Korono wirusy soňundan: Xiaomi-den akylly maska
Dünýäniň esasy meseleleriniň birine öwrülen, Hytaýyň Wuhan şäherinde başlaýan we soňundan onlarça ýurtlara ýaýran Korono wirusy üçin tehnologiýanyň esasysy Xiaomi-den gerekli patent almak teklibe geldi. Bilşiňiz ýaly maska bolan talap, epidemiýadan soň artyş görkezdi. Birnäçe markalar maska söwdasyna başlap bu krizisde pursatdan peýdalandy. Önümleriniň üýtgeşikligi bilen garşymyza çykan Hytaýly tehnologiýanyň esasy markasy Xiaomi hem bu ýagdaýda peýda berjek akylly maska döretdi. Xiaomi akylly maska bilen nämäni maksat edinýär?
Korono wirusyndan soň Xiaomi akylly maskasy bilen garşymyzda
Xiaomi öňden hem Hytaýda maska satýan bolsa-da, täze patent teklibi bilen bilelikde akylly sensor saklaýan täze bir maska ulgamyny özgerdendigini ýüze çykardy. Fewral aýynyň başynda çagalar üçin döredilen Xiaomi Youpin F95 bilen bilelikde şereket, bu meselede heniz iş geçirýändigini aýdypdy.
Akylly maska üçin alnan patent düşündirmesinde maskanyň bir prosessorynyň bardygy belli edildi. Munuň saýasynda önümde ýer alan sensor üsti bilen ýygnanýan ähli maglumat hasaplamalary üçin ýörite bir hasaplama enjamy ulanylar.
Ýat moduly ýerleşýän maskada, ýygnanan maglumatlar saklanýar. Aragatnaşyk modulynyň esasynda bolsa enjam aragatnaşyk saklap bilýär. Bularyň ýanynda standart howa filtrine güýç berýän ýokary derejeli batareýalar hem bu maskada ýer aljak ýaly görünýär.
Ulanyjynyň hereket edip-etmedigini ýa-da oňaýly şertlerde bolup-bolmadygyny görkezjek iwmeölçeýji ýaly bir sensoryň akylly masgada ýer aljakdygy belli edilýär.
Xiaomi-niň akylly maskasyndaky sensorlar, maskanyň ulanylyş wagtyny, hapa sorulmagy, dem alyş göwrümini, dem sany ýaly maglumatlary bellär. Şeýlelikde, maskanyň soňky ýagdaýyny hem maskadan yzarlap bolar.
Akylly maskanyň aýratynlyklary elbetde bular bilen çäklenmez. Maskanyň aýratyn-da, ulanyjylaryň ýerleşýän şäherindäki howa maglumatyny we howanyň ýagdaýyny hakynda maglumat berjekdigi we bu maglumatlary hem hakyky wagt hökmünde mobil programmanyň üsti bilen görkezjekdigi aýdylýar.
Akylly maskanyň bu respirator daşynda görnen respiratorlary hem takyklap biljekdigi we has saglykly usullary maslahat berjekligide bellenildi. Ýene-de bu işiň diňe patent almak teklipdigini unutmaly, çünki şereketiň bu şekilde patent önümleri hemişe ulanyja gowşup bilmeýär.
Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/xiaomi-corona-virus-sonrasi-akilli-maske-hamlesi
Habary barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!
Telefona bagly bolmaklygyň, narkotiki serişdelere bagly bolmaga meňzeşligini görkezýän gözleg işleri
Germaniýaly gözlegçiler, akylly telefona baglylaryň beýnisiniň gurluşyny öwrendi we bu baglylygyň beýnidäki çal maddany (beýnidäki maglumat işleme meselesinde işeläýän madda) azaltýandygyny gördüler. Edil şol mesele, narkotiki serişdelere baglylaryň beýnisinde hem görülýär.
Täze geçirilen gözleg işlerine görä akylly telefona bagly bolmaklygyň beýnimiziň şekilinde we ululygynda geçirýän üýtgeşmeleri, narkotiki serişdelerine baglylaryň beýnilerinde ýüze çykýan üýtgeşmelere meňzeýär. German gözlegçiler, akylly telefona baglylaryň beýinleriniň esasy ýerlerinde çal maddanyň ýitgisi bolandygyny kesgitlediler.
Akylly telefona baglylaryň (SPA) adamlaryň beýinlerinden MRI gözlegçisi (magnit we radio tolkunlaryny ulanyp bedendäki organ, dokumalaryň görnüşini şekillendirýär) tarapyndan alnan şekilleri yzarlaýan gözlegçiler, akylly telefon baglylarynyň beýnisiniň işjeňliginde, bagly bolmaýanlara görä azalma üns berdi. Akylly telefona bagly bolanlaryň beýnileriniň gurluşy we çal maddadaky azalyşlar, narkotiki serişdelere baglylaryň beýnilerindäki meňzeşligi ýüze çykarýar.
Addictive Behaviors žurnalynda çap edilen işlerde alymlar, 22-si akylly telefonyň baglysy bolan jemi 48 adamyň beýinlerinden alnan şekiller barlanyldy. Netijelere seredilende baglylaryň beýnileriniň çep öň taraplarynda, esasy beýnide we paragippokampal gabyk ýerlerinde çal maddanyň azalmasy görülýär. Beýniniň çep tarapyndaky çal madda azalmasy bilen, narkotiki serişdelere baglylaryň arasyndaky gatnaşyk öň görkezilipdi.
Alymlar, gözlegçilik işleri bilen birlikde telefon ulanmak bilen beýniniň fiziki üýtgemegi arasyndaky baglanyşyga ilkinji subutnamalary tapandyklaryny belleýärler. Heidelberg uniwrsitetinden gözlegçiler, gitdigiçe populýar ýagdaýa gelen akylly telefonlaryň zyýansyz bolandygyna bagly meseläni soraşdyrýandyklaryny dile getirýärler. Akylly telefona baglylyk, alymlar we lukmanlar arasynda, aýratyn hem çagalaryň hem bu enjamlar bilen has köp wagt geçirmäge başlamalary bilen şübhe oýandyrýar.
Angliýada 5 we 16 ýaş arasyndaky 2.167 çagada geçirilen gözleglere görä 11 ýaşyna çenli 10 çagadan 9-nyň şahsy akylly telefony bar. Orta mekdep çagyndaky ýaşlaryň takmynan ählisinde telefon bar. Gözlegler, çagalaryň 57%-niň telefonlary bilen bilen ýatandyklaryny görkerýär-kä, çagalaryň 39%-i bolsa akylly telefonlary bolmazdan ýaşap bilmejekdiklerini aýdýar.
Gözlegler, telefonlaryň çagalaryň durmuşyny nähili gözegçilere alandygyny görkezýärkä, telefona baglylygyň psihologik we saglyk maksatly täsirleriniň heniz hem doly düşünilmeýändigine şübhe döredýär.
Alnan çeşme: https://www.dailymail.co.uk/sciencetech/article-8016779/Brains-people-addicted-smartphone-physically-change.html
https://www.webtekno.com/akilli-telefon-bagimlilik-uyusturucu-beyin-etkileri-arastirma-h86081.html