Begench Malikgulyyew
20.01.2020 21:43
Adam dogan ýerinde däl, doýan ýerinde bolmagy halaýar.
39
1 085
Begench Malikgulyyew
20.01.2020 21:41
Duşmanym üçin kanun, dostlarym üçin hemme zat.
Ý. Sezar
19
1 930
Begench Malikgulyyew
20.01.2020 21:37
Bir kakanyň 3 sany ogly bolupdyr. 4 bolup kino görip oturkalar kakalary iň ula:
- Bar oglum maňa 1 bulgur suw getir.
Uly ogly ortanja:
- Bar tur kakam suw içjek diýa getirip ber.
- Ortanjy iň kiçä:
- Bar tur kakam suw içjek diýa getirip ber.
Körpe:
- Kaka bulardan saňa haýyr ýok, tur bar özüň suw getir geleňde maňada getir.
joy
55
9 285
Begench Malikgulyyew
20.01.2020 21:25

Alymlar dinozawrlaryň ýok bolmasynyň esasy sebäbini kesgitlediler

Phys.org saýtynda ýer alan habara görä, dünýäniň öňdäki uniwersitetleriniň arasynda ýerleşýän Yale uniwersitetinden paleo-klimat hünärmenleri, gadym wagt dünýäde ýaşan dinozawrlaryň gysga wagtda ýok bolmasyna esasy sebäp wulkan atylmalary däl-de, 66 million ýyl öň Dünýä bilen uly meteroid awariýasynyň  bolandygynyň netijesine bardy.

Köp alymlar dinozawrlaryň hem goşulmagy bilen görnüşleriň massalaýyn (köpçülikleýin) ýok bolmagynyň sebäbini, 66 million ýyl öň Dünýä düşen uly asteroid bolandygyna ynanýarlar. Emma, başga bir düşünjelilere görä, görnüşleriň ýok bolmasy, häzirki wagt Hindistanyň ýerlerinde ýerleşýän Duccan Traps ýerinde köp sanly wulkan atylmalaryna esaslanylýar.

Gözlegçiler, bu görnüşli atylmalarda orta çykan wulkaniki gazlaryň ýaýramasynyň takyklygyny kesgitlemäge çalyşdylar we bu maksat bilen klimatyň ýylylygynyň üýtgemegi bilen deňiz galyndylaryndan (ölen jandarlarda) ele alynan uglerod izotoplarynyň analiz maglumatlary, klimata täsir ediji modeller bilen deňeşdirildi.

Netijede, kömürturşy gazynyň uly mukdarynyň meteroid awariýasyndan has öň atmosfera zyňylandygy kesgitlendi.

Şol wagtlar yzygiderli wulkan atylmalarynyň,  howa ýylylygynyň ortaça 20 derejede ýylamagyna getirendigini anyklan hünärmenler, bu ýylylyk görnüşleriň ölmegine getirmeýändigini, käbir görnüşleriň Demirgazyk we Günorta polýuslara göçendiklerini, ýöne meteroid heläkçiliginden has öň ýaşan ýerlerine dolanyp gelendiklerini bellediler.

Bu sebäpler netijesinde dinozawrlaryň ölmeginiň ýeke sebäbi, meteroid gaçmagy bilen baglydygyny düşündiren hünärmenler, ýene-de biraz ýalňyşýan bolmaklaryny we wajyp maglumatlar bolanynda öz işlerini täzeden geçirjekdigini aýtdylar.

Mundan öň arheologlar, Mekadaky Yucatan ýarymadasynda tapylan iň gadymy meteroid bolan Chicxulub-dan alan topraklaryny analiz edip, Dünýä janlysynyň 75%-den has köpüsiniň ýok bolmagyna sebäp bolan meteroidiň gaçmasyndan soňradaky wagt barada işleri geçirdi.

Hünärmenlere görä 10 km-e golaý äpet meteroid, sekuntda 25 km tizlik bilen Dünýä atmosferasyndan geçip, dünýädäki ähli atom bombalaryň bilelikdäki atylmasyndan hem ýokary partlama sebäp boldy.

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/202001181041131880-bilim-insanlari-dinozorlarin-yok-olmasinin-asil-nedenini-acikladi/

