Begench Malikgulyyew
04.01.2020
Tehnologiýa
29
5 008

NASA-nyň 7 mlrd $ bolan teleskopy

NASA-nyň 7 milliard $ bolan teleskopy

NASA, kosmos giňişliginde täze ýaşap boljak planeta tapmak üçin täze teleskop ýasamaga başlaýar.

Dünýädäki bolup geçýän tebigy heläkçilikler we ilat sanynyň artmagy sebäpli, adamlaryň ýaşaýşynyň dowam etmegi üçin täze bir planeta gözleginde bolan NASA, täze teleskopyň üstünde işleýär.

Habex atly teleskop, adamlaryň ýaşap biljek ikinji dünýäsini gözlemek üçin işe girer. Beýleki planetalarda suw we kömürturşy gazy ýaly ýaşaýyş üçin gerek bolan maddalary gözlejek teleskop, ortaça 7 milliard $ baha eýe bolar.

Bu Habble-yň takmynan iki essesi  (ýatlatsak Habble dünýäniň iň uly, aýdyň şekil berýän teleskopy).

Habex, Hubble teleskopyna meňzeş kosmiki teleskop bolar. Emma täze teleskop, Hubble-yň 2.4 metr giňişligindäki aýnalarynyň ýerine 4 metr bolan äpet aýnalary ulanar. 52 metr ululykda äpet diske eýe boljak teleskop, netijede Günden gelýän ýagtylyga garşy durup has uzakdaky planetalary hem görkezip biler.

Habex-iň üç sany esasy işleri bar:

1.      Ýakyndaky ýaşap boljak planetalary ýüze çykarmak.

2.      Ýakyndaky planetalaryň ulgamyny ýadynda saklamak we bu ulgamyň içinde gabat gelýän başga planetalary kesgitlemek.

3.      Ultramelewşe spektorlarynyň esasynda kosmos giňişliginde uzak bolan ýerlere gözegçilik etmek.

Bu täze teleskopyň 2030-njy ýylda işlerine başlamasyna garaşylýar.

Alnan çeşme: https://www.internethaber.com/amp/nasanin-7-milyar-dolarlik-teleskobu-bakin-gorevi-ne-olacak-2074002h.htm


Myhman Myhman
18 Yanwar 2020
Kim alar muny ???
Myhman Myhman
12 Yanwar 2020
Ýalan .
Gozelina
11 Yanwar 2020
Sizin adynyz aynamy
Myhman Myhman
7 Yanwar 2020
Ahyrzaman geler yone wagty belli dal
Myhman Myhman
7 Yanwar 2020
???
Myhman Myhman
6 Yanwar 2020
Wanga kimay
gulshatayewa97
6 Yanwar 2020
da Wangaňky dogry çykanok

palçy ýalançy dpdrlerä
Myhman Myhman
6 Yanwar 2020
Garaz herkim kella gelenini yazyaray gangadabir fuflo (bagyslañ) welin palcy hudaydan one dusup yoren kafyr su

Sumada cenli aydanynyn birem dogry cykanok

Hany ahyr zamanam gelyadida onyaly musurun aydany bomay
Myhman Myhman
6 Yanwar 2020
Wanganyn aytmagyna gora 3797 yylda taze planeta acylar diyya yone ol wagta adamlar galarmyka gunun arkasynda planeta yok gun sistemasynda 8 planeta bar
Myhman Myhman
6 Yanwar 2020
Yere menzes plNeta bardyr

Ol planeta on gunun arkasynda antiyer bar diyerdiler indi bolsa sol yeri gozleman basga yere gecyarlermi

Ol teleskpy yasamAN adamyn ozi gozlande nadya barybir cykdayjy sondan kop cykmaz ahyry son taplandan son barmaly bolara
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.