Begench Malikgulyyew
25.12.2019
Bilim.
28
4 744

Sintetik möý kerebi öndürilip başlandy.

Alymlar sintetik möý kerebini öndürmegi başardylar

Birnäçe adamlaryň hyýallaryndan biri bolam Spider-Man-yň kerep atyjysyny, hakyky durmuşda ornaşdyrmak üçin işler alnyp barylýar. Öňki edilen işler başa barmasa-da, gözlegçiler ahyry soňy bakteriýalaryň genetikasyny üýtgedip sintetik möý kerebini öndürmegi başardylar.

Inženerler, ýyllar boýy genetikasy üýtgedilen bakteriýalardan, kömeleklerden we hatda geçi süýdünden sintetik kerep ýasamaga çalyşdylar, emma bu hakykata öwrülmedi. Bu gezekki geçirilen işlerde E.coli bakteriýalarynyň genetikasy üýtgetdiler we üstünlige ýetdiler. Netijede, tebigy önüm bilen örän meňzeş bolan sintetik önüm aldylar.

Waşington uniwersitetinden sintetik biolog Fuzhong Zhang, Amerikanyň himiýa boýunça ylmy işgärleriň birleşmesiniň ýylyň jemi ýygnagynda “Indi bakteriýalary tebigat ýaly gowy zatlary öndürmek üçin ulanyp bileris” diýdi. Möý kerebi örän ýeňil ýöne pikir edilişinden has güýçli taýsyz önüm bolup durýar. Möý kereplerinden ýasalan troslar, edil şol uzynlykda ýasalan polat önümlerinden ortaça 5 esse güýçli.

Alymlar ýokary derejede berk bolan bu önümi gözläp, oýlap tapmaklarynyň sebäbi olaryň  medisina, kosmos we tekstil pudaklarynda gelejekde urga çydamly önümleri öndürmek   we haýran galdyryjy güýçli tikişleri etmek maksatlary bar. Bu täze önüme, astronotlara Mars-da gaty maddalary öndürmek üçin NASA tarapyndan maýa goýum goýulýar.

Adamlaryň bu öndürilen önümi ulanyp şäherlerde Spider-Man bolmak hyýallary biraz garaşmaly bolýar. Alymlar bu sintetik kerepden ýüplük öndürmegi maksat edinýärler.

Alnan çeşme: www.webtekno.com
halmyrat_gmail_com
2 Aprel 2022
Gülşat Ataýewa , gowmy yagdaylan

Hatyja , talypmy
Mary
14 Yanwar 2020
Ylmy taýdan edilýän açyşlaryn gerek däli bolmaz.Bu zadym üstünde nähili ösen ýurtlaryň alymlary işleýärler .gerekmejek bolsa şolaryň kellesi işlärdi we biderek wagt sarp edilmezdi .Edilýän açyşlary hormat goýmagymyz gerek.?+
Myhman Myhman
12 Yanwar 2020
Bolup biljek zatlar .Adamlar robot tehnologyasyny ýaratdylar buzatlar has hem añsatdyr.
Myhman Myhman
10 Yanwar 2020
Tasin zat eger gowy tarapdan ulanyp bilseler
Myhman Myhman
30 Dekabr 2019
tasin zatlar cykya yone hemmesi peydasyz
Myrat Saparow
28 Dekabr 2019
Hmmmmmmmmmmmm
Myhman Myhman
27 Dekabr 2019
???????????????????????????????
M.B.N
26 Dekabr 2019
Salam siziñ egniñizdäki eşikleri ulanýan zatlarñyzy hemmesine öñ siz ýalyñ biri gerek däl diýendir ýöne ine ulanyp ýörisä hemmämiz?!!!
Myhman Myhman
26 Dekabr 2019
Eee dogrymy aytsama su pikira mendede kop wagtdan bari bardy . Alymlanam bul isin ustunde islemesine gaty begendim??
Sahet
26 Dekabr 2019
gowy habar reklama ayrylsa hasam gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.