Begench Malikgulyyew
05.01.2020 22:11

Ýüregiňizde ýaşyl agaç dörediň, belki-de saýraýan guş gelip gonar.
Hytaý nakyly.
20
3 925
Begench Malikgulyyew
05.01.2020 22:08
Okuw möwsümi tamamlanandan soňra,  synagdan geçmedik talyp öýündäkilere hat ýazýar:
-Ejemjan, kakamjan gowumy  ýagdaýlaryňyz. Menem gowy. Okuwlara dyndy welin meni mugallymlar gaty gowy görýär, okuwda galmagymy islediler, men häzirlikçe bärde galjak.  laughing
36
7 317
Begench Malikgulyyew
05.01.2020 21:53
Bu gün Amanjygyň doglan güni. Ol 10 ýaşaýar. Ejesi doglan günde torduň üstüne 10 sany şemi ýakyp  goýdy. Amanjyk birbada şemleriň 4-siniň oduny öçürdi. Tortda näçe şem galdy?
11
3 818
Begench Malikgulyyew
05.01.2020 21:42

Gözlegçiler itiň ýaşyny adam ýaşyna öwürmek üçin täze formula tapdylar

Köplenç adamlar itleriň ýaşyna garşylykly gelen adam ýaşyny tapmak üçin itiň ýaşyny 7-ä köpeltýärler. Emma, Kaliforniýa uniwersitetinden toparlaýyn gözlegçilere görä bu usul takyk däl.

Cold Spring Harbor laboratoriýasy tarapyndan görkezilen täze gözegçilik işlerinde alymlar, itleriň ýaşlaryny adam ýaşy bilen deňeşdirmek üçin formula döretdiler. Adam ýaşy = 16* ln (natural logarifm) it ýaşy + 31

Bu hasaby ýerine ýetirmek üçin itiň ýaşyny kalkulýatora ýazyp “ln” düwmesine basmaly. Netijäni 16-a köpeldip onuň üstüne 31-i goşmak ýeterlik. Muňa görä 2 ýyl öň dogan it adam ýaşyna görä 42,  10 ýaşly it bolsa 67 ýaşyndaky adam bilen deň hasaplanýar.

Gözegçiler bu formulada esasan epigenetik mehanizme esaslanýar. Hem adamlar hem-de öýdeçi haýwanlar garradygyça DNK molekulalaryna, DNK-nyň özüni üýtgetmän DNK-nyň bir bölüminiň hereketlerini üýtgedýän metil topary goşulýar.

Netijede bu hereketleriň has işjeňleşmegi bilen birlikde DNK metilýasiýasiýasynyň adamlaryň ýaşyny ölçemek üçin ulanylýan bolmagydyr. Muňa epigenetik sagat diýilýär. Gözlegçiler bu hereketler bilen adamlaryň epigenetik sagady bilen itleriň epigenetik sagadyny deňeşdirmek üçin işleri alyp bardylar.

Munuň bilen birlikde gözlegde hünärmenler, itleriň 2 ýaşyna gelenlerinde (doglanyna 2 ýyl bolan) orta ýaşly hasaplanýandygyny, soňra bu ýaşdan geçenlerinde garramak başlanýandygyny aýdýarlar.Alymlaryň işde peýdalanan it sorty: Labrador Retrievers boldy. Bu it görnüşiniň saýlanylmagynyň sebäbi, ýeke-täk tohum bolmagy (arassa ganly)  we gözlegleri aňsatlaşdyrmagy.

Alnan çeşme: https://tr.euronews.com/2019/11/24/arastirma-kopek-yasini-insan-yasina-cevirmek-icin-yeni-formul-gelistirildi

15
8 673
Begench Malikgulyyew
04.01.2020 20:40
Agaç nähili beýik bolsa bolsun, ahyrynda ýapraklary ýene ýere dökülýär.
32
1 385
Begench Malikgulyyew
04.01.2020 20:27
Balykçy obaň içinde balyk satyp ýör:
- Janly balyk, janly balyk.
Daýza daşary çykyp:
- Oglum, balyklar täzemi?
- Janly balyk, janly balyk.
- Oglum, balyklar täzemi?
- Daýza janly balyk diýýän täze bolara onsoň!
- Seret menem janly, ýöne täze dälä! joy 
43
9 602
Begench Malikgulyyew
04.01.2020 20:15
Asmandan 12 sany alma gaçdy, ýöne 11-sini iýip 1-ni goýdular.
Sorag:Näme üçin 1 alma iýilmän galdy? 
14
4 687
Begench Malikgulyyew
04.01.2020 20:04
Derýada birnäçe ördek ýüzüp barýar ýöne olaryň sany belli däl. Olaryň ýüzüş yzygiderliligi şeýle: 1 ördek 2 ördekden öňde. 1 ördek 2 ördegiň arasynda, 1 ördek 2 ördekden yzda. Ýüzüşleri 3600 seredilende alyndy.
Sorag:Derýada näçe ördek ýüzüp barýar?
6
3 187
Begench Malikgulyyew
04.01.2020 19:36