15
9 674
Begench Malikgulyyew
20.01.2020 20:36
Siziň eliňizde 10 we 6 litr ölçeglerde bolan bankalar bar. Size bolsa 8 litr suw gerek. Eliňizdäki 2 bankanyň üsti bilen nädip 8 litr suw alyp bolar.
10
3 755
Begench Malikgulyyew
19.01.2020 22:37
Adamyň bilmeýän zady üçin,  bilemok diýmegi-de bir ylymdyr.
Abdullah bin Mesud
29
1 746
Begench Malikgulyyew
19.01.2020 22:35
Bilim, atom bombasyny öndürdi ýöne asyl erbetlik adamlaryň beýinlerinde we ýüreklerindedir.
Albert Eýnşteýin.
23
2 388
Begench Malikgulyyew
19.01.2020 22:29
Alymlar Amazonka-da ýaşaýan indeýlere sowat bermek üçin so ýere gidipdirler. Iň bolmanda goşmak aýyrmagy öwredeli diýip sapaga başlaýarlar.
- Ine serediň, 2 alma 2 alma goşsak bizde näçe alma bolýar?
Indeýlerden biri turup:
- Sary almamy, gyzyl alma?
24
5 922
Begench Malikgulyyew
19.01.2020 22:25
2 sany dost kafe gidýär. 2-si hem kola içmek isläp, 2 bulgur kola zakaz edýärler. 1-i çalt içýär, beýlekisi gaty haýal içýär. Çalt içýän, haýal içýän 1 bulgury gutarynça, 4 bulgur kola içip gutarýar. Kafeden gaýdansoňlar haýal içýän zäherlenip ölýär. Näme üçin çalt içýän ölmeýär. Bellik: kolalaryň ikisi hem zäherli edip berilýär.
8
3 962
Begench Malikgulyyew
19.01.2020 22:15

ABŞ-ly alymlar, Afrika penjeli gurbagalardan alan öýjükleri bilen dünýäde täzeligi durmuşa geçirdi we doly ýagdaýda janly öýjüklerden ybarat bolan robot ýasadylar.


Massachusetts Tufts uniwersitetinde alymlar, öz-özi hereket edýän, bir millimetrden kiçi robotlary ýasadylar.

Ýaralaryny öz-özlerine bejerip bilýän we bir hepde 10 gün arasynda, janly organizmler ýaly ölen “Xenobot” atly robotlaryň, dykylan damarlaryň açylmagy, okeanlardaky mikroplastiklerden azat bolmak ýa-da zäherli maddalary tapyp ýok etmek ýaly ýerlerde ulanyljakdygy aýdylýar.

Iňlis Guardian gazedine görä, Massachusetts Tufts uniwersitetiniň Allen açyk merkeziniň direktory Michael Levin, Afrika penjeli gurbaga Xenopus leavis-den ylhamlanyp Xenobot adyny beren robotlary üçin “Bular täze janly enjamlar. Olar ne ýönekeý robot ne-de bilnen haýwan. Bu adamyň täze bir ýasan formasy: ýaşaýan, programmirlenýän organizm “ diýdi.

 Levin we toparyndaky gözlegçiler, Xenobot-larda metal we plastik ýerine biologiki dokumalar ulanylandygyny,  başga tarapdan ekologiýa zyýan bermejekdigini aýdýarlar.

BBC-niň habar berşine görä, gözlegçileriň netijeleri bilim žurnaly bolan Proceedings of the National Academy of Sciences-da gözkezilen alymlar, robotlaryny “ewolýusion algoritm” bilen döretdi.

Programma, 500-1000 arasynda deri we ýürek öýjüklerinden habarsyz (atanlykda) 3D konfigurasiýa ýasaldy. Her bir iş test edildi. Ýürek öýjükleri urmaga başlanynda robotlaryň nähili ýol alandygy ölçeldi. Gowy netije beren öýjüklere goşmaça iş döredildi. 

Ýürek öýjükleriniň öz-özünden ýygrylyp-ýazylýanlygy üçin kiçi bir motor ýaly işlän ýagdaýynda robotlary itýär. Robotlaryň ömri 1 hepde 10 gün arasynda üýtgeýär.

Işleýän wagty gurbaga öýjükleri, janly galmagy üçin suw gabyna salyndy.  Edilen işler pinsetde we gyzgyn enjamlarda ýerine ýetirildi. 

Michael Levin ýasan Xenobot-lary üçin “bular örän kiçi, maksadymyz has ulularyny ýasamak” diýip belledi. 

Bu robotlara damarlar, nerw ulgamy we akyl ýetiriş öýjükleri bilen görme mümkinçiligini gazandyryp biljekdigini aýdýan Levin, süýdemdirijilerden alynjak öýjükler bilen ýerde ýaşaýan robotlary hem  ýasamagyň mümkindigini aýdýar.

Vermont uniwersitetinden doktor öwrenijisi Sam Kriegman robotlaryň wideosyny göreninden soň, “Wideony göreniňden soňra bu zatlaryň dünýäni ele geçirmesinden gorkmazlyk kyn” diýip gürledi.

Gözleg topary hem Xenobot-lary “janly” ýagdaýyny kesgitläp, robotlaryň özbaşdak ewolýusiýa geçirmedigini belläp, dünýä haýbat (şantaž) etmeýändigini belleýärler.

Emma käbir hünärmenler robotlaryň geljekde dünýä haýbat atjakdygyna ynanýarlar. Utan uniwersitetinden Biomedik inžener Tare Deans, “Täze bir ýaşaýyş formasy döredilýärkä onuň nämä öwrüljegini gowy hasaplamalysyňyz” diýip aýtdy.

Deans ýaly alymlar, Xenobot-laryň häzirki wagt peýdasyz bolsa-da, geljekde nerw ulgamynyň öýjüklerini birleşdirmekde, akyl ýetirmekde ýa-da biologik ýaraglary öndürmekdek-de ulanylmagynyň mümkindigini belleýärler.

12
4 904