Begench Malikgulyyew
27.01.2020 21:59
Owadan görünen hemme kişi  bir gün garrar. Emma gowy adamlar garranlarynda hem gowy adam bolup galar.
La Edri.
29
2 127
Begench Malikgulyyew
27.01.2020 21:46
Käbir aýda 30 gün, käbirlerinde bolsa 31 gün bar. Näçe aýda 28 gün bar?
11
3 544
Begench Malikgulyyew
27.01.2020 21:32

Lenovo 7000 mAh batereýa eýe bolan täze planşedini tanatdy

Hytaýly tehnologiki enjamlary öndüriji kompaniýalardan biri bolan Lenovo 7000 mAh-lyk uly hasaplap boljak batareýasy bilen ünsi özüne çeken täze planşedi M10 FHD REL-i tanatdy. Orta synp kategoriýasyna giren bu planşet, tiz zarýad almagy kabul etmeýänligi üçin içgysdyrjak ýaly görünýär. 

Dünýäniň öňde gelýän tehnologiýa firmalaryndan biri bolan Lenovo, Android ulgamly planşedi M10 FHD REL-i tanatdy. Orta derejede hasaplap boljak planşet, günümiziň tehnologiýalarynyň tersine 10.1 inç ululykly ekrany hem-de galyň korpusy bilen ünsi çekýär. Planşediň, bu galyň korpuslary öňki planşetleri ýatlatýar.

Planşediň aýratynlyklaryny gysgaça aýdyp geçsek M10 FHD REL, ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly 10.1 inç ululykly IPS LCD öň paneline eýe. Bu ekranda Full HD gözkezijilige eýe  bolan planşet, öň tarapda 5 MP-lik selfie kamaresy bilen arkada bolsa, 8 MP-lik kamera saklaýar. 

Güýjüni Snapdragon 450 prosessoryndan alan M10 FHD REL, bu prosessory 3 GB RAM bilen ýöretýär. Muňa goşmaça bolup, mikroSD bilen ulaldyp bolýan 32 GB-lyk ýat, 

Enjamyň iň esasy ýerine gelenimizde Lenovo, bu planşedinde 7000 mAh batereýa oturdypdyr. Ýöne, bu batareýanyň  tiz zarýad almaýandygyny belläp geçeli. Bu ýerde batareýanyň ululygyna görä seretsek, batareýanyň zarýad alma wagty örän uzak bolup biler. Planşediň üns çeken başga aýratynlygy 2 antenaly Wi-Fi, 3,5 mm bolan giriş ululyk (gulaklyk dakmak üçin) we FM Radio ýer alýar.

SIM kart dakyp bolmaýan Lenovo M10 FHD REL, heniz satuwa çykmady. Häzirki wagt planşediň global bazara çykjagy, çykan ýagdaýynda haçan çykjagy barada habar berilmeýär. Planşediň bahasy 196 $ möçbere eýedigini belläp geçýärler.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/lenovo-7000-mah-bataryali-tablet-tanitti-h84461.html


6
3 524
Begench Malikgulyyew
25.01.2020 21:46
Adamlary iň ýadatýan edýän işleri däl-de, etjek bolýan işleri.
31
1 356
Begench Malikgulyyew
25.01.2020 21:44
Eger-de sen ylma hyzmat edýän bolsaň hiç wagt edýän işiňden utanma we ökünme. Maňa ynanyp bilersiň, wagt geler galan adamlar hökman saňa hyzmat eder.
Al-Faraby - orta asyr Günorta filosofy
18
3 120
Begench Malikgulyyew
25.01.2020 21:33
Mugallym okuwçylardan soraýar:
- Gaýratlylyk näme bolýar?
Yzdaky oturanlardan biri gygyryp:
- Bilmeýän zadyňada bilýän diýip eliňi galdyrmak.
  bowtie
32
8 359
Begench Malikgulyyew
25.01.2020 21:26
5 sany oglan ylgamakda ýaryşdy. Aman ýaryşy Esenden öň tamamlaýar, emma Şamyratdan geçmeýär. Erkin bolsa Bagtyýardan öň gelýär ýöne Esenden geçmeýär. Ýaryşy oglanlar näçinji ýerler bilen tamamlady?