NASA-nyň 7 milliard $ bolan teleskopy

NASA, kosmos giňişliginde täze ýaşap boljak planeta tapmak üçin täze teleskop ýasamaga başlaýar.

Dünýädäki bolup geçýän tebigy heläkçilikler we ilat sanynyň artmagy sebäpli, adamlaryň ýaşaýşynyň dowam etmegi üçin täze bir planeta gözleginde bolan NASA, täze teleskopyň üstünde işleýär.

Habex atly teleskop, adamlaryň ýaşap biljek ikinji dünýäsini gözlemek üçin işe girer. Beýleki planetalarda suw we kömürturşy gazy ýaly ýaşaýyş üçin gerek bolan maddalary gözlejek teleskop, ortaça 7 milliard $ baha eýe bolar.

Bu Habble-yň takmynan iki essesi  (ýatlatsak Habble dünýäniň iň uly, aýdyň şekil berýän teleskopy).

Habex, Hubble teleskopyna meňzeş kosmiki teleskop bolar. Emma täze teleskop, Hubble-yň 2.4 metr giňişligindäki aýnalarynyň ýerine 4 metr bolan äpet aýnalary ulanar. 52 metr ululykda äpet diske eýe boljak teleskop, netijede Günden gelýän ýagtylyga garşy durup has uzakdaky planetalary hem görkezip biler.

Habex-iň üç sany esasy işleri bar:

1.      Ýakyndaky ýaşap boljak planetalary ýüze çykarmak.

2.      Ýakyndaky planetalaryň ulgamyny ýadynda saklamak we bu ulgamyň içinde gabat gelýän başga planetalary kesgitlemek.

3.      Ultramelewşe spektorlarynyň esasynda kosmos giňişliginde uzak bolan ýerlere gözegçilik etmek.

Bu täze teleskopyň 2030-njy ýylda işlerine başlamasyna garaşylýar.

Alnan çeşme: https://www.internethaber.com/amp/nasanin-7-milyar-dolarlik-teleskobu-bakin-gorevi-ne-olacak-2074002h.htm


7
5 008
Begench Malikgulyyew
02.01.2020 22:34

2019 –njy ýylda Instagramda iň köp gazanç edenler belli boldy


Günümizde iň köp ulanylýan internet portallaryndan biri bolan Instagram, ýyldyzlar we köp agzalylar üçin gazanç etmegiň bir ýoly bolup durýar. Şeýlelikde, käbir agzalar bir paýlaşan surat ýa-da wideo esasynda ýüzlerçe müň dollar gazanç edýärler. Reklama meselesine gelnende Instagram iň köp geýim we kosmetika reklamalary edilýän portal.

Iň köp gazanç edenlere seredenimizde ilkinjiler hatarynda 120 million agzasy bolan Kendall Jenner bolup durýar. CalvinKlein bilen şertnama baglanyşan @Kendall-yň reklamalardan gazanjynyň 15 million dollara barabardyrdygy bellenilýär. Umuman toplanymyzda 26 sany reklama paýlaşan modeliň, her bir paýlaşan reklamasyna ortaça 580 müň dollar düşýär.

Dünýä belli aýdymçy Selena Gomez-de iň köp gazananlar arasynda ýer alýar. 2019-njy ýyl içinde 8 million dollar gazanan  aýdymçy, özüne 164 million agza toplan. Puma we Coach bilen edilen şertnamalaryň 660 müň dollar gazanandygy aýdylýar.

Uly möçberde pul gazananlaryň biri hem Kylie Jenner boldy. Ol 155 million agzany özüne çekip, model Instagramdan geçen ýyl 3.8 million dollar gazandy. Bir ýylyň dowamynda 3 gezek reklama paýlaşan model her paýlaşan maglumatyna 1 million dollar gazandy.

Futbol dünýäsinde tanalan atlardan biri  bolan Cristiano Ronaldo 2019-njy ýyl içinde 47,8 million dollar gazandy. Ol 195 million agzany özene çekmegi başaran.

Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/2019-da-instagram-da-en-cok-kazananlar-belli-oldu

15
12 464