Begench Malikgulyyew
25.12.2019 19:59

Alymlar sintetik möý kerebini öndürmegi başardylar

Birnäçe adamlaryň hyýallaryndan biri bolam Spider-Man-yň kerep atyjysyny, hakyky durmuşda ornaşdyrmak üçin işler alnyp barylýar. Öňki edilen işler başa barmasa-da, gözlegçiler ahyry soňy bakteriýalaryň genetikasyny üýtgedip sintetik möý kerebini öndürmegi başardylar.

Inženerler, ýyllar boýy genetikasy üýtgedilen bakteriýalardan, kömeleklerden we hatda geçi süýdünden sintetik kerep ýasamaga çalyşdylar, emma bu hakykata öwrülmedi. Bu gezekki geçirilen işlerde E.coli bakteriýalarynyň genetikasy üýtgetdiler we üstünlige ýetdiler. Netijede, tebigy önüm bilen örän meňzeş bolan sintetik önüm aldylar.

Waşington uniwersitetinden sintetik biolog Fuzhong Zhang, Amerikanyň himiýa boýunça ylmy işgärleriň birleşmesiniň ýylyň jemi ýygnagynda “Indi bakteriýalary tebigat ýaly gowy zatlary öndürmek üçin ulanyp bileris” diýdi. Möý kerebi örän ýeňil ýöne pikir edilişinden has güýçli taýsyz önüm bolup durýar. Möý kereplerinden ýasalan troslar, edil şol uzynlykda ýasalan polat önümlerinden ortaça 5 esse güýçli.

Alymlar ýokary derejede berk bolan bu önümi gözläp, oýlap tapmaklarynyň sebäbi olaryň  medisina, kosmos we tekstil pudaklarynda gelejekde urga çydamly önümleri öndürmek   we haýran galdyryjy güýçli tikişleri etmek maksatlary bar. Bu täze önüme, astronotlara Mars-da gaty maddalary öndürmek üçin NASA tarapyndan maýa goýum goýulýar.

Adamlaryň bu öndürilen önümi ulanyp şäherlerde Spider-Man bolmak hyýallary biraz garaşmaly bolýar. Alymlar bu sintetik kerepden ýüplük öndürmegi maksat edinýärler.

Alnan çeşme: www.webtekno.com
14
4 744
Begench Malikgulyyew
24.12.2019 23:27
1-dan 9-a çenli sanlary boşluklarda ýerleşdirip berlen jogaby alyň. Yzygiderlilik çepden saga dowam etmeli we matematiki kanunlaryň ýerine ýetmegi hökman däl. Sanlar diňe 1 gezek gaýtalanmaly.
__-__/__+__/__+__/__x__-__=72
6
4 028
Begench Malikgulyyew
24.12.2019 23:14
Onuň birnäçe dişleri bar, ýöne hiçhili dişlemeýär we dişleri döwlen halatynda hem hiçhili agyry duýmaýar.
Sorag: Gürrüň näme barada gidýär?
5
3 149
Begench Malikgulyyew
24.12.2019 23:01
Giriş synagyny tabşyryp çykan ogluna kakasy:
- Oglum, synag nähili geçdi gowy tabşyrdyňmy?
- Hawa kaka, synag hezil eken menä inniki ýylam tabşyrjak  :smile
:
43
8 620
Begench Malikgulyyew
24.12.2019 22:39

Beýni çalşyrmak mümkinmi?

Daily Mail-iň habaryna görä Hull uniwersitetiniň Barlag hassahanasyndan robototehniki  hünärmen we beýni hirurgy doktor Bruce Mathew, robot hirurgy, öýjük kökleri we nerw operasiýalarynyň üsti bilen beýnini we oňurga ýiligini göçürip (başga bir adama geçirmek)  biljekdigini aýtdy.

Teh Telegraph-a gürrüň beren Mathew: “Başda biziň niýetimiz diňe beýnä täsir etmekdi we bu bolmajak zat görünýärdi. Soňra aslynda bu işiň   gaty bolmajak zat dälligini   bildik” 

Bolup biljek nazary operasiýany gürrüň beren Mathew: “Eger beýni   göçürmäni ýerine ýetirip bilseňiz,   beýni bilen oňurga ýiligini   bilelikde tutsaňyz bu aslynda bolmajak zat däl. Oňurga ýiligini çykarsaňyz, netijede ähli beýni, oňurga ýiligini täze bir bedene ýerleşdirip bilersiňiz” diýip belläp geçdi.

Mathew, medisinada beýni çalşyrmagyň mümkin boljakdygyny yşarat edip: “Oňurga ýiligini  sagat ýagdaýda  çykarmak kyn. Geljekde öňe gidişlikler bolar. Takmynan öňümizdäki 10 ýyl içinde bu iş hakykatlaşar” diýdi.

Jesetlerde beýni çalşyrmasy öň geçirilendigini ýatladan Mathew: “Beýnisi ölen jesetlerden başgalara beýni geçirmek soňky işimiz. Bu operasiýa myşsa distrofy hassalara we organlary alnan adamlara peýda getirip biler, hatda käbir adamlary ölümden hem alyp galmaga ýardam berer”. 

Alymlar 2017-nji ýylda kiçi syçanyň beýnisini uly syçana ýerleşdirip, dünýäde ilkinji gezek beýni göçürme işini amala aşyrypdyrlar.

Russiýaly bedeni ysmaz bolan Waleri Spirinodow, 2 ýyl öň dünýäniň ilkinji beýni çalyşma operasiýasyny geçirmek üçin razylyk beripdi.

Alnan çeşme: www.yenicaggazetesi.com.tr

36
10 139
Begench Malikgulyyew
23.12.2019 23:18
Ýurdumuzyň ähli welaýatlarynda bu tapdyrýar. Hususan-da Ahalda, Balkanda beýlekilere garanyňda 2 esse köp bar.
Sorag: gürrüň näme barada gidýär?
12
5 084
Begench Malikgulyyew
23.12.2019 22:56
Has gowy bolany däl, saňa has ýakyn geleni saýla. 
Eric Fromm
29
1 922
Begench Malikgulyyew
23.12.2019 22:36
Käwagt edilýän ýalňyşlyklar peýdalydyr, ilki gynandyrar soňra has gowy netijelere barmagyňyza sebäp bolar.
47
3 580
Begench Malikgulyyew
23.12.2019 22:25

Keseliň gowusa ýok welin, oglanlar üçin beteri  "MAŞYN KESEL" bolaýmasa. bowtie 
25
7 136
Begench Malikgulyyew
22.12.2019 23:07
Bir adam gözüňde kiçelen bolsa, indi oň bilen uly işler etmegiň geregi ýok.
26
1 460