Begench Malikgulyyew
25.01.2020
Bilim.
37
10 419

Saçlaryň agarmagynyň sebäbi kesgitlenildi

Alymlar stresiň saçlary näme sebäpden agartýandygyny kesgitledi

Stresiň saçlary agartýandygyny barada düşünje her kime belli. Emma stresiň näme sebäpden saçlary agartýany, derrew jogap tapjak soraglarymyzdan däl. Garward uniwersitetinden alymlar, stresiň saçlary nädip agartýandygyny kesgitlediler.

Alymlar, uzak wagt bäri saçlaryň agarmasynyň tebigy garrama wagtynyň, käbir pigmentleriň, follikullaryň ( limfatik çatrygynyň dilimi) bozulmalarynyň we stresiň netijesinde bolýandygyny bilýärler.

Emma häzirki wagta çenli stresin saçlary nähili agartýandygy barada soraga jogap tapmandylar. Mundan öň stresiň, garrama wagtyny çaltlandyrýandygy üçin saçlary agartýandygy pikir edilýärdi. Ýöne, edilen täze bir gözleglerde, ýagdaýyň beýle däldigi anyklanyldy. 

Garward uniwersitetinden alymlaryň eden täze işleri, söweş we uçuş gorkusyna esaslanýan stresiň saçlary agartmasynyň arkasyndaky sebäplerden bolandygyny tassykladylar. Ýönekeý şekilde aýdanymyzda: köp gorksak, öýjüklerimiz çäkli bolan saç boýaglarymyzy ulanýar.

Garward uniwersitetinden gözlegçiler, mesele bilen baglanyşykly görkezen makalasynda: “ Eden işlerimiz stresiň somatiki işjeň nerw ulgamynyň tiz we galyjy ýitgisine sebäp bolup biljegini görkezmekden ybarat ” diýdiler.

Gözlegçiler, stresiň nähili ýagdaýda saçlary agartýandygyny kesgitlemek üçin işlerini syçanlarda tejribe etdiler. Olar syçanlary 3 dürli stres faktory bilen gabatlaşdyrdylar: fiziki çäklilik, fiziki agyry we psihologiki dert. Syçanlaryň tüýleri, bu 3 stres faktory garşysynda agardy.

Işleri amala aşyrýan alymlar syçanlaryň tüýleriniň agarandyklaryny görenlerinden soňra, bu agarmanyň hakykatda nämäniň sebäp bolýandygyny tapmak üçin ýene-de bir iş geçirdiler. Gözlegçileriň agarmaga garşysynda ilkinji şübheleri böwrek üsti mäzleri boldy. Böwrek üsti mäzleri alnan syçanlar, täzeden stres faktorlary bilen garşylaşdyryldy. Munuň netijesinde hem ýene-de syçanlaryň tüýleri agardy. 

Soňra syçalaryň garmonlarynyň işleýişi duruzyldy. Netijeden soň gözlegçiler, simpatik nerw ulgamynyň ak tüýlere niýetlenen kök öýjüklere ýokary derejede garşylyk berýändigini anykladylar. Bu nerw ulgamynyň täsiriniň ýatyrylmagyndan soň syçanlarda tüý agarmasy durdy.

Alymlar, saçlarda ýa-da tüýlerde görülen agarmanyň ewolýusion üstünlik gazandyrandygyny çaklaýarlar. Ak saçy ýa-da tüýleri, köpçülikde garrama wagtynyň getirýänligi üçin ak saçlary ýa-da tüýleri tapylan janlylar tejribe we baştutanlyk meselelerde görnüşleriň beýleki agzalaryna ynam berýär. 

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/bilim-insanlari-stresin-saclari-neden-beyazlattigini-acikladi-h84232.html

https://thenextweb.com/science/2020/01/23/scientists-figured-out-why-stress-turns-your-hair-gray/

Gowshut
18 Iýul 2020
Agarsa boyabermeli bashga name etjek omurlik zat yok
Myhman Myhman
6 Iýun 2020
Onson owrenip sacyny onki gara yagdayda saklap bolyamysmy ...biderek dusniksiz .zatlar ..
Myhman Myhman
23 Fewral 2020
Meselem inni saçy ak adamlar kellesi guyçli bolyamyka
Muhammetemin
17 Fewral 2020
Ак сач хеммамизде бармыка дийан йоне онун бизе зыйаны бардыр ойдемок.
Myhman Myhman
5 Fewral 2020
Baiba hemmä salam
Myhman Myhman
4 Fewral 2020
Dogry aytyamykan diyan
Myhman Myhman
3 Fewral 2020
Nm un imenno sycanlarda tejribe edip goryanligini bilyanizmi alymlaryn
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Bahh görýän welii hickimin garrap olesi gelenogay. Garradynyn sayyn garmon aylanyshyk peselyar organizmde. Soňam saçyň agrar beýleki zatlarynam gymyldysy tatar. Sheydip her zada kaýyl boluveryasow
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Bilseller Gowy dalmey
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
issizlik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.