşy, näme
Ýitiren zadyňy menden görýärmiň?
—Dagy näme? — diýip sojady ýürek —
Elbetde, baryna sen bolduň sebäp.
Men ýenjilýän bendä gol berjek bolsam,
Sen diýdiň:
—Köpeldi bipeýda sogap.
Bir günem bir kişiň gaçyran pulum
Eýesine berjek bolupdym men-ä,
Senem berdirmediň bilimlisiräp,
Diýdiň:
Güýçden gaçdy, köneldi günä.
Beýle gedem dälsiň ahyr birmahal,
Bilýänsiň, jedelden-gaýrydan daşdyň.
Men öňden ýörärdim, senem yzymdan,
Nä ýüz bilen meniň öňüme düşdüň?!
Kelle oýlanýardy, şonuň üçinem,
Meger, ol birbada bermedi jogap,
Soň diýdi:
—Gör, men-ä harsurup ýörün,
Onuňam bar işi günädir sogap.
...Men käte dikelip, käte ýaplanyp,
Öz-özümi diňläp oturdym biraz.
Ymyzganjak boldum, ýöne bolmady —
Çep gursak sorkuldap berýärdi azar.
Berdinazar Hudaýnazarow.