6
3 306
Begench Malikgulyyew
25.01.2020 21:06
- Äkit meni giden ýeriňe?
- Okuwa barýan.
- Bagyşla, saňa diýjek bolmadym. stuck_out_tongue_winking_eye
28
6 469
Begench Malikgulyyew
25.01.2020 20:52

Alymlar stresiň saçlary näme sebäpden agartýandygyny kesgitledi

Stresiň saçlary agartýandygyny barada düşünje her kime belli. Emma stresiň näme sebäpden saçlary agartýany, derrew jogap tapjak soraglarymyzdan däl. Garward uniwersitetinden alymlar, stresiň saçlary nädip agartýandygyny kesgitlediler.

Alymlar, uzak wagt bäri saçlaryň agarmasynyň tebigy garrama wagtynyň, käbir pigmentleriň, follikullaryň ( limfatik çatrygynyň dilimi) bozulmalarynyň we stresiň netijesinde bolýandygyny bilýärler.

Emma häzirki wagta çenli stresin saçlary nähili agartýandygy barada soraga jogap tapmandylar. Mundan öň stresiň, garrama wagtyny çaltlandyrýandygy üçin saçlary agartýandygy pikir edilýärdi. Ýöne, edilen täze bir gözleglerde, ýagdaýyň beýle däldigi anyklanyldy. 

Garward uniwersitetinden alymlaryň eden täze işleri, söweş we uçuş gorkusyna esaslanýan stresiň saçlary agartmasynyň arkasyndaky sebäplerden bolandygyny tassykladylar. Ýönekeý şekilde aýdanymyzda: köp gorksak, öýjüklerimiz çäkli bolan saç boýaglarymyzy ulanýar.

Garward uniwersitetinden gözlegçiler, mesele bilen baglanyşykly görkezen makalasynda: “ Eden işlerimiz stresiň somatiki işjeň nerw ulgamynyň tiz we galyjy ýitgisine sebäp bolup biljegini görkezmekden ybarat ” diýdiler.

Gözlegçiler, stresiň nähili ýagdaýda saçlary agartýandygyny kesgitlemek üçin işlerini syçanlarda tejribe etdiler. Olar syçanlary 3 dürli stres faktory bilen gabatlaşdyrdylar: fiziki çäklilik, fiziki agyry we psihologiki dert. Syçanlaryň tüýleri, bu 3 stres faktory garşysynda agardy.

Işleri amala aşyrýan alymlar syçanlaryň tüýleriniň agarandyklaryny görenlerinden soňra, bu agarmanyň hakykatda nämäniň sebäp bolýandygyny tapmak üçin ýene-de bir iş geçirdiler. Gözlegçileriň agarmaga garşysynda ilkinji şübheleri böwrek üsti mäzleri boldy. Böwrek üsti mäzleri alnan syçanlar, täzeden stres faktorlary bilen garşylaşdyryldy. Munuň netijesinde hem ýene-de syçanlaryň tüýleri agardy. 

Soňra syçalaryň garmonlarynyň işleýişi duruzyldy. Netijeden soň gözlegçiler, simpatik nerw ulgamynyň ak tüýlere niýetlenen kök öýjüklere ýokary derejede garşylyk berýändigini anykladylar. Bu nerw ulgamynyň täsiriniň ýatyrylmagyndan soň syçanlarda tüý agarmasy durdy.

Alymlar, saçlarda ýa-da tüýlerde görülen agarmanyň ewolýusion üstünlik gazandyrandygyny çaklaýarlar. Ak saçy ýa-da tüýleri, köpçülikde garrama wagtynyň getirýänligi üçin ak saçlary ýa-da tüýleri tapylan janlylar tejribe we baştutanlyk meselelerde görnüşleriň beýleki agzalaryna ynam berýär. 

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/bilim-insanlari-stresin-saclari-neden-beyazlattigini-acikladi-h84232.html

https://thenextweb.com/science/2020/01/23/scientists-figured-out-why-stress-turns-your-hair-gray/

22
10 419
Begench Malikgulyyew
24.01.2020 21:14
Aman 11-e 2 goşup 1 aldy. Bu nähili ýagdaýda hasaplandy?
11
3 474