Begench Malikgulyyew
20.01.2020
Bilim.
60
9 674

Dinozawrlar näme üçin ýok boldy?

Alymlar dinozawrlaryň ýok bolmasynyň esasy sebäbini kesgitlediler

Phys.org saýtynda ýer alan habara görä, dünýäniň öňdäki uniwersitetleriniň arasynda ýerleşýän Yale uniwersitetinden paleo-klimat hünärmenleri, gadym wagt dünýäde ýaşan dinozawrlaryň gysga wagtda ýok bolmasyna esasy sebäp wulkan atylmalary däl-de, 66 million ýyl öň Dünýä bilen uly meteroid awariýasynyň  bolandygynyň netijesine bardy.

Köp alymlar dinozawrlaryň hem goşulmagy bilen görnüşleriň massalaýyn (köpçülikleýin) ýok bolmagynyň sebäbini, 66 million ýyl öň Dünýä düşen uly asteroid bolandygyna ynanýarlar. Emma, başga bir düşünjelilere görä, görnüşleriň ýok bolmasy, häzirki wagt Hindistanyň ýerlerinde ýerleşýän Duccan Traps ýerinde köp sanly wulkan atylmalaryna esaslanylýar.

Gözlegçiler, bu görnüşli atylmalarda orta çykan wulkaniki gazlaryň ýaýramasynyň takyklygyny kesgitlemäge çalyşdylar we bu maksat bilen klimatyň ýylylygynyň üýtgemegi bilen deňiz galyndylaryndan (ölen jandarlarda) ele alynan uglerod izotoplarynyň analiz maglumatlary, klimata täsir ediji modeller bilen deňeşdirildi.

Netijede, kömürturşy gazynyň uly mukdarynyň meteroid awariýasyndan has öň atmosfera zyňylandygy kesgitlendi.

Şol wagtlar yzygiderli wulkan atylmalarynyň,  howa ýylylygynyň ortaça 20 derejede ýylamagyna getirendigini anyklan hünärmenler, bu ýylylyk görnüşleriň ölmegine getirmeýändigini, käbir görnüşleriň Demirgazyk we Günorta polýuslara göçendiklerini, ýöne meteroid heläkçiliginden has öň ýaşan ýerlerine dolanyp gelendiklerini bellediler.

Bu sebäpler netijesinde dinozawrlaryň ölmeginiň ýeke sebäbi, meteroid gaçmagy bilen baglydygyny düşündiren hünärmenler, ýene-de biraz ýalňyşýan bolmaklaryny we wajyp maglumatlar bolanynda öz işlerini täzeden geçirjekdigini aýtdylar.

Mundan öň arheologlar, Mekadaky Yucatan ýarymadasynda tapylan iň gadymy meteroid bolan Chicxulub-dan alan topraklaryny analiz edip, Dünýä janlysynyň 75%-den has köpüsiniň ýok bolmagyna sebäp bolan meteroidiň gaçmasyndan soňradaky wagt barada işleri geçirdi.

Hünärmenlere görä 10 km-e golaý äpet meteroid, sekuntda 25 km tizlik bilen Dünýä atmosferasyndan geçip, dünýädäki ähli atom bombalaryň bilelikdäki atylmasyndan hem ýokary partlama sebäp boldy.

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/202001181041131880-bilim-insanlari-dinozorlarin-yok-olmasinin-asil-nedenini-acikladi/

kulyyeva
1 May 2023
Gyzykly eken
Gulperi
4 Awgust 2022
Dunyan gurlusy seyle.dinozawrlar yok bolmaly adam doremeli.
Myhman Myhman
28 May 2022
Goqmy
Myhman Myhman
10 Aprel 2022
hazir dinazawr bolan bolsa gowy bolardy
Myhman Myhman
24 Fewral 2022
Dinozaworlar dowrunde adamlar yasadymyka
Myhman Myhman
29 Yanwar 2022
Dinozawrlar agaclaryn yapraklary bn azyklanypdyr gaytama nabelli yyrtyjy haywanlar olary awlapdyrlar diylen maglumatlaram bar
BaharOratjanowa
28 Yanwar 2022
Bu zatlary anyk bilyan yok. Allajanyn ozi gorasyn
Bartra
9 Noýabr 2021
Salam
Myhman Myhman
12 Mart 2021
Kim bilsin gorip gelena yok şony yöne Köytendagda ayak yzkaraha bar şolañ fakt bu
Myhman Myhman
26 Yanwar 2021
Dinozawryn barlygy barada da doly faktor yok dine gipotez
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.