Begench Malikgulyyew
05.01.2020
Bilim.
61
8 673

It bilen adam ýaşyny deňeşdirýän formula

Gözlegçiler itiň ýaşyny adam ýaşyna öwürmek üçin täze formula tapdylar

Köplenç adamlar itleriň ýaşyna garşylykly gelen adam ýaşyny tapmak üçin itiň ýaşyny 7-ä köpeltýärler. Emma, Kaliforniýa uniwersitetinden toparlaýyn gözlegçilere görä bu usul takyk däl.

Cold Spring Harbor laboratoriýasy tarapyndan görkezilen täze gözegçilik işlerinde alymlar, itleriň ýaşlaryny adam ýaşy bilen deňeşdirmek üçin formula döretdiler. Adam ýaşy = 16* ln (natural logarifm) it ýaşy + 31

Bu hasaby ýerine ýetirmek üçin itiň ýaşyny kalkulýatora ýazyp “ln” düwmesine basmaly. Netijäni 16-a köpeldip onuň üstüne 31-i goşmak ýeterlik. Muňa görä 2 ýyl öň dogan it adam ýaşyna görä 42,  10 ýaşly it bolsa 67 ýaşyndaky adam bilen deň hasaplanýar.

Gözegçiler bu formulada esasan epigenetik mehanizme esaslanýar. Hem adamlar hem-de öýdeçi haýwanlar garradygyça DNK molekulalaryna, DNK-nyň özüni üýtgetmän DNK-nyň bir bölüminiň hereketlerini üýtgedýän metil topary goşulýar.

Netijede bu hereketleriň has işjeňleşmegi bilen birlikde DNK metilýasiýasiýasynyň adamlaryň ýaşyny ölçemek üçin ulanylýan bolmagydyr. Muňa epigenetik sagat diýilýär. Gözlegçiler bu hereketler bilen adamlaryň epigenetik sagady bilen itleriň epigenetik sagadyny deňeşdirmek üçin işleri alyp bardylar.

Munuň bilen birlikde gözlegde hünärmenler, itleriň 2 ýaşyna gelenlerinde (doglanyna 2 ýyl bolan) orta ýaşly hasaplanýandygyny, soňra bu ýaşdan geçenlerinde garramak başlanýandygyny aýdýarlar.Alymlaryň işde peýdalanan it sorty: Labrador Retrievers boldy. Bu it görnüşiniň saýlanylmagynyň sebäbi, ýeke-täk tohum bolmagy (arassa ganly)  we gözlegleri aňsatlaşdyrmagy.

Alnan çeşme: https://tr.euronews.com/2019/11/24/arastirma-kopek-yasini-insan-yasina-cevirmek-icin-yeni-formul-gelistirildi

Myhman Myhman
12 Iýul 2022
Dogry
Myhman Myhman
27 Iýun 2022
I don't understand about this.

I don't understand about this.

I don't understand about this.
Myhman Myhman
22 Fewral 2022
Gülşat Ataýewa Gelneje dogry belledin su alymlar alym syraya

Myhman Myhman dostum ol alymlar alym syramasa adamsyramaz

Aýazbaba Waleykimessalam taze yylyn bilen

Aýazbaba denap gordim pi bilen mamamyn pisigi bardy son bilen denap gordim
Cindrella
5 Dekabr 2021
Pisiginkinem yazayyn.
Myhman Myhman
7 Yanwar 2021
Howa
Myhman Myhman
18 Sentýabr 2020
Kim ba
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Oran Gowy
Jelal 62833339
1 Fewral 2020
Salam
Myhman Myhman
29 Yanwar 2020
салам
H T A
17 Yanwar 2020
gen goryanmi myhman
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.