Begench Malikgulyyew
20.02.2020
Tehnologiýa
52
12 266

Korono wirusy üçin "Akylly maska"

Korono wirusy soňundan: Xiaomi-den akylly maska

Dünýäniň esasy meseleleriniň birine öwrülen, Hytaýyň Wuhan şäherinde başlaýan we soňundan onlarça ýurtlara ýaýran Korono wirusy üçin tehnologiýanyň esasysy Xiaomi-den gerekli patent almak teklibe geldi.  Bilşiňiz ýaly maska bolan talap, epidemiýadan soň artyş görkezdi. Birnäçe markalar maska söwdasyna başlap bu krizisde pursatdan peýdalandy. Önümleriniň üýtgeşikligi bilen garşymyza çykan Hytaýly tehnologiýanyň esasy markasy Xiaomi hem bu ýagdaýda peýda berjek akylly maska döretdi. Xiaomi akylly maska  bilen nämäni maksat edinýär?

Korono wirusyndan soň Xiaomi akylly maskasy bilen garşymyzda

Xiaomi öňden hem Hytaýda maska satýan bolsa-da, täze patent teklibi bilen bilelikde akylly sensor saklaýan täze bir maska ulgamyny özgerdendigini ýüze çykardy. Fewral aýynyň başynda çagalar üçin döredilen Xiaomi Youpin F95 bilen bilelikde şereket, bu meselede heniz iş geçirýändigini aýdypdy.

Akylly maska üçin alnan patent düşündirmesinde maskanyň bir prosessorynyň bardygy belli edildi. Munuň saýasynda önümde ýer alan sensor üsti bilen ýygnanýan  ähli maglumat hasaplamalary üçin ýörite bir hasaplama enjamy ulanylar. 

Ýat moduly ýerleşýän maskada, ýygnanan maglumatlar saklanýar. Aragatnaşyk modulynyň esasynda bolsa enjam aragatnaşyk saklap bilýär. Bularyň ýanynda standart howa filtrine güýç berýän ýokary derejeli batareýalar hem bu maskada ýer aljak ýaly görünýär. 

Ulanyjynyň hereket edip-etmedigini ýa-da oňaýly şertlerde bolup-bolmadygyny görkezjek iwmeölçeýji ýaly bir sensoryň akylly masgada ýer aljakdygy belli edilýär.

Xiaomi-niň akylly maskasyndaky sensorlar, maskanyň ulanylyş wagtyny, hapa sorulmagy, dem alyş göwrümini, dem sany ýaly maglumatlary bellär. Şeýlelikde, maskanyň soňky ýagdaýyny hem maskadan yzarlap bolar.

Akylly maskanyň aýratynlyklary elbetde bular bilen çäklenmez. Maskanyň aýratyn-da, ulanyjylaryň ýerleşýän şäherindäki howa maglumatyny we howanyň ýagdaýyny hakynda maglumat berjekdigi we bu maglumatlary hem hakyky wagt hökmünde mobil programmanyň üsti bilen görkezjekdigi aýdylýar.

Akylly maskanyň bu respirator daşynda görnen respiratorlary hem takyklap biljekdigi we has saglykly usullary maslahat berjekligide bellenildi. Ýene-de bu işiň diňe patent almak teklipdigini unutmaly, çünki şereketiň bu şekilde patent önümleri hemişe ulanyja gowşup bilmeýär.

Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/xiaomi-corona-virus-sonrasi-akilli-maske-hamlesi

Habary barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!

Myhman Myhman
18 Yanwar 2023
Sonuny okayancam basy yadymdan cykdy
Myhman Myhman
23 May 2022
Virus gelmesin
Myhman Myhman
19 Fewral 2022
Elli tenne dal maskan bahasy 20 50 manat tmkarsda yonekey maskalan bahasy akylly masgalan bahasy 100000$ yebra dollardan ybarat ol masgany aljak bolsan kan pul gerek dosjan
Myhman Myhman
20 Mart 2021
Bu maska nace manat 50 tenneden gecmaworsun
Myhman Myhman
12 Dekabr 2020
Hiyamy guwy kampanya maskalaram elyeterli baha bolsun
Myhman Myhman
10 Awgust 2020
SPS KOP
dowletjan_04
23 Iýun 2020
SAGLYK BOLSUN??
Myhman Myhman
14 Aprel 2020
Janynyz sag bolsun
Myhman Myhman
21 Mart 2020
hiç kim kesellemäwersin
Myhman Myhman
3 Mart 2020
Janymyz sag bolsa bolya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.