Begench Malikgulyyew
19.01.2020
Bilim.
24
4 904

Gurbagadan janly robot ýasaldy

ABŞ-ly alymlar, Afrika penjeli gurbagalardan alan öýjükleri bilen dünýäde täzeligi durmuşa geçirdi we doly ýagdaýda janly öýjüklerden ybarat bolan robot ýasadylar.


Massachusetts Tufts uniwersitetinde alymlar, öz-özi hereket edýän, bir millimetrden kiçi robotlary ýasadylar.

Ýaralaryny öz-özlerine bejerip bilýän we bir hepde 10 gün arasynda, janly organizmler ýaly ölen “Xenobot” atly robotlaryň, dykylan damarlaryň açylmagy, okeanlardaky mikroplastiklerden azat bolmak ýa-da zäherli maddalary tapyp ýok etmek ýaly ýerlerde ulanyljakdygy aýdylýar.

Iňlis Guardian gazedine görä, Massachusetts Tufts uniwersitetiniň Allen açyk merkeziniň direktory Michael Levin, Afrika penjeli gurbaga Xenopus leavis-den ylhamlanyp Xenobot adyny beren robotlary üçin “Bular täze janly enjamlar. Olar ne ýönekeý robot ne-de bilnen haýwan. Bu adamyň täze bir ýasan formasy: ýaşaýan, programmirlenýän organizm “ diýdi.

 Levin we toparyndaky gözlegçiler, Xenobot-larda metal we plastik ýerine biologiki dokumalar ulanylandygyny,  başga tarapdan ekologiýa zyýan bermejekdigini aýdýarlar.

BBC-niň habar berşine görä, gözlegçileriň netijeleri bilim žurnaly bolan Proceedings of the National Academy of Sciences-da gözkezilen alymlar, robotlaryny “ewolýusion algoritm” bilen döretdi.

Programma, 500-1000 arasynda deri we ýürek öýjüklerinden habarsyz (atanlykda) 3D konfigurasiýa ýasaldy. Her bir iş test edildi. Ýürek öýjükleri urmaga başlanynda robotlaryň nähili ýol alandygy ölçeldi. Gowy netije beren öýjüklere goşmaça iş döredildi. 

Ýürek öýjükleriniň öz-özünden ýygrylyp-ýazylýanlygy üçin kiçi bir motor ýaly işlän ýagdaýynda robotlary itýär. Robotlaryň ömri 1 hepde 10 gün arasynda üýtgeýär.

Işleýän wagty gurbaga öýjükleri, janly galmagy üçin suw gabyna salyndy.  Edilen işler pinsetde we gyzgyn enjamlarda ýerine ýetirildi. 

Michael Levin ýasan Xenobot-lary üçin “bular örän kiçi, maksadymyz has ulularyny ýasamak” diýip belledi. 

Bu robotlara damarlar, nerw ulgamy we akyl ýetiriş öýjükleri bilen görme mümkinçiligini gazandyryp biljekdigini aýdýan Levin, süýdemdirijilerden alynjak öýjükler bilen ýerde ýaşaýan robotlary hem  ýasamagyň mümkindigini aýdýar.

Vermont uniwersitetinden doktor öwrenijisi Sam Kriegman robotlaryň wideosyny göreninden soň, “Wideony göreniňden soňra bu zatlaryň dünýäni ele geçirmesinden gorkmazlyk kyn” diýip gürledi.

Gözleg topary hem Xenobot-lary “janly” ýagdaýyny kesgitläp, robotlaryň özbaşdak ewolýusiýa geçirmedigini belläp, dünýä haýbat (şantaž) etmeýändigini belleýärler.

Emma käbir hünärmenler robotlaryň geljekde dünýä haýbat atjakdygyna ynanýarlar. Utan uniwersitetinden Biomedik inžener Tare Deans, “Täze bir ýaşaýyş formasy döredilýärkä onuň nämä öwrüljegini gowy hasaplamalysyňyz” diýip aýtdy.

Deans ýaly alymlar, Xenobot-laryň häzirki wagt peýdasyz bolsa-da, geljekde nerw ulgamynyň öýjüklerini birleşdirmekde, akyl ýetirmekde ýa-da biologik ýaraglary öndürmekdek-de ulanylmagynyň mümkindigini belleýärler.

Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Begenç Malikgulyýew , dos postdaky surat açanoklaý
Myhman Myhman
5 Mart 2022
Ayjemal gowmy doslasaly
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Oran gen gormamaly
Myhman Myhman
30 Yanwar 2020
gaty gowy
Yklym
21 Yanwar 2020
Wanga aýdypdyra haýwanlar ýarym adam bolar diýip. Şonuñ başlangyjy bolaýmasa.
Myhman Myhman
21 Yanwar 2020
hay bizi sokyalarow yone kellelerinde pikir badyr?? ondan ulyrak zady yasap basaranoklar
Myhman Myhman
20 Yanwar 2020
????
Myhman Myhman
20 Yanwar 2020
Goz onume gelya hem masyn hem robata owurlip dur multikdaky yaly??
Myhman Myhman
20 Yanwar 2020
ჩαιrαη gαλαιмaλყ малатсы?
Myhman Myhman
20 Yanwar 2020
maladesaý

Adamlar oturanogaý
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.